Käbir maşgalalaryň bagtly bolmaklary üçin diňe birazajyk zat ýetenok. Eger-de, tagalla edilse, ömürboýy baglaşylan nika hakykatdan hem ebedi bolar diýip, maşgala psihologlary aýdýarlar. 1. Öz adamyňyzy irizmän, onuň gazanýan puluna siziň umumy maşgala býudjetiňiziň düzülýändigini düşündirmäge çalyşyň. Hatda, siz köpüräk gazanýan hem bolsaňyz, ol hökman özüni gazanç getiriji hökmünde duý malydyr. 2. Erkek - maşgalada edep çelgisidir. Ol haýsy zadyň gowudygyny ýa-da erbetdigini çagalara düşündirmelidir. Adatça, maşgalada atanyň abraýy has uly bolýar. 3. Hatda, siziň ýoldaşyňyzyň işi köp hem bolsa, barybir ol hojaýynlyk etmäge ýetişmelidir. Erkeklere bu ýaraýaram. Şonuň üçin medeni dynç alşyňyzy nädip geçirmelidigiňiz hakynda öz teklibiňizi öňe sürmezden ozal, ony diňläň we ylalaşyň. 4. Siz her agşam aýak üstünde durup bilmegiňiz üçin, öýde arassaçylygy saklamagyň umumy işdigini ýoldaşyňyzyň düşünmegine mümkinçilik dörediň. 5. Biş-düş işleri zenan maşgalanyň gerdenine düşýär. Sizi mundan hiç bir zat halas edip bilmese gerek. Ýöne erkekleriň hem özbaşdak nahar taýynlamaga höwesiniň bardygyny unutmaň. Iň esasy zat bolsa, onuň bu işi etmäge razy bolmagydyr. 6. Öýde oňaýly aragatnaşygy saklaň. Ýadaw ýoldaşyňyzy diňe naharlamaly. Maşgalada doly özara düşünişmegiň bolmagy üçin onuň işleri bilen gyzyklanyň, öz ünsüňizi onuň durmuşynda bolup geçýän zatlara gönükdi riň. Şonda ol uzak ýyllaryň dowamynda size diňe bir öý hojalykçy hökmünde seretmän, eýsem-de bolsa, ilkinji nobatda özi bilen deň adam hökmünde garar. 7. Keýpi kök we şadyýan bolmaga çalşyň. Eger-de, hepdäniň dowamyn da erkek öýe dolanyp gelende, oňa içiňden geçip barýan garaýyş we närazy nazar garaşýan bolsa, onda ir-u-giç onuň ýaşaýan ýerini çalyşmaga mejbur boljakdygyna ynanaýyň. 8. Özüňize serediň. Aýal hemişe aýallygyna galýar!. Siz örän owadan we mylaýym boluň, şonda erkek şunuň ýaly hazyna eýe bolandygy üçin öz-özüne guwanar. 9. Ýoldaşyňyza ynanyň!.. 10. Eger-de, ýoldaşyňyz isleýşiňiz ýaly onçakly size üns bermeýän bolsa,biynjalyk bolmaň. Erkek özüniň ynamdarlygy we oňa getirýän aýlygy gül desselerinden hem gymmatlydygyna ynanýar.
MAŞGALAÑY NÄDIP BAGTLY EDIP BOLAR?!
-
Yegen
12 years ago
- Saol Sahett
-
Ayyuzli
12 years ago
- Sag bol, aladang ucin. Bu mowzukda arada bir zat okadym, hayran galdym dogrusy: allahu tagalanyng hala eden zatlarynyng icinde ing halamayany - ayyrylyshmakdyr. Yagny, mashgalany bozmak. Gorkezmawersin." Yoldashyng (adamyng) zaher icirse-de, cyda, garshylygyny o dunyade alarsyng" diylipdir. Iki oynam soz bien.gosh duwup yormek barada-ha gurrunem yok...
-
Ayyuzli
12 years ago
- Halal*
-
vyshybal
12 years ago
- sagbol awtor
-
bellaragazza
12 years ago
- Sähet salam. hawwa men sen bilen ylalaşyan, ayal maşgala, adamsyna, masgala başyna hormat we söýgini göstermeli. Igenmeldäl :) sebäbi buny aýal maşgaladan Hudaý hem talap edýär.
Injil kitabynda şeýle aýatlar bar :
Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, ariňize tabyn boluň. çünki Mesihiň bedeniň, Halasgäri bolup imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyn başydyr. Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsunlar. şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn (efesliler 5: 22,23,24,33 ayatlar)
sagobol sahet gyzykly makalany paylasanyn ucin.
-
makgush
12 years ago
- Dogry
-
sahett
12 years ago
- Salam bellaragazza.saña-da sag bol aýat bilen getiren mysalyña.
-
Jemka91
12 years ago
- Kurany_Kerim aýatlaryndan mysal getiräýseñ Injilden dälde
Awtor minnetdar
-
Bravo
12 years ago
- Esasy zat ayala bagly. Oz erkegni duzetsn,. Alcak bolsun, yone soyga gezek gelende uly hyjuw bn gatnashsyn. Dogabitdi ideal erkegn yokdgnam bilsn. Bolany. Bu dunyede ayalyn basga name wezipesi ba, adamsny, mashgalasny soymekden basga. Ehhh...
-
vento
12 years ago
- Jemka91 siziň beýdip injiliň aýatlarny ásgermezlik etmegňizá goldamok. Hakyky musulman kurana ynanšy ýaly,injile de töwradada we beýleki mukatdes ýazgylara da ynananmalydyr. Yslam Dinimiz muny ündeýándir.
-
eminemshock
12 years ago
- &&&&&
-
Merw92
12 years ago
- gowy aÿdylan sözler (maslahatlar) ..................................................................................................................................................................……………… ...............................................................................................................................................................................................................................................................................................................................................................................................................
-
wulkan
12 years ago
- Awtor sagja bolay yashyn uzak bolsun! Yurejigme junk bolup gitdi.
-
URGENCLI
12 years ago
- Gowy tema hem gowy teswirler.
-
URGENCLI
12 years ago
- Gowy tema hem gowy teswirler.
-
lukmantm
12 years ago
- Mashgalany bagtly edip saklamak ucin dine agzybir bolmalymyka diyyan
agzybirlik dowletliligin nyshanydyr
sahett 12 years ago- bir ýere bellik edip goýyn...belki geljekde gerek bolar...
çeşme zaman gazety...