Wahhh!!! Yene-de yykyldy. Ozi yaly chagajyklar bilen, ine-gana oynap bilmeyanine, garaja gozlerinin owasyny yashdan doldurup guljahanjan yenede aglady. Ol birine aryny gidiren uly adam yaly namys etdi, name ucin? Men den dushlarym yaly yorap ylgap bilemok diyp, oz-ozune sorag beryan yaly ajy yasha ezilen uzynja kirpiklernin ashagyndan hoool gyrada oynap yoren chagajyklara sheyle bir nayynjar goz bilen seredip, burunjygny yzgyderli chekip uly ses bilen aglady. Menem agladym. Asyl bu yagdayy gorup aglamazlyk mumkin dal. 3 yashlyja chagany namysmy, ahmyrmy namedir bir zat yakyp yandyryp baryardy. Yoremek ylgamak anarda dursun ol hatda diwara soyenibem doly yorap bilenokdy, hana yanjada adeni 3, 4 adim ayajyklary ysman yenede yykyldy, onson ol nadip aglamasyn. Injiklernin dashyna kulbike barmagyn bilen halka aylaymaly, ejizje iglije dogulan chagajykda. Kosheshdirmek uchin yanyna bardym ishden gaydamda dukana sowulup iki gyzyma niyetlap iki sany patrak alypdym, shonun birini yantorbamdan chykardymda guljahanjanyn eline uzatdym olam aldy, begenip gitdim kalbymdan ullakan yuk ayyrlan yaly boldy gozlerimde tazeden begench yashy peyda boldy, onyanchada gyzjagazlam kaka geldinmi diyship hersi bir tarapymdan boynuma bokup hersem bir yanagymdan ogshap elimdaki yantorbama seredishdiler. Dushnukli zat chagajyklara name getirip berenin gyzyklyda. Yantorbamdan halki galan bir patragy cykardymda me gyzlam iki bolup paylashyn bu gun yanymda pul azyrakdy herinize birini alyp bilmedim diyp, guljahanjana tarap seretdim. Tuweleme ol eyyam emedeklap ep-esli arany gecayipdir hool anarda otyryp beren patragmy beyleki chagalar bilen paylashyp agy diyilyan zady yadyndan cykaryp hakyt gulupjik otyrda:

Köneler, wulkan tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir