Moldowanyň Döwlet gidrometeorologik gullugy Dnestr derýasynda suwuň akymynyň kadanyň 15 göterimine çenli peselmegi sebäpli howplulygyň iň ýokary, «gyzyl» koduny yglan etdi. Bu barada «khowar.tj» agentligi habar berdi. Edaranyň saýtynda bu duýduryşyň Naslawça obasyndan (Ukraina) Kamensk şäheri (Pridnestrowýe) aralygynda hereket edýändigi bellenýär. Howplulygyň «mämişi» kody derýanyň Dubossary şäherinden aşaklygyna akymyň ugrunda hem-de Rumyniýa bilen serhetdäki Prut derýasynda hem yglan edildi, ol ýerlerde suwuň derejesi kadanyň 30 göterimini düzýär. Bu hepdede Moldowanyň Parlamenti elektrik energiýasynyň, ýangyjyň üpjünçiligi boýunça bökdençlikler, gazyň bahasynyň artmagy we Dnestriň ýiti peselmegi bilen baglylykda energetika we gidrologiýa ulgamlarynda adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→