Türkmenistan özbek bazaryna şokolad önümlerini eksport etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi. Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistan goňşy döwlete 715,2 tonna şokolad önümlerini eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistany şokolad önümleri bilen üpjün edýän esasy ýurtlaryň hatarynda 6-njy orny eýeledi. Bu ugurda ilkinji bäşlikde Russiýanyň (19,5 müň tonna), Ukrainanyň (2,2 müň tonna), Gazagystanyň (914 tonna), Belarus Respublikasynyň (805,2 tonna) we Litwanyň (746,2 tonna) ady bar. Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Özbegistan daşary ýurtlardan umumy bahasy 123,7 million amerikan dollarlyk 28,5 müň tonna şokolad önümlerini import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→