Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co. Ltd» atçylyk kompaniýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Liu Şutsin ahalteke bedewleriniň 600-den gowragyny idedýär. Ol bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda belledi: «Tejribeli atşynaslary bir ýere jemlän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi ahalteke atlaryny dürli tarapdan öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda örän ähmiýetli boldy. Maňa bu mejlisde «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebap Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň hem şaýady bolduk. Toplumda milli atşynaslygyň ösdürilmegi üçin dünýä derejeli şertleriň ählisiniň döredilendigi bizi örän guwandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň bu dabaralaryň çäginde maňa Dosthan diýen mele reňkli ahalteke bedewini sowgat bermegi başymy göge ýetirdi. Meniň hususy hojalygymda 1 müň 200 sany at bolup, şonuň 600-den gowragy ahalteke bedewidir. Men bu atlara aýratyn sarpa goýmak bilen, olary köp ýyllar bäri idedip gelýärin. Ahalteke atlary — gözelligiň, ýyndamlygyň we wepadarlygyň nusgasy. Hytaý halky gadymy döwürlerden bäri bu ajaýyp atlara uly sarpa goýup, olary «Behişdi bedewler» diýip atlandyrypdyr. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda kemala gelen hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň özboluşly nyşany bolup durýar».