Aýdymy ýerine ýetirýär: Türkmenistanyň at gazan artisti Pälwan Halmyradow.

Tisginip oýandym gijäň ýarynda,
Bütin iller, ümsüm, parahat ýatyr.
Meniň ýüregimiň içki töründe,
Hasyl bolman, heniz arzuwym ýatyr!

Oturdum bu gije asmany synlap,
Öwüsdi şemalam çalaja gollap.
Mümkin bilen däldirin ýar göwnün awlap,
Bu gün aýralykda söwer ýar ýatyr!

Geçjekdim duşundan, bilmedim ätläp
Ýenede oturdum durmuşum ýatlap.
Gozgaýar derdimi bagrymy otlap,
Ýumak deý çözilmän, ykbalym ýatyr!

Ýazary näbelli.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir