Bu gün men size Android sistemada "Kitap" ýasamagy öwretmekçi!
Munyň üçin size hiç hili kompýuter dillerini (Java, Python, C++, C# we.ş.m) bilmek gerek bolmaz. Diňeje şu temany ünsli okap düşünmek gerek.
Hany onda başlalyň munuň üçin size Android Book App Maker atly programma gerek bolar (indirmek üçin linki aşakda goýaryn).
Bu programmanyň kömegi bilen siz ýönekeý ".txt" we ".docx" formatly faýllardan iki görnüşli kitap ýasap bilersiňiz.
1. Flip Book, ýagny kitabyňyz hakyky kitapdaky ýaly gyradan tutup geçirip bolar ýaly(листование):
2. Scrool Book, ýagny aşak süýşürüp okamak effekti bilen:
Nädip ýasamaly?
1. Täze kitap ýasaň
Programany açyp ýokardaky paneldan Book/Create New Book basmaly ýa-da gysga ýol bilen Ctrl+N knopkalara basmaly. Çykan penjirede kitabyňyz barada maglumat bermeli:
2. Ikonka goýmak we kitabyň daşynyň suradyny goýmak(cover)
Ikonka - bu programany ustanowka edilenden soň menýuda çykýan znaçok.Book iсon tab-a girip üç razmerda,32x32 48x48 we 72x72 ölçeglerde ikonkalaryň düýbini Browse basyp görkeziň:
Kitap daş(cover) - bu appy açaňda kitabyň daşyny görkezýan 400x568 ölçegdäki surat. Ony goýmak üçin Book cover tab-a girip suradyň düýbini görkezmeli:
3. Display config we Content tablary
Display config - bu tapda siz Harp ululygy(Font size),Abzas arasynyň ululygyny(Line spaсe), Harp görnüşini(Font style), girizmeli. Soňra onuň aşagynda Screen stays turning on while reading (terjimesi "kitap okalyp durka ekran ýanyp durmaly"), muňa siz islegiňize görä bellik goýuň.
App-da iki sany görnüş bar, Gündiz we Gije( Day mode we Night mode). Ulanyjy muny öz islegine saýlap bilmek ukyby bolar(app-yň menýusyndan).
Siziň bu bölekde her görnüş üçin bermeli gurnamaňyz: Harp reňki(Font color) we Arka reňki(Background). Bularyň hemmesini dolduryp indiki taba geçersiňiz:
Content - bu tabda siz, siziň appyňyzdaky dokumentlary alynmnaz ýaly edip bilersiňiz we haýsy tarapdan okalmagyny görkeziň:
Bellik: Ulanyjy, ýagny siziň programyňyzy ulanýan adam bularyň hemmesini özüçe App gurnamalaryndan edip biler!
4. App-yň dili
International - bu tabda siz appyň menýusyndaky dilini giriziň ýagny öz diliňizi goşuň:
Bellik: Chapter sözüniň terjimesini göni terjimesini ýazman "Gözle" ýazsaňyz dogry bolar.
Terjimäni her gezek etmek gerek däl diňe bir gezek etmek ýeterlik.
Indi, hemme zady dogry edenlegiňizi barlap Ok düwmä basyň.
5. Kitabyň içi
Siz indi diňe kitabyň içini dolduraýmak galdy.
New from dokument - basyp siz Word dokumentinden bir baby girizip bilersiňiz. Täze dokument döredip Kitabyň içine salyp bilersiňiz(Gysga düwme - Ctrl-W):
Bölümiň adyny islegiňize görä üýtkediň we Rename knopka basyň (Chapter Name):
Text file(*.txt) - goşmak üçin gyradaky knopka basyp goşup bilersiňiz, goşup durkaňyz bölümiň adyny ýazyň we txt-iň düýbini görkeziň(Nädip txt faýl döretmelidigni görkezip durmadym, sebäbi bu elementarny zat. Iş stoluna baryp Sag knopka/Sozdat/Tekstowoý Dokument içine birzatlar ýazyp Sahranit ediň(Ctrl-S) ) :
Göni programaň içinden siz täze bölüm döredip bilersiňiz(Ctrl-T):
Siz indi kitabyň ýazgylarny goşduňyz. Indi Bölümlere surat goşmany öwreneliň. Test üçin biz soňku goşan bölümimize surat goýalyň:
6. Kompilýasiýa
Indi siziň kitabyňyz okalmaga taýýar. Siz indi diňe sertifikat goýup apk faýly döredäýmeli. Siz birinji gezek apk ýasaýanyňyz üçin size täze sertifikat döretmeli bolar. Bularyň hemmesini Build knopka basyp ediň!:
Bulary dolduryp Next basyň we Siziň Kitabyňyz taýýar bolar!!!!:
apk ny telefonyňyza geçirip test edip bilersiňiz!:
Bellikler:
Owadanrak şrift goýuň, we şriftyny iň kiçi razmerda goýuň. Sebäbi Kiçi ekranly telefonlarda uly harp bolup durar.
C:\Program Files\Android Book App Maker\Resources\FlipBook\res\drawable we C:\Program Files\Android Book App Maker\Resources\FlipBookAdMob\resdrawable adreslardaky suratlary ozunize gora uytkediň.
Appyňyzy biraz owadanlaň. Esasanam pagebg we pagebg_n suratlery özüňize göra üýtkediň bu kitabyň sahyplarynyň suratlary.
Olary üýtgetseňiz, pagebd_left,pagebd_left_n,pagebd_right we pagebd_right_n suratlary üýtkediň, olar kitabyň gatlaklarydyr. Beýlekilerem öz wkusyňyza görä üýtgediberiň.
Ýaltanmaýanyň bar bolsa şu temany gowy öwrenip (temany düşnükli ýazjaga boldum:) ) internetden türkmen kitaplaryny alyp Android üçin kitaplary çykaralyň. PlayMarkete goýalyň( munda kömek edip bilern). Soraglaryňyz bar bolsa höwes bilen jogaplaryn:)
Goşguly kitap etjek bolsaňyz her bir goşguny aýratyn bölüm ediň(5nji punktda düşündirlen)
Munyň ýaly kitaplar PlayMarketde doly. Ýöne türkmen dilinde diňe biri bar (Magtymguly diýip gözledip görüň PlayMarketda).
Menem munyň ýaly kitabyň birini test üçin 3aý mundan öň ýasap görüpdim. Görjek bolsaňyz şu ýerden alyp bilersiňiz.
Kitaby ýasamak maksimum bir sagat alýa PlayMarketde türkmen kitaplaryny dolduralyň!!! Ýaltanmaň!
Indirmek üçin linkler:
Mowzukda ýasalan app
Android App Book Maker(3.0+Cracked)
çeşme: www.ertir.com
Unoos 20, Iýul-2013ý
Gurban93 6 years ago- Suratlarny ýükläp bolmady gynansakda.