Essalamaleykum gadyrly talypkomyň agzalary biler bolsaňyz, ynha 10 ýyllyk mekdebi gutaryp, ýokary okuw jaýyna girip, talyplygyň täze durmuşyna girip ugraýar, elbetde şol taýda ejelerimiziň we kakalarymyzyň hünärlerini dowam etmekde ýa bolmasa, maşgalada belli bolmadyk hünäri gazanmak üçin, şol talyplyk döwründe öwrenmeli bolýar, talyplyk döwri nähili geçse, hünärli ýerde-de eddil şonuň ýaly bolýandygy göz ýetirseň bolýar, gynansakda, berilýän leksiýalar we öwredilýan dersler ýeterlikli däl, we okuwy gutaryp hünarli ýere gelip işläp öwrener diýilän pikir diýseň ýalňyş bolýar, sebäbi diýseň, ussat adamlaryň Size öwretmek islegi artyk bolmaýar, name diýseň, her kim öz ýerinden gorkýar, öwretse, işden kowarlar, Siz ökde bolansoň, ýerine goýar diýen piker agdaglyk edýär. Ýa-da bolmasa ökde hünärli adamlaryň bolmanlygy sebäpli öwrenip bilmersiňiz, ýa-da ökde hünärli bolubam, Size öwretmek eli degenok, has anyk aýdaňda hic-kim Size hünäri öwretmäne hakam ýok, sebäbi Siz şol talyplyk döwründe alan bilimiňiz, doly kompleksleýin hünärli ýere gelip işlemek garant bolmaly. Ýöne aýdaýyn po sekretu, Ene ataňyzyň hünärini dowam edýän bolsaňyz, ondo Size hünäriň ähli syrlaryny, Size aýdyp oňat hünärli edip ýetişdirip bilýär. Orsýetde bolan waka: Kakasy 10 klas ogly lukmançylyk institute girip bilmeýär, ýöne oňa garamazdan, üç ýyllap gaty agyr operasiýalary dikmäni öwreder eken, bir gezek kakasy gaty erbet keselleýär, şol oglonjyga haýyş edipdirler, gaty bet operasiýa edip bilýär eken, oglonjygyň ady köp ýerik ýaýraýar we kaksyna rusgatsyz operasiýa edeni üçin, käýinç berýärler. Ogly şeýle meşgur bolansoň, ony lukmançylyga egzamensiz alýarlar. Garaz Ene ataňyz gaty oňat mugallym bolup bilýar, eger hünärine isleg bildirseňiz. Geliň indi bu gürriňden soň okuwa girjek bolalyň Bir gezek pensiýa giden matertyý (tüjjar) parahor wziýatoçnik ýöne muňa garamazadan meni gowy görýän taňyş daýym, ýanymda zeýrendi: Beh , agtyklarymy okuwa salyp billemmok, öziniňem okuwa salýan adamlar meniň okuwçylarym, lukmançylyk uniweriň özine 70 müň dollar soraýarlar, men bu puly nirden alaýyn dp aýtdy, öziniňem iki gapyly otag döredipdirler, bir otagdan öz güýjine synanşýanlar, ikinji otagdan bolsa şaýlyja çagalary goýberýäler dp gürriňini dowam etdi. Men pikire batdym, gep 70 mün dollarynda däl, daže şo bar 7 müň bolaýsyn gadyrdan talypkomyň agzalary, gep önelgesiz ylymda, görýänizmi bu öňki parahor daýyma aýlanyp dolanyp özi para bermeli boldy, ynha şu sorag şu taýda, eger-de her kim öz güji bn gecip bolýan bolsady elbetde parhor daýym zeýrenmezdi beýdip meniň ýanymda, belki ýeke bir agtyklary däl eýsem ähli tohumam girip bilerdi. Okuw sitemasyna elgarama bn garaýan adamlary iskluçitelna arassa wyždanlyga çagyrýan, beýtmäliň ullakan passan oglan we gyzlar, wyždançylyga çagyrýanym gülkinçem bolsa, sebäbi basmakda we asmak netije ýök , okuw üçin para almagyň özi milli tragediýa dp yglan edýän, sebäbi bir ýürege sanjyj statistika seredeliň: Aýdaly goý bizde hiç hili spesalist ýok diýeli, goý biz hünärment taýynlaly, birinji bn bize gaty ökde hünärment mugallym gerek, şo ýok bolsa barsy biderek, nähili derekli binalar açaýyň, egerde güýjimiz ýetmese, hünärment mugallymlary haýsam bolsa biziň sistemamyza ýakyn ýerik döwlete iberip mugallymçylygy okatmaly, bir mugallymlyk ýere-100 den az bolmasyn, sebäbi şo ýüziň içinde 50% çyksada dp plan gurmaly, oňa bolsa bäş ýyl gerek, goý aýdaly, indi bize talyplar gerek, mekdep okuw programmasy, 100% garant bermeli, mekdep okuwçysynyň ýokary okuwa bolan höwesiniň derejesinede bagly, eger-de matematikadan, fizikidan, düşünjesi näçe uly bolsa, ÝOJ-da okamk aňsat, eger-de egzamenden geçip bilmese ýörite instityň matematikan we dizikadan ýa beýleki predmetlerden 1 ýyllyk egzamen kursyna ibermeli tölegli. Aýdaly saýlap şeçdik diýeli talyplary, 5 ýyl gutarandan soňam, 5-ýyl praktika gecenden soň, 5 ýyl dan soň ugyrtapyjylyk peýda bolýar-ortaça 15 ýyl gerek bir taýyn ökde hünärmente, olom ýeke bir şert bn talyyby we işläp ýören hünärmentlere ýowar, meroprirýätiýa, marşyrowka, serdar ýoly ýaly wagytyň alyjylygy bn azar bermeseler, ýoo men ýowar bolmasyn diýemmok, ýöne okuwyň berilýän wagytdan 1%-den gaty ullakan bolmaly däl. Geliň indi para bn okuwçylary geçireliň, ähli döwletlerde ortaça 15 müň dollardan 50 dollora çenli, ähli 4-5 ýylyk okuwlar, tölän okuwçylar 5 ýyldan soň okasada-okmasada okady dp gaty diploma berýäler, ynha hünärli ýere gelýäler, olom tanyşlyk bn, poka tanyşyň barkaň işleýäň, tanyşyň gitsede, iş bileňok dp kowýlar, dogrydanda edarada ýöne bir ofisde pasýans oýnap gidýäler, oňa derek bir ökde hünärli işlemeli, ikisem deň aýlyk alýar, onsoň başlyklar görýär, her hesip edip kellesi boş, ýöne eli diplomly hünärmenti kowmak bn bolýar, ýerine ors-hyrs alýalar welin, okuwy boşlygyna sarp eden hünärmentleri almaýarlar, olor işsiz galyp, ýa taksiçilik edýär, ýada biznes bn meşgul, ýa-da bir ýerde paraň köp akýan ýerine ýenede pul çykaryp işe girýäler, olom başarjakmy ýa başarmajakmy, garaz polny tupik bolýar. Şeýleräk pikirim gadyrdan mugallymlar we minobrlar we gadyrdan jemagat bir azyrak oýlanalyň goý ýeke çagalarymyz däl, goý agtyk çowluklarymyzam okasynda şeýle mahabatlandyrýan ÝOJ-larda, hudaýa şükir jennetiň gapysy para bolmaýanm gowy zat, bolmasa şonam iki gapyly ederdiler. P&S: Hünäriň hiç hili erbedi ýök, adam ýokary okuwa jaýa girmänem sowatly we baý adamlar bolup bilýärler, bu ýöne jemagatymyzyň ýalňyş düşinjesiniň astynda bolanlygy sebäpli ýokary okuwda okamaly bolýas, Artabalewski diýen adamyň hiç hili diplomy ýok, ýone Sowet soýuzynda Nemes faşistik urşynda samalýot ýasamak ukyby kiçiliginde şeýle bir owrenýär welin gysga wagytda Orslara samalýot ýasap berýär, birinji ýasan zady ekskowator ekeni, köp zady öýde okansoň diplomy ýöne gutardy dp berýäler, amerkanyň 25%- çagalary okuwyny öýde gutaryp, klasdan bir başga gatlak klasa geçmek üçin mekdebe egzamen tabşyryp gidaýeler.
Jennetiň iki gapysy bolmaýanam gowy zat !( ýa-da geliň bilim alalyň)
-
YaSwami
12 years ago
- Häzirki okuw ýagdaýlary nähili şikarnomy ýa hiç zat üýtgätmäliňmi ?
-
YaSwami
12 years ago
- Mizobrzazawaniý bir wagytlar Nyäzow Aggam barka, ýokary ministirlige kwota berýamişler, meslem her bir prezapparatrlyň ýokary işgäleri 5 adam okuwa salyp bilýär, ozalky Onjuk Musa dagy şo sebäpli skandalda aýyplanypdyr diýen pikirler orta atyldy, ýagny oňa 1-ýa iki kwota beripdirler, oňada dawa edenmiş, indi sorag entägäm şonuň ýaly şyk gatnaşyklar barmykan, !
-
1merdan
12 years ago
- lew tastoýam özbaşdak okan ynsan bolmaly, ýalňyşmasam
-
Gulmelek
12 years ago
- Menem shu barada köp oýlanýan,yöne elimizden gelip üytgedip bilýän zadymyz yok parasyz okuwa girip bolýan bolsady yurdumyzy ösdùrjek ylymly,bilimli ýa$larymyz kän arman olaryn puly bolman dine bilimleri köýýä ona derek ady familýasyny ýazyp bilmeýänler yokary okuw jaýynda okayalar para bilen,hotya by okuwa alyan talyplarynyñ 50% öz bilimine alsadylar...
-
nfs4001
12 years ago
- olara kwota bar hawa. Rektoryn ozune kwota yok oytyan azyndan 5 müñ $ alya in yakyn garyndashlaryndan.
-
hakykygyz
12 years ago
- Sizem Dogry aýtýanyz yone okuwa girmegi howes etýan bolsanyz nesipdir bara synanshyp goribermeli.menem okuwa howes etyanim u.n gyzyklanyan
yagdaýy pes bolupda okuwa girenler bara ol dine nesip pully okuw okap diplom alyp hazire çenli adam bolman ýorenlerem az dala
-
Dirol
12 years ago
- Aý tm-da hemme zat para ýatdylaý, okuwlaryñ ählisi diýen ýaly pul pul we ýene pul!
-
Medik
12 years ago
- Dünýäniñ manysy näme. Akyllada pul gerek, akmagada pul gerek. Meniñ e$itmi$im boyunca da$ary yurtda adamlar internediñ üsti bilen egzamini hem okuwy okayan ekeniler. Dogry eger internetda uniwersitetiñ 5 ýyllyk beriljek bilimi, mowzukdyr temalary berilse okap öwrenerdik. Diplomyma yok yöne hemmelerden gowy bejerýän diyip durardym. Eger $ol sayt bolsa mana hem tapmaga kömek ediñ.
-
idealman92
12 years ago
- men dowlet tarapyndan okuwa gaytdym.dowlet tarapyndan saylanan talyplardan para berip girjegi yok yalydyr welin,yanymdakylary goryan.nachenji ýylda doguldyn diyende
1000 900 90 1 diyip yazyar
-
YaSwami
12 years ago
olara kwota bar hawa. Rektoryn ozune kwota yok oytyan azyndan 5 müñ $ alya in yakyn garyndashlaryndan. nfs4001
gorýamiň diýmek olora bar, ynha şeýdibem olor gürlkände-de biz halk diýär,samom dele halk diýäni özleri, ýogsa bara şol türkmeniň okadýan ugurlary döwre görä talabalaýgam däl ahryn ! Ynha şu taýda men bir zady aýtjak, ýenede aňyry gitse 10-20 ýyldan ähli garry hünärmentler pensiýa gidip, ýa saglygy zerarly işlerini dowam edip bilmez, oloryň ýerine biziň ýaşlarymyz geler, ýöne gelerde,hyrra yzyna öwürlüp daşary` ýurtly çagalaň eline gul bolmaga giderler çünki, alan ylymlary bn hiç zady dolandyryp bilmezler, awtobusa 0.20 teňne berip, ýa çöregi şol pula alyp bilmezler, sebäbi wagyt garaşanok işem ýatmaly däl ``yerli kadrlar oňarmaýany üçin, daşary ýurtdan spesalit gyzyl pula satyn alarlar, soň indi parany ýatyraly diýende-de täzeden mugallym kafyrlaryny döredip, soň talyp alýançalar minimum 50-60 ýyl gerek, poçti ýarym asyr, Döwlet özine haýpy gelenokmykan diýen sorag bolýar, ýoo meniň diýänim ýalňyş bolsa `ruçka alyp hasaplap göräýiň, gaty çözmez ýaly deňleme däl, öňimizde edilmeli işler ýatyr, meselem ähli üniwer bn institutyň orsça çykýan ylmy kitaplaryny terjime edip söň `türkmen diline geçmeli ekeni, hiç zady terjime etmän, türkmen dilin geçdi, şonuň üçinde entegem türkmen dilli talyplar litaplaryny daşary ýurt dilinde okap bilim almaly bolýar, nuželi `döwlet derejesinde düşünenoklarkan !,gynanýanaý dogrymy aýtsam !
-
YaSwami
12 years ago
- bagyşlaň ýokarda söz ýalňyşlygy gidipdir mugallym kadyrlary bolmaly, litalaryny diýen deregne kitaplary bolmaly !
-
Ayyuzli
12 years ago
- Dogry,dowletin sonky yagday-a oylandyrya.elden gelyan zat yok arman.
Okuwa girenimde bolan bir waka yadymdan cykanok. Girenlerin arasynda oz adyny gormedik bir gyzjagaz oykesine cydaman.shol giden mahellanin icinde durup uly ili bilen aglap bashlady.arasynda-da "yerime kim girenem bolsa razy daldirin" diyyardi. Yuregim awady caga.icimden eger pul bilen girmeli bolsa okuwsyz geceyin diydi
Bashga mesele, okap yorkam sheyle adamlar bardy.namucin geldika fiydiryardi.dine diplom ucin.ishi eyyam tayyar.okama owrenme aladasy yok.yzky partalara gecip telefonundan video gormek, gunortanky nahary haysy kafede iymek, sapakdan gacmak, moda we sh.m gurrun dineje.okayanlara-da gin yokdy.siz mugallyma yalynyanyz, botanik, kopbilmish... Oz ugurlaryndan bolsa bilyan.zatlary yok. Sholary gorup okuwdan yykylyp obada copancylyk etyan yerinde kitap okayanlar yadyma dushup gynanyardym.aytsan aydyp oturmaly.... Ehhhhh
-
Ayyuzli
12 years ago
- *gun yokdy. Bagyshlan bu telefonun klawyelerine owreniship bilemok
-
idealman92
12 years ago
- bagyshlan welin tunnelin anyrsyndaky yshyk gorjek men-a!dogry,90% turkmenistandaky talyplar chareden bashga hich zatdan habarlary yok.yone men dashary yurtda okayan we oz guyji bilen giren yashlarymyza bil baglayam!
-
idealman92
12 years ago
я с вами agam,senem dine garalamagy basharyan!elbetde janyn yanyandyr welin beyle-de pessimist bolmasana!
-
YaSwami
12 years ago
- aýýuzli Siz bn ylalaşýan, geçen iki-üç ýyllykda bir olimpiýada gatnaşyp ýören matematikaçy oglon MAtematikadan,fizikadan geçibem, ahyry ruhnamada ýykylypdyr, Sorag berende, Ruhnamadan aýdyp ugranda, duzurup, plança sahypasynda näme aýdypdyr dp sorag berip ýkypdyr, ýa-da bolmasa medenstutyň baýry rektory adyny bilemmok, bir gyzjagaz näme sorag berse, jogaplap dur diýär, ahyry utanyp geciripdirler,rektor çagyryp mugallymlara käýäýämişin, şunça mugallym bolup ýykyp bilmediňizmi dp !
-
YaSwami
12 years ago
я с вами agam,senem dine garalamagy basharyan!elbetde janyn yanyandyr welin beyle-de pessimist bolmasana!
ýo men garalamoga, aýdaýn men iminna garalamokda prosto geliň problemany çözeliň diýändä, elbetde häzir daşary yürda giden okuwçylara bil baglaýmasa hünärment azaldy, enetegem internet açanlygy sebäpli köp okuwçylar gaýbana okap bilim alýar, olorom tüweleme ýetişse ynha döwlede ýardam bolar, ýöne şeýle ýagdaý üýtgemesiz dursa diýändä, goý para alsyn diyseňem, şoňa baka şol para alýanyň çagalarm, agtyklaram girip bilenok, ýakma bişersiň, gazma `düşersiň dp aýtýan, bu aýtýanym kritikda däl, sadaja içimiň agyrmasy
-
YaSwami
12 years ago
- Men `türkmenistanam, prezidendem, döwletem gowy görýän, bez prikola, ýöne dawaýyň meseläni çözeliň, ete tak prosto, ýa-da goý tölegli bolsyn, goý mugalymlara isklýuçitelna aýlyk haky, tok,suw, jaýyň arendasyna, enjamlara,şol müşderiň pulyna bolsyn, hökümet öz büýudjetinden, jaýda, mugallymada, stependiýada,öz jübisinden töläp dura, tölegli etsin gürriň ýök, bary bir toleglä, o tüki auksiýon ýaly: 5000 dollor bir,5000 dollor iki, 10000 müň dollor bir, 10000 dollor iki 15000 dp giriş okuwyny satmaly diýän kanun ýoga, geliň oňat hilli ylym-bilim alalyň diýändä, ýöo eger hemme zat gülalegüllik bolsa, ondo bagyşlaň dowam edibereliň, srawno meniň diýänim ýaly bolýar, soň hiç kim aýtmasyn diýmesindä
-
idealman92
12 years ago
- yaswami aga,berekella.eger menden bir fiziki komek gerek bolsa(shuny et,muny et) ayday
-
Yegen
12 years ago
- Yokary okuw jaylaryna girjek bolyan talyplara ekzamen bermek uçin sheyle shert doretmeli:
Her ýylky synag-ekzameni uçin goni yaylymda efire alnyp gorkezilyan bir kanal doretmeli. Kimin nahili ekzamen tabshyryandygy hasam ashgar bolar yaly. Sonky, gutardysh synaglarynam sheyle etmeli. Onsonam dashary yurtlardaky yaly tolegli kollejleri doretmeli, islan okar, islemedik okamaz. Onam yone wagty gelse paraly girmeli ederlerle.. Gowsy 10 yyllyk okuwyn dashyndanam yorite mekdeplerde yokary bilim beryan kafedralary açmaly. Islan okar, islemedik okamaz. Bir mekdep mugallymçylyk okatsa, beyleki mekdep politehniki tarapdan bilim bersin mugtuna. Sen islanine gatnap bilerin yaly. Eger sen yene dashyndan 10 ýyl okuw okasanam kellan 0 bolsa peydasy yok okanyn. Gerek adam zehini bilen urup-yaryp bir yerden çykar. Esasy zat, her etraplarda hemme taraplaýyn bilim beryan yokary jaylaryny kopeltseler bu yagdaylar kan problema doretmez. Yurdun osmeginede agirt uly peyda getirer
-
Medik
12 years ago
- Kim uniwersitetde okayan bolsa kitaplary, mowzuklary, meseledir, mysallary int.da goyber bizem okap öwreneli okuwa girmesek hem. Name yene pul diýýäñmi. Bolandanä ol parany öziñ ücin berip girensiñ. Gayrat edow dost gadryñy biljek. Bol onsañ telefonyña bir, iki manat oklaryn.
-
hakykygyz
12 years ago
- Dashary ýurda internetden test usti b.n ekzamin tabshyryp okuwa giryaler shony bilyaniniz bolsa bizede saytyny ýazan hem-de dowlet usti b.n oz guýjune nadip girip bolyar?
-
idealman92
12 years ago
- yegen dost,o diyyanin shetdaly bolaymasa.goni efirde ekzamen bolmaz,yone has ansat usuly bar
-
makgush
12 years ago
- Aý hemme ýeri parahorlar alyp ýatjaklaý.
-
akylym1989
12 years ago
- gaty söze çeper edip ýazypsyňyz tüweleme!
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Umuman, lukmançylykda ýa awtoulag bejerlende kemçiligi tapyp bolsa, köplenç bejergisi hem tapdyrýar. Yöne, $u ahlak hassalygyny nädip bejerip bolýarka ? Elbetde, ilki bilen bu döwürde her kim özüne berk bolmaly.
Kurany kerimde : "arañyzda bir-biriñiziñ mallaryñyzy haksyz ýere iýmäñ. Mallaryñyzy bilip durkañyz olaryñ günä gary$maklary üçin para hökmünde bermäñ. " diyip buýurýar. (bakara, 188)
pygamberimiz (s.a.w) hem "para alan hem beren hem jähennemdedir." diýýär. (jamius sagyr 4490)
ba$ga bir hadysda ynsanlaryñ bagy$lanmasy üçin doga eden pygamberimiziñ para alany-da, para bereni-de länetledigi aýdylýar. (tirmizi, ahkam, 9 (1336)
okuwa girjek bolsañ, name etmeli diýseñ, gowja iki üç ýyl taýýarlansa bolar, haýyr gözleýäne sabyr etse allatagala yol açar. bu ýyllar $ol pulda deger. Ýa da$ary ýurdy maslahat berip bolar, elbetde oña-da gaty köp zahmet çekmeli. Uzak, ýat diýip gorkyñ bar bolsa, ýene allañ razylygyny gözleýäne alla ýardam eder.
Allanyñ arzy giñi$dir!
Galyberse-de $ikaýatdan peýda ýok. Okuw mümkinçiliklerini bilmeýänlere ýetirseñem uly kömek we sogap. Ýurdumyzam dura bara düzeli$ýär öz-ä. Okuwa para bermeseñem, gyssanan bolup bilede para berilýär. Taksa puluñ bolmasa näme etjek ?!
-
Kuraldyshy
12 years ago
YaSwami 12 years ago- Neme o tüki ýesli ene-atalarymyz para bn bizi okuwa salan adamlara degişliligim görkezemmok, daby Siziň göwniňizede degjek bolup aýdammok, giren bolsanyz nesip etsin, ýöne baran ýeriňizden boş gaýtmalyň dp masalahat berjek boldymlaý