Türkmenistanda düýe süýdüni gaýtadan işlemegiň ösdürilmeginde täze ädim ädilip, innowasion önümçilik ýola goýuldy. Ahal welaýatynyň telekeçisi Polat Kanaýew ýurtda ilkinjileriň biri bolup, «Medat» brendi bilen süýdi sublimirlemek arkaly guratmak tehnologiýasyny önümçilige ornaşdyrdy. Bu barada ussatnews.com saýty «Rysgal» gazetiniň habaryna salgylanyp, habar berýär. Önümçiligiň esasy tapgyrlary şulardan ybarat: Çalt doňdurma: Täze sagylan düýe süýdi -40°C-den -80°C-e çenli temperaturada örän çalt doňdurylýar. Şonda süýdüň düzümindäki çyglyk buz kristallaryna öwrülýär. Wakuum şertlerinde sublimirleme: Ýörite wakuum kamerasynda buz suwuk ýagdaýa geçmezden göni bug görnüşine öwrülýär. Bu tehnologiýa süýdüň düzümindäki ýokumly maddalaryň, witaminleriň, gymmatly beloklaryň we minerallaryň 90–95 göterimini saklamaga mümkinçilik berýär. Düýe süýdi saglygy we immun ulgamyny berkitmek üçin gymmatly önüm hasaplanýar. Onuň düzüminde sygyr süýdündäkiden 3–5 esse köp C witamini bar. Şeýle hem ol demre, minerallara we tebigy antibakterial maddalara baýdyr. Çeşmäniň bellemegine görä, ylmy barlaglar düýe süýdünde insuline meňzeş beloklaryň bardygyny tassyklady. Bu bolsa onuň süýji keseliniň öňüni almakda we bu kesel bilen ýaşaýan adamlary goldamakda peýdaly bolup biljekdigini görkezýär.