Gudaçylyk gatnaşyklary babatda gürrüň edilende şol gudaçylyk gatnaşyklaryny açmakdan başlansa gowy bolar.

1. Ogul öýermekçi bolnanda bilip goýaýmaly ýörelgeler.

2. Ozaly bilen niýet-päliňi düzüwle. Şöhratdan peýdalanmak, ar almak kemsitmek, onuň şöhratyndan ýa-da onuň ejizlän wagtyndan peýdalanjak bolmak ýagşy däl. Eden işiň çig bolar.

3. Deňiňi tana. Öz adamkärçilik derejäňi, ykdysady ýagdaýyňy durmuş gurjaklaryň biri-birlerine mynasyplygyny nazarda tut, ýogsam ýalňyşarsyn. Millet ýa-da tire- taýpa barasynda ymykly oýlan. Ýaramaz millet, tire-taýpa ýokdur, ýaramaz adamlar welin bardyr. Aslyýetinde şu babatda iş etmäge howlukma. Il gün we ýürekdeşleriň bilen maslahatlaş.
«Halk aýtsa galp aýtmaz» diýen pähim aňyňda bolsun.

4. Al saljak bolma. Iru-giç süregiňe ýetdirersiňiz, ýüzüňe gelerler. Şonda «Soňky tüýküligiň sakgal ezmez». Köp- bilmişlik edip al salaýsaň çemçeläp ýygnanyňy çanaklap dökäýmeli bolaýmagyň ahmal.

5. Gudaňy tana. Ol kim, ygrary niçik, adam çykýan ýermi, sen onuň bilen uzagyndan gatnaşyp biljekmi, onuň maşgalasynyň ýagdaýy niçikdigini bil. Başardygyňdan öten-geçen arkasyna belet bolmaga çalyş. Döwletli ojagyňa, saçakdaky yrsgalyňa şärik bolmaly gyz barada oýlan. Onuň syna sagatlygyna, edim-gylymyna belet bol! Çünki, döwük-ýenjikden özge zatlar nesil yzarlaýandyr. Şu ýerde Pyragynyň «Bir akan ýerinden akarmyş aryk» diýen setirlerini, «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al» diýen nakyly ýadyňa sal.

6. Özüň kim? «Özüni bilen weli» diýen söz bardyr. Bu her kişä başardýan däldir. Şeýle-de bolsa adyl bolgun. Özüňe artyk baha bermegin. Çünki «Menlikde melal bar, kemlikde kemal bar» diýen söz bardyr.

7. Öýerjegiň kim? Çagasyny erbet görýän ýokdur. Garga-da öz çagasyna ap agym diýermiş. Şonuň üçin-de özüňkä özgäniň gözi bilen seredip görmäge çalyş. Goý, öýlenjekler bir-birlerine laýyk bolsunlar. Ogul seniň döwletiň başydyr, ýöne gyz hem, onuň bagrynyň başydygyny unutmagyn.

8. Gudaçylyga ugramankaň maşgalaňdaky uly-kiçi hemmesini jemläp, ähli bilýänleriňi aýdyp olaryň razylygyny al. Gudaçylyga ugramaga sähetli günüňi peýle.

2. Gyz çykarjak bolnanda, gapyňdan garyndaşlyk açmaga geleýseler.

1. Jogabyňy bermäge (juda çökder bolaýmasa) howlukma. Sebäbi
«Gyz gapysy şa gapysy, müňi geler — biri alar». «Gyzly öýe kyrk at baglanar». «Gyzy baryň, näzi bar» diýen nakyllar bardyr. Sabyrly bol. Göwrümiňi giň tut!
2. Gudaňy, giýew boljak ýigidiňi tana.
3 Özüň hem gyzyň barada olaryň bilmeýän, aýdaýmaly zatlary aýdaýsaňam bolar.

BIR TYMSAL

Goja gelenlerip habaryny diňläp, sakgalyny dyrmap oturşyna «Hä men diýsene» diýip nämedir bir zatlar ýadyna düşürjek bolýan ýaly bir nokada seredip esli oturdy. Ara düşen dymyşlygy özi bozdy. «Gyz — diýip gapy
açanyňyz-a ýagşy weli, bärik ugramankaňyz oňatja oýlanyp görensiňiz-dä beri».
— Hawa, hawa. Çary aga, biz ozal hemmesini seljerip dökdük. Sizä-hä bizi tanaýarsyňyz, bizem sizi tanaman duramzok. Aňyrsyna-bärsine gözümiz ýetip duran beletje ýerimiz diýdik.
Gowy edipsiňiz. Ýöne men size ol agtygymy gowy tanaýan däl bolaýmaň diýjek bolýan. «Bir goýundan ak hem dogar, gara hem» diýipdirler. Biz ol gyzymyzyň kime çekip, beýle bolanyny Alla bilsin. Ol birhili ýeke gepräk, ýüze gelegenräkdir, tiz basymrak, gaharjaňrakdyr. Soňky gün siziňkiler injigine agram salaýmasa biridir.
Çary aga, biz ony-da bilýäris. Bize geregi şonuň ýaly maşgala-da. «Gahary bolmadygyň gaýraty bolmaz» — diýipdirler.
Onuň ýaly bolsa bizem bir üýşüp böwrümizi diňläp, göwnümize geňeşip göreliň. Nesibäňizde bolsa garyndaşlyk açylsa-da açylaýaram — diýip goja myhmanlaryny atardy.

4. Niýet — päliň düzüw bolsun.
5. Al saljak bolmagyn.
Galyň salanda «Gyz maly gyrawça». «Gyz maly-gar suwy», «Gyz malyndan doýan ýok». «Gyz satyp baýan ýok» diýen nakyllara eýerýänden bol. Uzagyndan gatnaşmalydygyňy ýatla. Nebsiňe «haý» diý.
Sawçylaryň habaryny almazdan ozal özünkileriň razyçylygyny al.

Guda bolanyňdan soň.

Gudaň sözüni ünsli diňle.
Abraýyna şärik bol.
Süýjülikde gatnaş.
Bereniňe nebsiň agyrmasyn.
Sebäbi gelen ýeri bilen bolup ýören bir halal süýt emen maşgala bereniň azdyr. Onsoňam biziň türkmençilikde «Gitse gitsin, gitse gudama gidýär», «Guda gitse, juda gitmez» — diýen pähimler hem bardyr. Şonuň ýaly-da «Alyp asgyn bolandan, berip üstün bol» diýen ýörelgede bardyr.
Gudaňa hemaýat edýänlerden bol!
Alanyňy olja bilme! Sebäbi gudaň bereninden hudaň bereni ýagşydyr.
Derdiňi paýlaş. Ýagşy günlerinden ýagşylygyna guwan, ýaman gününde ýamanlygyna gynan. Çünki sen onuň bilen ýakyn garyndaş ahyry. Onun balasy seniň balaň, seniň balaň onuň balasy.

Ýazary näbelli.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir