"Reňkleriň Piri" diýip tanalýan bir ökde suratkeşiň şägirdi okuwyny tamamlaýar. Uly ussa şägirdini ugradanda, çeken suratlaryny şäheriň iň bir köpüň gelýän-gitýän ýerinde ýerleşdirmesini we ýanynda-da bir gyzyl ruçka goýup, halkdan halamadyk ýerlerine x goýmalaryny haýyşt eden bir yazgy taşlamasyny isleýär. Ol şeýle hem edýär.

Okuwçy birnäçe günden suratyna seretmäne gidende, onuň x lardan dolydygyny görýär. Muňa gynanyp, halypasynyň ýanyna gidýär. Ussat suratkeş, onuň darykmamasyny we täzeden işini dowam etdirmelidigini aýdýar.

Şägirt suratyny täzeden çekip bolýar. Ussat suraty ýene şäheriñ iň hereketli meýdanynda ýerleştirmegini, ýöne bu gezek ýanyna, dürli reňkler bilen doly bolan bir guty we birnäçe çotga goýup, ýanyna hem adamlardan halamadyk ýerlerini düzeltmeklerini haýyşt eden bir ýazgy taşlamagyny isleýär. Okuwçy, halypasynyň aýdyşy ýaly edýär.

Birnäçe günden soň seretse, suratyna hiç hili el degmändir. Begenip, halypasynyň ýanyna ylgaýar. Şonda, ussat suratkeş, şägirdine şeýle diýýär: "Birinji-de adamlara pursat bereñde, nä derejede rehimsiz tankyt etjekleri bilen garşylaşyp biljegiňi gördüň. Ömründe surat çekmedik adamlaram gelip, seniň suratyňy garalady. İkinjisinde olardan dörediji bolmaklaryny islediň. Dörediji bolmak üçin türgenleşmek gerekdir. Hiç kimiň bilmedigi
bir zady düzeltmäge gaýraty çatmady. Çeken azabyň garşylygyny, näme edeniňden habary bolmaýan adamlardan alyp bilmersiň. Bek belle, zähmediňi bilmeyänlere hödürleme we asla bilmeyänler bilen çekeleşme".

"Utulaňda däl, maksadyňdan däneňde ýitirersiň!"

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir