Bismillähirrahmänirrahyým.

Sapar aýynyn atlarynyñ manylary:

1. Sapar aýy boş diýen manyny berýär ( ýagny araplar Gurban aýynda, Aşyr aýynda, Rejep aýynda, Remezan aýlarynda... mübärek aýlarda uruşmaklygy haram edipdirler. Ýurt daşyna çykypda söwda etmeýän ekenler. Onsoñ azyk harytdan boşalan aý diýip, jeñe giden jeñe, söwda giden söwda gidýan eken. Azyk harytdan boşan aý manysynda diyilýän eken)

2. Uruşyñ jeñiñ haramlygyndan boşady diýen manynyda berýän eken.

3. Sykylyk aýyda diýilýän eken. Bu sapar aýy gelende şeýtan öz goşunlaryny üýşürip: "Eý goşunlarym! ýygnanyñ öñki dört aýda uruş sögüş bolmandy. Indi adamlary uruşdyrmagyň wagty geldi. Gidiñ adamlary biri-biri bilen uruşdyryñ" diýip, sygyryp öz goşunyny çagyrýany üçin bu aý sykylyk aýy diýilýän eken.

4. Sapar aýy gelende adamlar keselläp, sarylama tutýan wagty eken. Adamlar keselinden ýaña saralýarlar eken. Şonuñ üçinem bu aýa sarylykly aý diýip at beripdirler.

5. Şu aýda Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem keselleýär.
Pygamberimiz Muhammet Sallallahu Aleýhi Wesellem şu Sapar aýynda soñky Hajyny etýär. Ölmezinde 81 gün öñ. Adamlara şeýle habar ýollaýar: "Men Haja gitjek. Kim meniñ bilen Haj edesi gelýän bolsa şu ýyl Haja çyksyn. Men iñ soñky Hajymy etjek". Şol Hajda Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem Arafat dagynda ak düýäniñ üstünde halka wagz edip durka ikindiden soñ şu aýat nazyl bolýar. (" el yevme ekmeltu lekum dînekum ve etmemtu aleykum ni’metî ve radîtu lekumul islâme dînâ
" (Maide.3)
" Bu gün diniñiz tamam, kämil boldy we nygmatymy size tamam etdim. Bol edip berdim. Siziñ üçin Yslamy din edip saýladym. Razy boldym şol dinden. Size gelen hökümler şu..."
Allatagala 23 ýyl aýatlary berdi. Hökümleri berdi. indi höküm gutardy. Sahabalaryñ hemmesi şu aýat gelende :"Indi buýruk gelmese hemme buýruklaram şu bolsa, onda kynçylyk ýok. Biz şu buýryklaryň hemmesini ýerine ýetirip ýetişeris." diýýär. Şonda Hz Omar (r.a) aglaýar. Çünki Hz Omar asyl mana düşünip dur. Pygamberimiz (s.a.w) : (" Mä ýubkike Ýä Omaru ")
-Eý Omar! Näme zat seni aglatdy?
-Meni agladýan şu Ýa Resulallah. Günde günaşa hökümler gelip, dinimiz ösüp durdy. Bu günki gün dinimiz ösüp kämil boldy. Dinimiz kämil bolsa ol yza gaýdar. Kemçilige ýüz urar. Şu aýat Seniñ ölümiñ golaý gelenini habar berýär Ýa Resulallah.
-Dogry aýdýaň eý Omar
Şu aýat geleninden soñ Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem dogry 81 gün ýaşaýar. 81-nji güninde wepat edýär.
Bir gün Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem ertir namazyndan soñ şeýle bir wagz etdi adamlar şol wagzyndan hemmesi gözleri ýaşdan dolup aglady. Öňki wagyz edişi ýaly däldi. Hamala bir sagbollaşýan ýaly. Hamala soňky gezek görüşýän ýaly wagyz etdi adamlaryň hemmesini ýüregi gynandy, hemmesi aglaşdylar. Şol wagt bir adam aýak üstüne galyp,( gözem ýaşdan doly bir sahaba): "Bu adam biziň bilen hoşlaşyp dur. Bu wagyz hoşlaşygyň wagzy boldy. Mundan öň mun ýaly wagyz bermändi Resulallah" soňra-da "Ýa Resulallah! bize nämäni nesihat edýäñ" diýende, Pygamberimiz (s.a.w) şonda soñky hutbasyny aýtýar:
" Birinjidenä siz takwa boluñ!

Ikinji wesýetim size bir patyşa goýulsa, şol patyşa hebeşli bir garaýagyz hem bolsa şoňa boýun boluň!

Üçinji wesýetim siz ölmän ýaşawerseñiz kän kän täze ýollar tapylar. Täze düzgünler çykar. Her kim ölmän şol zamana ýetişse, şol täze çykan ýollaryň yzyna düşüp gitmän, meniň we halifat raşidinleriň ýollaryna berk ýapyşyň. Meniň ýolumy we halifat raşidinleriň ( dört çaryýarlaryň) ýollaryny azy dişleriňiz bilen dişläň.

Sapar aýydy. Pygamberimiz (s.a.w) keselläp, gyzdyryp, kellesi agyrýa. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) Meýmuna enemiziň öýünden Hz Ali we Hz Fazl ibni Abbas diýen sahabalar goltugyna girip Hezreti Aýşe enemiziň öýüne getirýärler. Pygamberimiz (s.a.w) güýçli kellesi agyryp gyzdyrsada mesjide gelýän eken. Gapdalyndada bir jam suw goýdurýan eken. Her namazdan boşap iki egnine salam beren wagtynda şol jama elini sokup ýüzüne çyrşar eken, gyzgynyna çydap bilmän. Şol Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem şeýle doga edýärdi: "Tagat gulluk eder ýaly zat ýokdur. Bir Allah bardyr. Ölümiň ajylygy gaty kyndyr. Eý bar Hudaýa sen Muhammade ölümiň ajylygyny ýeňledewer". Pygamberimiziň şeýle azap çekýäni gören gyzy Patma (r.a) şeýle diýipdir: " Waý meniň gaýgy gamym seniň üçin bolsyn Ýa Resulallah.! Sende azap şeýle bolsa, nähili bolar? ýa Resulallah? -diýýär. Pygamberimiz (s.a.w)
-Seniň atañyñ mundan başga gamy-ezýedi bolmaz eý Patma! Diňe ölýänçä çeken azaby bolar. Ölenden soň ataňda azap bolmaz" diýýär.
Pygamberimiz Muhammet Sallallahy Aleýhi Wesellem gyzgynyna çydaman sahabalaryna buýurýar: "Gidiňde ýedi sany iň sowuk guýunyň suwundan ýedi meşik suw alyp geliň we meniň üstüme guýuň." Şonda sahabalar dört töwerege ýaýraýarlar. Her kim sowuk sowuk guýularyň suwyndan getirip ýedi meşik suwy Pygamberimiz Sallallahy Aleýhi Wesellemiň üstünden guýýarlar. Pygamberimiz birneme rahatlady emma, Pygamberimiziň gyzdyryp duran wagtynda üstünden guýlan suw ýere dökülen wagty sahabalar ýerdäki suwy elläp görseler, ýerdäki suw gyzgyndy. Şonda Pygamberimiz Sallallahy Aleýhi Wesellem kellesini ýalyk bilen berk daňyp, münbere çykyp şeýle diýýär: " Men bir adamy uran bolsam, sögen bolsam, abraýyny alan bolsam, malyny alan bolsam, gelsin ynha meniň göwräm, ynha meniň abraýym, ynha meniñ malym. Goý menden gelip aryny alsyn. Men Hudaýyň ýanyna päk bolan halymda hiç kimiň menden algysy bolmadyk ýagdaýynda sataşaýyn diýýär." Hiç kim sesini çykarmady emma bir adam : "Ýa Resulallah! Meniň sende hakym bar"
-Näme hakyň bar?
- Ýa Resulallah, ýadyna düşýän bolsa sen meni pylan ýerde bir gamçy artyk urupduň diýýär. Gapdalyndaky sahabalar şu sözi eşdende kimi aglap kimi gaharlanyp." Näme diýip otyrsyň Resulallah kösenip otyr., seniň diýýän zadyň näme? " diýýärler. Pygamberimiz "degmäň haky bar bolsa alsyn"diýip, arkasyny açdy, arkasynda bir möhür bar Pygamberimiz Sallallahy Aleýhi Wesellemi gujaklap ogşady-da. "Ýa Resulallah men seniň Pygamberlik möhürini gören, ogşan adam jennede girer. Jennet wajyp bolar şol adama diýip eşitdim. Möhürüni ogşajak bolup etdim. Bagyşla Ýa Resulallah! Soňra Pygamberimiz münberde duran ýerinde elini galdyryp doga edýär, Uhud söweshinde şehit bolan Sahabalara doga dileg edýär. Soňra-da
"Allahtagala bir bendäni dünýäde galmak bilen öz ýanyna gelmegini öz ygtyýarynda goýdy. Ol bendede Hudaýyň ýanyndaky zatlary ygtyýar etdi."diýýär. Hz Abu Bekr Syddyk (r.a) : "Enemiz-atamyz Saňa pida bolsun Ýa Resullah! Indi sen gitjekmi"diýip gaty erbet aglaýar. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) Otyr eý, Ebu Bekr durkyňy bozma!
Ebu Bekriň gapysynda başga hemme gapylary baglaň, hemme adam mesjidiň daşyndan gelsin"diýýär.
Ertesi Pygamberimiz Sallallahy Aleýhi Wesellem hoşlaşmak üçin mesjide gaýtjak bolýar. Ýöne keseli erbet agyrlaşan soň gelip bilmeýär we şeýle diýýär. Ebu Bekre aýdyň goý ol ymam bolup, adamlaryň namazyny okatsyn. Tä duşenbe günine çenli Hz Ebu Bekr ymam bolup namaz okatdyrýar. Pygamberimiz Sallallahy Aleýhi Wesellem bir güni keseli daňdanlar biraz gowlaşýar. Özüniň gulamlaryna buýruk berýär. Täret aldyryňda meni mesjide äkidin diýýär. Resul Ekrem Sallallahy Aleýhi Wesellem mesjide barýar. Hz Ebu Bekr (r.a) görýär we begenýär. Ertir namazynynam farzynyn birinji rekatyny okapdyrlar. Hz Ebu Syddyk (r.a) namaz wagty Hezret Muhammet aleýhissalama ýer berjek bolýar. Pygamberimiz eli bilen yşarat edýär. Dowam ediwer diýip özide uýýar. Ýetişmedik bir rekatynyda Pygamberimiz özi okaýar. Namazy bitiren soň sütüne ýaplanyp, adamlar bilen salamlaşmaga durýar. Pygamberimiz hoşlaşyp bolandan soň ýene goltygyna girip öýüne getirýärler. Öýüne gelseler Hezreti Ezraýyl aleýhissalama gabat gelýär. Şol wagt Ezraýyl aleýhissalam gapynyň agzynda durup görýäde."Salam saňa bolsun Eý, Pygamberiň öýi. Maňa girmäne rugsatmydyr" diýýär. Pygamberimiz aleýhissalam : " Bu jemagatlary dargadýan ajal getirýän perişde Ezraýyldyr " diýip oňa gitmäne rugsat berýär. "Hany doganym Jebraýyl nirede goýup geldiň"diýýär Pygamberimiz diýende derrew Jebraýyl aleýhissalam gelýär:
Eý, Muhammet Jennet tä seniň öz ymmatyň bilen girýänçäň, hemme ymmatlara haram edildi diýýär. Pygamberimiz köşeşýärde " Sen şu habar bilen geldiň boldy indi men rahatlandym" diýýär. ( Pygamberimiz Muhammet Mustafa Sallallahy Aleýhi Wesellem doganda-da, ölende-de , kyýamatda-da diňe ymmatym, ymmatym diýip biziň aladamyzy edýär. ) Soňra Ezraýyl aleýhissalama " Senem indi işiňi ediwer, maňa golaýlaşaý " diýýär. Şonda Jebraýyl aleýhissalam Pygamberimiziň ýanynda duranam bolsa ýüzüni sowýar. Pygamberimiz " Eý, Jebraýyl näme üçin aňryňa bakýaň? Sen näme menden ýüzüňi sowýaň diýýär. Jebraýyl aleýhissalam " Sen ajalyň ejirini çekip durkaň, kim saňa seredip biler? Nädip oňa çydap boljak Ýa Resullah.?" diýýär. Pygamberimiziň (Sallallahy Aleýhi Wesellemiň) şol taýda jany alynýar. Ruhy Allanyň gatyna gidýär. Hezreti Aýşe enemiz "Ezraýyl aleýhissalam Muhammet aleýhissalamyň janyny alanda onuň ruhy çykanda, onuň ruhundan töwerege bir ýakymly ys ýaýrady. Şol wagt bir garaňkylyk geldi" diýýär. Pygamberimiziň dünýeden gaýtdy habaryny sahabalar eşidýär. Kimsi ysgynsyz bolýar, kimsi lal bolýar, kimi gözi tutulýa aglap, kimsi dälireýä. Hz Osman (r.a) şol dili tutulanlaryň biridi diýýär. Hz Omar (r.a) däliränleriň biridi. Hz Ali Kerremallahu wejh Pygamberimiziň dünýeden gaýtdy habaryny eşidip ysgynsyz bolanlaryň biridi diýýär. Hatda Hz Omar sheyle diyip gygyryan eken " Kim Muhammet aleýhissalam öldi diýse boýnuny şu gylyç bilen keserin " diýýär. Diňe Hz Ebu Bekr Syddyk r.a arkaýyn bolýar. Çünki Allahtagala oňa bir ylham beren. Hz Ebu Bekr Syddyk r.a özüni ýitirmeýä. We beýleki sahabalarada köşeşmekligi nesihat edýär.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir