Aşgabatda iki gün dowam eden pudagara amaly seminar geçirildi. Onuň çäklerinde Howa babatda maliýeleşdirmegi gözegçilik etmek üçin sanly guralyň (Digital Climate Finance Tracking Tool — DCFTT) synag görnüşiniň tanyşdyrylyşy we amaly taýdan barlanylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär. Bu innowasion platforma Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň (GCF) «Mümkinçilikleri we strategiki çarçuwalary artdyrmak arkaly howa babatda maliýeleşdirmegiň elýeterligi boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy. Taslama ýer serişdelerini rejeli dolandyrmak, oba hojalygy we tokaý hojalygy ýaly strategik ugurlara howa bilen bagly maýa goýumlaryny çekmek boýunça ýurduň institusional taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. FAO-nyň howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdiriş boýunça halkara geňeşçisi Metodiýa Dimowski seminara gatnaşyjylary DCFTT ulgamynyň gurluşy we esasy funksional mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Ol taslama tapgyrlarynyň biri-birinden anyk tapawutlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi. Seminaryň möhüm bölegi interaktiw göni simulýasiýa boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hünärmenleri ulanyjy hasaplarynyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde synagdan geçirdiler, maglumatlary girizmegiň we barlamagyň algoritmlerini işledip gördüler. Maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmek we milli edaralaryň talaplaryny nazara almak bilen, maglumatlara elýeterliligi çäklendirmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. DCFTT sanly guralynyň ornaşdyrylmagy howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýe akymlaryny yzarlamak üçin has ulgamlaýyn binýady döretmäge, gurluşly maglumatlara esaslanýan çözgütleriň kabul edilmegini goldamaga hem-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň, şol sanda Milli derejede kesgitlenen goşantda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň maliýe taraplaryny seljermäge ýardam etmelidir.