Sazy: Akmuhammet Saparowyňky
Sözi: Ata Atajanowyňky

Aýdymy ýerine ýetirýän Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow

Gözeller gelýärler bu agşam çagy,
Gelýärler sonarlap al-ýaşyl bagy.
Gözeller soltany bir peri-peýker,
Men şonuň gurbany.
Wah, aldy jany.

Indi bir aglatma,
Eý peri-peýker,
Ýandym-la,
Ýetsene dadyma meniň.
Garagol oglanlar,
Gara göz gyzlar.
Diwana goýdular adyma meniň.

Men neneň bolmaýyn Mejnun-diwana,
Jadyly nazaryň jan berdi jana.
Goý, maňa gülmesin deňim-duşlarym.
Gel, alma-enarym,
Goş meni sana.

Gök diplom aldyk biz, geldik kemala,
Biz basym bolýarys ýola rowana.
Sen eger söýgime ses bermeseň, ýar,
Men baky diwana,
Baky diwana.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir