Ine, barýaň umydya büdräp, Egnin horlugyňa utanyp çala, Uzakda orkestor joşup – titräp, Tans edýär owadan gyzlary bile. Hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden, Olar birden ýere ýetäýjek ýaly. Geçip barýaň ýigitleriň deňinden, Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň , Ÿüregiňde hoş arzuwlar besleýäñ. Geçip baryan bir syratly yigidiñ Mylakatly söz aydaryn isleyäñ. Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar: Ÿörite ýag bilen saçlaryn darap. Olar wagytdanam ozup barýarlar, Özleriniň owadan gyzlaryna tarap. Ah, horja gyz ,horluguňdan horlanýaň. Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede ? Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar , Seni oýe ugradanok biri-de. Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip , Owadan gülüşip ýüregiňe düşýär. Olar görmegini artdyrjak bolup. Gezegine seniň bilen tirkeşýär. Öýe gelýäň .Gyýýar ýüregiňi ünjiň, Harasatdan çekilýär iki owurdyň. Aglaýarsyň :”Ah ,eje jan, name üçin Meni beýle betgelişik dogurdyň?” Emma goňşy gelin –bir görmegeý dul. Atasyz ogluna günäli bakýar. Hem seniň tersiňe, Gussa- gam çekýär; “Owadan dogulma ,bagytly dogul “ Aglama,gyz! Uýajygym gam çekme, Bilip bolmaz ykbalyňy öňüňden. Bu howlukmaç ýigitlere at dakma. Kim gecenok öz bagtynyň deňinden. Käte şeýle bolýar :görkdür – görmek Gidip otyr il –içinde at alyp, Ÿöne namüçindir ,tylla ýüzük dek. Ÿolda.Gum içinde galýar sadalyk. Tekepbir bol ,çykyp bolmaz gaýa dek, Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly. Şeýle ýigitler bar olar bar entek Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!
Görmeksiz gyz
-
yiigit
12 years ago
- yüregim awap gitdi- diyip, gözüniñ yashyny ayyrdy.
-
Agent007
12 years ago
- Gamlanma diyip goldady
-
Agent007
12 years ago
- Gapdalyndaky aglama diyip gowunlik berdi
-
virmenaard
12 years ago
- ooo yiigit barmynay, trenirovka nahili gecyar? senem bashlasana kick boxing.
temadan cykdym, sorry.
-
hakykygyz
12 years ago
- Hormatly karat goshgyny yetirenine sag bol
*owadanlyk hem baylyk yaly wagtlayyncha bolyan zatlan biridir.owadanlyk b.n baylyk b.n asla bagtly bolup bolmayar.T
-
akgultm
12 years ago
- wah nace owadan bolanynyda name bagtyn bolmasa..shonun u/c alladan owadan bagt dilemeli...
goshga sag bol...
-
makgush
12 years ago
- Gowja goşgy +5
-
Bravo
12 years ago
- Gurbannazar Ezizowmy. respekt. psihologik goşgy
-
Agent007
12 years ago
- Owadanlyk her bashda yalnyshdyrar durmushda
-
akylym1989
12 years ago
- bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
seni öýe ugradanok biride. - şu ýerleri hamana maňa düzülen ýalyda.
-
Ayyuzli
12 years ago
Kim geçenok öz bagtynyň
deňinden.
bu taýy-da maňa degişli ýaly...
-
missindependent
12 years ago
- gowy goshgy eken..
bir zada goz yetirdim, owadan bol, bolma, esasy zat ozuni bolshun yaly kabul edip bilmek, ozuni soymek..ana, onda dash-towerekdakilerem sana bashgaca garap bashlayar..
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagbol karat, göwünlik bereniñ üchin (oyun etyan) :-)
-
yiigit
12 years ago
- Owadan ykbalyn bolandada, gormegeyrak bolmasan birhili yalyrak...
-
virmenaard
12 years ago
- yiigit sen otur...
-
Kuraldyshy
12 years ago
- -sen leylä meniñ gözüm bilen baksadyn! diyipdirmi mejnun.
-
Abadan
12 years ago
- Yolda.gum icinde galyar
sadalyk
virmenaard 12 years ago- dogry aydypdyr gelin, owadanlyk dal bagtlylyk gerek ojakda. goshga welin soz yok