Anyk ýadyma düşenok, ýalňyşmasam, 2006-njy ýyl bolsa gerek. “Watan” radioýaýlymynyň “Ylham” bölüminde işleýärdim. Döredijilik edaramyzda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşinde abyrsyz köp işleri bitiren halypalarymyz bardy. Olaryň iş tejribesini öwrenmekden ötri, ýatda galyjy pursatlaryň, gyzykly ýatlamalaryň şaýady bolýardyk.
Bir gezek iş otagymyzda nobatdaky gepleşigi taýynlap otyrdyk. Otagda ýaş hünärmenlerden başga-da halypalarymyz – ýazyjy Magtymguly Myşşyýew, artist Juma Ýazmyradow, diktor Baýram Geldimyradow dagy bardy. Her kim öz işi bilen gümra. Şonda Juma Ýazmyradow könäni ýatlap, gyzykly bir wakany gürrüň berdi:
– Irkiräk ýyllar, öz-ä Arap Gurban dagy bilen bile işleýän döwürlerimizdi. Elime hepdelik programmany alyp, radioda eşitdirilmeli gepleşikleriň tertibini gözden geçirip otyrdym. Seretsem, ýekşenbe güni ýaýlyma gitmeli gepleşikleriň arasynda “Arap Gurbanowyň “Toprak” atly hekaýasy” diýen ýazgy dur. Men Arap aganyň döredijiligine beletdim. Ýöne onuň “Toprak” atly hekaýasynyň bardygyny bilmeýärdim. Şonuň üçin Arap Gurbanowa ýüzlenip, “A-how, bu ýerde seň “Toprak” hekaýaň diýip dur-la. Täze hekaýamy? Haçan ýazdyň? Biz bilemzok-la ony” diýdim. Arap Gurbanow birbada näme hakda gürrüň gidýändigine düşünmedi. Gazeti eline alyp okap gördi. Meň ýüzüme soragly seredip, geňirgendi. Onsoň iki bolup, haýdan-haý edebiýat bölüminiň müdiri Magtymgulyň Myşşyň ýanyna bardyk.
 “Magtymguly, bir ýalňyşlyk gidipdir öýdýän. Ine, bu ýerde meň adymdan “Toprak” atly hekaýa diýlip ýazylypdyr, seret!” diýip, Arap Gurban gazeti uzatdy. Magtymguly Myşşyň şo arkaýynlygy, şo giňgöwrümliligi. Äwenogam. “Äý, hawa, men goýdum ony – diýip, gaýta göwni bir ýaly. – Arada plan tabşyrmaly boldy, senem ýok, onsoň seň adyňdan goýup goýberdim. Saňa aýtmagam ýatdan çykarypdyryn”.
“A-how, mende “Toprak” atly hekaýa ýog-a” diýip, Arap Gurban janykdy.
“Weý, ýok bolsa, ýazarsyň-da. Seň ýanyňda näme kynçylygy bar oň? Ýekşenbä çenli arkaýynam ýetişýäň” diýip, Magtymguly Myşşam hemişeki parahatlygy bilen jogap berdi. Arap Gurban birmeýdan böwrüne diň salyp duransoň, stoluň başyna geçdi. Şark-şark edip, maşynkanyň düwmelerini basyp ugrady.
“Toprak” hekaýasy, ana, şeýdip döredi. Ony radiooýun görnüşine geçirip, şo ýekşenbede-de ýaýlyma berdik.
Juma Ýazmyradowyň bu gürrüňinden soň men garşymdaky stolda oturan Magtymguly aga seretdim. Onuň bu waka barada nämedir bir zatlar aýdaryna garaşdym. Çakym çykmady. Halypa sesini çykarman, aýnadan daşaryny synlap, pikire çümüp otyrdy. Onuň nä pikire gümra bolanyny bilmedim. Ähtimal, geçmişde galan sahnalary göz öňüne getirendir, geçen günlerine dolanmak isländir, süýji-süýji pursatlara baý ýatlamalaryň girdabyny boýlandyr.
...Şo wagtlar halypa segsene ser urup ýördi.

Bägül Kakalyýewa.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir