BMG-niň gurallary arkaly asman hemralaryna gözegçiligi ýola goýmagy teklip edýärler, bu başlangyç Kanadadaky Älem ylmy barlaglary instituty tarapyndan öňe sürüldi diýip, «news.bu» habar berdi. Hünärmenler älem zibili bilen bagly kynçylyklaryň öňüni almak üçin Ýeriň daşyndaky emeli hemralaryň sanyny çäklendirmegi teklip edýärler. Gürrüň şeýle hem eýýäm astronomçylyk synlamalary üçin päsgelçilik döredýän yşyk hapalanmasy barada barýar. Bu mesele iri kompaniýalaryň älemde iri hasaplaýyş ulgamlaryny işe goýbermegi bilen baglylykda, has ýiti häsiýete eýe boldy. Astronomlar maslahat beriş netijenama almak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara kazyýetine ýüz tutmakçy, olar munuň ady tutulan ulgamda döwletleriň hukuk borçlaryny düzmäge ýardam eder diýip, umyt edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→