Nury Annagylyç

(1911-1958)

Gülzara öwürer gözel meýdany,
Akyp gelýän mele silleriň, derýa.
Bize berer her günde köp peýdany,
Murguzarly gözel kölleriň, derýa.

Ozalky dek bolmaz suwlaryň zaýa,
Irýa bolup dagap gitmez her taýa,
Öwşünlep üstüňe saljakdyr saýa —
Solmaz parlak gyzyl gülleriň, derýa.

Sagy-soluň ne enaýy bag bolar,
Arasynda ak altyndan dag bolar,
Seýranlap gezmäge ajap çag bolar,
Öňki çaňap ýatan çölleriň, derýa.

Baglaryň bezener alma, nar bilen,
Garagum nur saçar läläzar bilen,
Gol tutuşyp baranymda ýar bilen,
Mäleşer her ýanda mallaryň, derýa.

Uly goşant borsuň Türkmenistan’a,
Dürli miweleriň lezzet bir jana,
Nury diýer, baky dönüp toýhana,
Suw ornuna akar ballaryň, derýa.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir