Düýşleriň agramy bilen açylmagy kyn bolan gözlerimi yene bir täze güne açdym,… “şu gün bir gijä galman, awtobusa yetişerin” diyip umyt etdim… hemişeki endigie görä, ilki bilen balkonyň gapysyny açdym we tämiz howadan öýkenimi doldurdym… öýden çykanymda, täze dogan günün ilkinji şöhleleri yüzümi sypady. çalasynlyk bilen duralga tarap ýörap ugradym. Yzy üzülmän geçyän maşynlaryň arasyndan ýoly kesip geçäymek hyllallady. Maşynlaryň azalmagyna garaşyp, yoluň gyrasynda ayak çekdim. Sary eşikli bir zenan maşgala yoluň gyrasyny süpürip yördi. Eşigi ünsümi çekdi. Meniň özüne seredyänimden bihabar işi bilen başagay, asfalt jayryklarynyň arasyndan çigit gabyklaryny çykarjak bolup, sübsesini gaharly-gaharly bulaýardy. özüne gönükdirilen bakyşlary duýan borly, işini goydu-da, birdenka mana seretdi. Gozum gozune dushdi welin, ogurlykda tutulan yaly boldum. Akja yaglyk bilen yuzuni pugta sarapdyr, dine gür kirpikleriniň arasyndan yashajyk gyz maşgalanyn garaja gozleri gornup dur. Bakyşlary täsindi…hatda geňdi. Hamana, men ona degishli bir zadyny elinden alan yaly gaharly seretdi. Nämücindir bilemok, bolşumdan utandym. Muynli yaly aljyrap yuzumi sowdum, ayakgabymyn ökjesinin çykaryan sesinden utandym, ustumden gelyan atyryň ysyndan utandym... umuman, özümden utandym. Shahyryň sozleri yadyma dushdi: “kawagt bagtly adam, bagtsyz adamyn yanynda oz bagtyndanam utanar eken” . yuregim awady. Elleri gabarypdyr, sowukdan bolsa gerek, tor-tor bolupdyr. Tomusda gunuň ashagynda kop ishleyan borly, eşiklerinin gerşi solupdyr. “Allajan, şu bendäňem ryzkyny artdyrawer özün” diyip icimden dileg etdim. Maşynlaryn kerweni geçip gutarandyr diyen umyt bilen çep tarapa seredenim şoldy welin, soňky model akja maşyn tizligini peseltdi-de, deňimize yetende, öňünde oturan geynüwli yash yigit boshan içgi gabyny “şunam alay-da” diyip oklap geçdi. Beynimde yyldyrym cakan yaly boldy. çalt gaharlanyan gylygymyn miwesi bolsa gerek, yzyndan yetip, shol süwümsiziň yakasyndan tutup, gaby özüne aldyrasym geldi. Nadan! Gaharyma süňňüm titreyardi. Ol oglanyn kemsideni az yaly, men hem zyňylan gaby alyşyna şayat bolup, beter kemsitmäyin diyip, yolumy dowam etdim. Ol gyzdan uzaklaşsam-da, ol baradaky pikir menden uzaklaşanokdy. Ol hem yaşajyk gyz, onuňam öz arzuw-hyyallary bardyr. Den-dushundan kem galasy gelenokdyr. Irden geynipjik okuwa gidesi gelyandir. Yuzuni saraman, arkayyn gezip biljek ishinde ishlasi gelyandir. Men bolsa biderek zatlar ucin nashukurlik edyarin. “Umyt et, uyam, umyt et. Bagtly geljegin dashda daldir. Garanky gije gara garynjany gorup, ryzkyny beren, seni-de unutmaz. Sen dine umyt et. Elinden bar zadyny alsalar hem, umydyny hic kim alyp bilmez” diyip icimi gurledip duralga yetenimi bilman galdym. Duralga boş. Adam-gara yok. …. Ufff. Içigaragalmyş, yene yetişmedim awtobusa. “bolya-la, belki başlygyň ozi hem gic geler” diyen umyt bilen sonraky gelen awtobusa mundum-de, bosh yerlerin birine gecip oturdym. Gozume dolan yashlary yolagcylaryň gormezligi ucin penjireden dasharyny synlayan kishi boldum. Beynimde “sen dine umyt et, umyt et” diyen pikir gaytalanyp durdy. “öňi-soňy hiç kimin hakynyň iyilmejek güni geler bir gün, seňkem essesi bilen berler, uyam” diyip, menem oz yanymdan umyt etdim… we muňa çyn yurekden ynanyardym. Akmaga tayyar bolup, titreşip duran gözyaşlarym bolsa, hemişekisi yaly dönüklik edip, ýaňaklarymdan süzüldi… 09.11.2012y.

Köneler, Ayyuzli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir