Mary-Aşgabat ýoly Gündelik awariýanyň bolýan ýeri - Mary_Aşgabat ýoly. Bu gün hem bir maşgalanyň körpesini alan rehimsiz Mary-Aşgabat ýoly. Hawa, bu gün hem birileri amanadyny tabşyrypdy. Bu gün hem biri ölüpdi. Mary-Aşgabat ýoly > sen nähili rehimsiz. Has-da bu ölümleri görer göz bilen görüp düzetme ugruna çykmaýan nähili rehimsiz. Bir adamyň gymmaty şeýle mi gaçdy. Bir adam şeýle mi bahasyz. Hany hormat? Hany sylag? Hany söýgi? Mary-Aşgabat ýoly bugün hem biriniň janyny alypdy. Bugün hem bir maşgalanyň bagtyny ýatarypdy. Ýöne näme üçindir Mary-Aşgabay ýolunda ölene agladylar... Hakyky ölene, Ruhy ölene, ýoluny azana aglan bolmady. Bu maşgalanyň iki sany güle deňeçir gyzy bardy. Bugün bolsa körpe gyzyny elden gidiripdiler. Bugün körpesi Mary-Aşgabat ýolunda amanadyny tabşyrypdy. Emma şeýle garap otursaň uly gyzyny bir eýýäm ýitiripdiler, bir eýýäm Ruhy ölenine şaýat bolupdylar. Ol ýoluny azypdy, harama el goýupdy. Hawa, ol has öňden durmuşyny ýitiripdi. Gyz ruhy ölüpdi. Hawa, uly gyzlary ölüpdi. Gynansakda, Türkmenistanda ruhy ölýänleriň sany Mary- Aşgabat ýolunda ölýänleriň sanyndan aşypdy. Ruhy ölýenler köpelipdi. Emma näme üçindir muňa hiçkim aglamandy... hiçkim aglamady... aglanmady... Aglamak nirde disene... Bugün hakyky manysy bilen ADAM ýetişdirýän ojaklaryň ýapylýanyna şaýat bolýan günümizde... aglamak nirde ??? Bugün mekdep ýapylypdy. Geljegimiz ýykylypdy. Buňa bolsa hiçkim aglamady. Aglanmady. Bir mekdep açmak, bir türmäniň ýapylmagyna sebäp bolýan wagty. Bugün bir mekdep ýapylypdy, has dogrusy... bugün bir türme açylypdy. Ruhy taýdan adamlar öldürilipdi. Adamlar ölüpdi. Hawa, adamlar öldi. Emma muňa HIÇKIM AGLAMADY... Cheshme: www.ertir.com awtor: mervas

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir