ABŞ-da adamlara maglumat merkezi bilen goňşuçylyk üçin 10 müň dollar teklip etdiler

ABŞ-nyň NorthPoint Development kompaniýasy Pensilwaniýa ştatynyň Hýezl-Taunşip şäherçesiniň ýaşaýjylaryny iri maglumat merkeziň gurluşygyna razy etmek üçin her birine 10 müň dollar tölemegi teklip etdi. Emma bu tölegler ýerli ýaşaýjylaryň taslama bolan garaýşyny häzirlikçe üýtgetmedi.

Bu merkezi Pokonо sebitinde, takmynan, 526 gektar...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, 1 week ago


Gyrgyzystanyň ilkinji hemrasy orbita çykaryldy

Gyrgyzystanyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy. Ony uçurmak dabarasyna respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gatnaşdy diýip, Nomad TV habar berýär.

Uçuş Kaliforniýadaky Wandenberg harby-howa bazasyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 göteriji raketasy arkaly amala aşyryldy. Emeli...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 1 week ago


«Real-yň» 50 müň sahypalyk arzasyndan soň UEFA «Barselona» garşy işi täzeden derňäp başlady

UEFA Madridiň «Real» klubunyň şikaýatyndan soň, «Barselona» garşy «Negreýra işi» boýunça derňewi gaýtadan başlatdy. Madrid kluby bu işe degişli, takmynan, 50 müň sahypalyk resminamany Ýewropa futbol birleşigine (UEFA) gowşurdy diýip, As neşiri habar berýär.

2001–2018-nji ýyllar aralygynda «Barselona» Ispaniýanyň Patyşalyk futbol fede...

Dowamy »

44 0
Sport, 1 week ago


Daewoo E&C Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde täze kanal gurmagy meýilleşdirýär

Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy TIF-2026 maýa goýum forumynda Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany hödürledi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Min Man Çžun forumda eden çykyşynda taslamanyň çäklerinde Ahal we Balkan welaýatlaryny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin täze, döwrebaplaşdyrylan kanaly gur...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, 1 week ago


Toyota Lexus-dan hem ýokary derejeli Century markasyny dünýä bazaryna çykarar

Toyota kompaniýasy kaşaň awtoulaglary bilen tanalýan Century markasynyň Ýaponiýanyň çäginden daşary bazarlarda hem satuwyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu markanyň awtoulaglary, esasan, Ýaponiýada, şeýle-de az mukdarda Hytaýda satylýar. Bu barada Japan Times neşiri habar berýär.

Bu kysymly krossoweriň Detroýtda görkezil...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, 1 week ago


«Arkadag» Türkmenistanyň çempionatynda yzly-yzyna dördünji gezek çempion boldy

«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynda möhletinden öň ýeňiji boldy. Adybir şähere degişli topar yzly-yzyna dördünji gezek çempionlygy gazandy diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berýär.

Çempionlygyň ykbalyny soňa goýlan iki duşuşyk kesgitledi. 28-nji sentýabrda 23-nji tapgyryň oýunlarynyň çäginde «Arkadag»...

Dowamy »

44 0
Sport, 1 week ago


Hytaý birbada 116 sany suwasty drony awtonom ýüzüşe goýberip, rekord goýdy

Hytaý köp sanly suwasty enjamlary bir wagtda awtonom işletmek boýunça dünýä rekordyny goýdy. 116 sany kiçeňräk dron suw howdanynda öňünden kesgitlenen ugur boýunça, adamyň gözegçiligi bolmazdan, özbaşdak ýüzüşi amala aşyrdy.

Synaga Demirgazyk-Günbatar politehniki uniwersiteti we Xi’an Tianhe Maritime Technologies tarapyndan işlenip d...

Dowamy »

45 0
Tehnologiýa, 1 week ago


TIF-2026-nyň çäginde daşary ýurtly kompaniýalar bilen birnäçe resminama gol çekildi

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2026) çäginde ýurduň döwlet düzümleriniň, hususy kärhanalarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Gazanylan ylalaşyklar:

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, 1 week ago


«Gara merjen»: Alfa Romeo şar gara 33 Stradale Perla Nera superkaryny görkezdi

Alfa Romeo kompaniýasynyň Bottegafuoriserie bölümi ady agzalmaýan kolleksiýaçynyň sargydy boýunça 33 Stradale superkarynyň ýörite görnüşini taýýarlady. Awtoulag dolulygyna şar gara reňkde bolup, italýan dilinden terjime edilende «gara merjen» diýmegi aňladýan Perla Nera adyna eýe boldy.

Bottegafuoriserie bölüminiň ýolbaşçysy Kriştian...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, 1 week ago


«Säginme — Snickers iý!..» diýleni boldy: Adidas meşhur şokolady futbol butsysyna öwürdi

Snickers we Adidas brendleri ilkinji gezek hyzmatdaşlyk edip, meşhur şokolad batonjygyndan ylham alnyp döredilen, çäkli mukdarda öndüriljek Adizero futbol butsylaryny hödürledi.

Täze model professional futbolçylar üçin niýetlenen ýeňil Adidas Adizero Electric II butsylarynyň esasynda döredildi. Aýakgabyň ýokarky bölegi şokolada meňze...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, 1 week ago


Ilon Maska ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde wezipe berildi: geljek döwrüň uruşlaryny öwrenmeli

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask, Anduril kompaniýasyny esaslandyran Palmer Lakki we ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň öňki spikeri Nýut Gingriç Pentagonyň geljekde uruş alyp barmagyň tärlerini öwrenmäge gönükdirilen täze «Meridian» taslamasynyň ýolbaşçy düzümine girer. Bu barada ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset mälim etdi.

Dowamy »

37 0
Täzelikler, 1 week ago


Samsung täze – iň inçe we iň uly ekranly planşetlerini görkezdi

Samsung kompaniýasy täze flagman planşetleri bolan Galaxy Tab S12 Ultra we Galaxy Tab S12+ modellerini hödürledi. Kompaniýa esasy ünsi uly displeýlere, ýokary öndürijilige we emeli aň funksiýalaryna gönükdirdi.

Uly model täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 1600 kd/m² çenli bolan 14,6 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany bil...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistan elektroenergiýanyň eksportyny giňelder: Hazar üsti bilen Kawkaza we Türkiýä

Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2026) energetika ministri Annageldi Saparow elektroenergetikany döwrebaplaşdyrmak we ýurduň eksport ugurlaryny giňeltmek meýilnamalary barada çykyş etdi.

Onuň aýtmagyna görä, Hazar deňziniň kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrik stansiýasy Hazar deňziniň ü...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, 1 week ago


Rumyniýanyň söweş guramasy kurýerleriň arasynda tutluşyk geçirdi

Rumyniýanyň Real Xtreme Fighting (RXF) söweş guramasy Braşow şäherinde Wolt we Uber Eats iýmit eltip berme hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kurýerleriň arasynda adaty bolmadyk tutluşyk geçirdi. Söweşijiler arkalaryna uly kurýer termotorbalaryny dakyp, oktagona çykdylar.

Guramaçylar bu tutluşyk üçin ýörite düzgünleri-de oýlap tapdylar. Dü...

Dowamy »

33 0
Täzelikler, 1 week ago


Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasy...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Gurbanguly Berdimuhamedow at çapyşygynda ýeňiş gazananyndan soň Türkmenistanyň Prezidenti we agtygy bilen surata düşdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we seýis Kerimguly Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşygy tamamlanandan soň ýadygärlik surata düşdüler. Ýaryşlar 29-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açyly...

Dowamy »

43 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Hytaýda Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygy bellendi

Gündogar-hytaý Şandun ülkesiniň Sýuýfu şäherinde beýik hytaý akyldary Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Sýuýfu tutuş dünýäde pähim-paýhas mirasy giňden öwrenilýän gadymy hytaý danasynyň dogduk şäheridir. Bu barada ýurduň «Sinhua» agentligi habar berdi.

Dowamy »

38 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat haty bilen sylaglandy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat haty bilen sylaglandy. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Hormat haty türkmen ýokary okuw mekdebine ýapon dilini öwretmegiň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin gowşuryldy.
Ýapo...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, 2 weeks ago


8 aýda 20 müňden gowrak türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 20 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilmegine görä, hasabat döwründe jemi 310,9 müň daşary ýurtly söwda we täjirçilik maksady bilen goňşy ýurda gelipdir. Şonuň 21,03 müň sanysy Türkme...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden şöhlelendirdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirildi.
Pakistanyň telewideniýesi, iňlis we urdu dillerinde gepleşik alyp barýan merkezi döwlet teleýaýlymy, ýurduň öňdebaryjy hususy teleýaýlymlarynyň biri bolan «Hum News», şeýle hem «Diplomatic Insight» neşirini öz içine alýan bir...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Pakistanyň mugallymlary türkmen talyplary üçin onlaýn okuw geçirdiler

29-njy sentýabrda Pakistanyň Häzirki zaman diller milli uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary üçin innowasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly hünär kämilleşdiriliş okuwlary geçirildi. Bu barada türkmen ýok...

Dowamy »

49 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Murat Boz 9-10-njy oktýabrda Türkmenistanda konsert berjekdigini mälim etdi

Türk aýdymçysy Murat Boz özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda güýzki konsertleriniň meýilnamasyny paýlaşdy, olaryň hataryna Türkmenistanda geçiriljek konsert hem girdi. Meýilnamada görkezilen senelere görä, Türkmenistandaky çykyşlar 9-njy we 10-njy oktýabr günlerine meýilleşdirilýär.
Murat Boz 9-10-njy oktýabrda Türkmenistanda konsert berjekd...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Russiýanyň DIM-i Lawrowyň Türkmenistanda saparda boljakdygyny habar berdi

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 7-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň (DIMG) mejlisine gatnaşar. Bu barada 30-njy sentýabrda geçirilen brifingde Russiýa Federasiýasynyň DIM-iniň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Onuň sözlerine görä, mejlis Aş...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, 2 weeks ago


«Dragon Oil» kompaniýasy «OGT 2026» forumyna brilliýant hemaýatkär hökmünde gatnaşar

«Dragon Oil» kompaniýasy 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň brilliýant hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Kompaniýa gatnaşyjylar bilen Türkmenistanda deňizdäki nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek we önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek boýunça köpýyllyk tejribes...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, 2 weeks ago


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda brifing geçirildi

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, elektron wiza ulgamynyň ornaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba alnyşyna bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Çär...

Dowamy »

43 0
Täzelikler, 2 weeks ago