28-29-njy sentýabr aralygynda Adam hukuklary boýunça 5-nji Samarkant forumy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen maslahata bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Forumyň esasy gün tertibiniň esasyny adam söwdasyna eltýän global görkezijiler we oňa garşy hereket etmekde halkara tejribeler, adam söwdasynyň pidalarynyň şahsyýetini anyklamakda we ýüze çykarmakda maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek meseleleri düzdi. Foruma gatnaşyjylar adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak we olara ýardam etmek boýunça tejribeler we işler boýunça döwlet institutlary, raýat jemgyýetleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara pikirleri alyşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýeti çykyş edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary, olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurduň toplan oňyn tejribeleri barada nygtap geçdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilmegi bilen, ýurtda adam hakyndaky aladanyň iň öňdäki orundadygyny, raýatlaryň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→