Joralar sizin her birinize bir sowgat etmek isleyan yone "name zat etmeli"diyip,kan pikirlendim sonunda magtymguly atamyzyn "name sen" diyen goshgusyny okap gordumde shol goshgyny her bir gyz agzamyza mynasyp gordum. Asla seni gormemishem,dildarym! Gumrumy sen,bilbilmi sen,name sen? Gamgyn konlum hyýalynda aldaram, bag ichinde gul-gulmi sen,name sen? * garakchymyn,ya seýitmin,hojamyn, ýa sakymyn,ýa sherapmyn,ýa jammyn, ýa ýylmy sen,ýa gundizmi,gijemin, ýa aýmy sen,ýa gunmi sen,name sen? * ýa mushkmi sen,ýa kokunar anbarmyn, aýda derýamyn,ýa mowchmi sen,lembermin, ýa girdapmyn,ýa burgurmyn,name sen? * altynmy sen,kumushmi sen,zermi sen, ýa arshmy sen,ýa kursmi sen,ýermi sen, ýa chyragmyn,ýa rowshenmin name sen? * magtymguly,gech namysdan,aryndan, el gotergil bu wepasyz karinden, jahan doly,sen gapyl sen ýaryndan, ýa mestmi sen,ýa sheýdamyn,name sen?
Agza joralama sowgatjyk
-
Bravo
12 years ago
- şo zatlaryň hemmesi gyz agzalarymyzmy
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagbol hakykygyz jora! :-) gaty gowy dushunipsin, (dine ve hakyt ozume yazylan yaly mes bolup okap otyryn)
-
vento
12 years ago
- Menden gaty görmeseňiz bir zat aýtjak. Šu gošgyň gyzlara dálde allatagalla düzülendigini ešitdim. Ýagny šahyrymyz haky tanamak yšgyna düšip oňa (biribara) náme sen? diýip ýúzlenýá. Sawet döwri šahyrymyzyň dini gošgularnyň köpúsini ýok etdiler. Bu gošgam ýok bolmaly eken,ýöne "bu bir söýgi gošgysy" diýip biziň edebi alymlar muny gorap saklapdyrlar. We eserlerinde söýgi gošgusy hökmúnde ulanypdyrlar. Söýgi aýdymy edibem aýtýalar házirá. Ýöne gošgyny tázeden okap görúň, allatagalla dúzúlendigne düšúnersiňiz. Hakykygyz temaňyzy bulamak niýetimá ýok,diňe bilýánjámi ýazaýyn diýdim. Göwniňize degen bolsam bagyšlaň.
-
akylym1989
12 years ago
- hakykygyz sag bol paýlaşanyňa monça boldum menem hhehehhehehe
-
hakykygyz
12 years ago
- Vento belki sen aýtýanlan dogrydyr.
-
Ayyuzli
12 years ago
- Hakykygyz tanryyalkasyn.vento yazan maglumatyn hakykatdanam sheyle
-
Bravo
12 years ago
- Güneşiň (žurnal) öňki redaktorlarnyň 1ndenem mekdebmzde soralypdy gelenlerinde. dogurdanam sufistik tema degişli goşgy dpdi.
-
YaSwami
12 years ago
- vento bn ylalaşýan,magtumguly atamyz sopyçylyga ýeten adam, praktiçeskiy pirlige ýeten diýseňem boljak,adamzat bir barlyga ýetenden soň, gyza aşyk ýaly bolýamyş,pikirimçe
-
Gangstar
12 years ago
- vento bu diyyanin yalnys. Magtymguly shahyrymyz 1. den sowet dowrune bakna bolmady. sowetler bizi 1882 den son bakna edildik. 2.den musulman halk beyle we sahyram musulman bolanson ALLAny seraba denermi. vento mence sen pikrin yalnys
-
vento
12 years ago
- Aý gangysdar dost oňardyňow sena. Men magtymguly atamyz dálde, oň šygyrlary šeýle haly düšdi diýýán. Seň ol arak šerap diýýán gošgularyň bolsa, 20 nji asyryň burny sümüklilerniň iši. Magtymgulyň gošgusyny tapdyk diýen bolup özleri ýazyp getirýáler.Ýada setirleri úýtgedýáler hakyky bolšundan. Ýóne magtymgulyň šygyrlarny gowja syn etseň tanap bolýa. Ýagny Čilimkeš,gybatkeš gošgularam gaty ýöntem šygyrlar. Bulaň magtymgulyňky dáldigine ynamym gůčli. Čunki pyragy šygyrlarynda šol bir zady hetjikláp duranok. Onsaňam pirligiň 7 nji derejesine baran adamyň arak,šeraba bagyšlap gošgy ýazmajagy her kese belli. Dosdum ynamyň sende galsyn,meňki diňe aýtmak. Ýokardakylary oka meň bilen razylašýanlaram tapylýar ahyryn. ;-)
-
vento
12 years ago
- Adyňy ýalňyšyrak ýazypdyryn bagyšlarsyňda.
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Salam saytdaslar kopden bari habaram tutamok sizden tazeje agzalaram kopelipdir megerem su teman awtoram taze agza ozem sowgatlyja gelipdir oran yagsy indi gosgy barada ol gosgy sopuculyk ahenli sygyr ol hudayy hic zada denanok ol dine solardan soraglaya bu gundogarda dap bolan usula sygryn birinji setirinde onun ynsan gozelligi daldigini duymak bolyara asla seni gormemisem dildarym gorulmedik gyza hatda dessandakylaram asyk bolmaya gurruni gidyan sahsyyet dowrunin hatda dowrumizin in beyik sopularyndan
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Sowgat mana yarady orginalgyz boydas
-
Baybow
12 years ago
- O namedir yashyl gara ovusya
-
metehangokdepe
12 years ago
- o nämedir ayagy yok towusyan $ahyr bolsañ ....
-
1merdan
12 years ago
- MAGTYMGYLYNYŇ MONOLOGY
1
Men ýene-de size barýan
Aňyrsyndan asyrlaryň
Ýeri, bu gün taplar niçik,
Yzym tutan nesillerim?
Ata-ýurdym abatmydyr?
Bitinmidir başlaryňyz?
Eşidýäris bir suprada
Jem bolypdyr aşlaryňyz
Eşidýäris allanäme
Bir döwlete edip gullyk
Ajap ýaşap ýörmüşiňiz,
Bizem şony arzuw kyldyk
Bizi sylap ýörmüşiňiz,
Baýrak bellap adymyza
Beýle sarpa, beýle hormat.
Düşjek zatmy ýadymyza.
Adymyza köçe barmyş.
Oba barmyş adymyza.
Gözlerimiz ýaşdan doldy
Muny eşden badymyza.
Adymyza mekdep barmyş
Gözüm açan Gerkezimde.
Daga münip otyrmyşym
Il-günimiň merkezinde.
Toýuňyzda gaýtsyn hernä,
Bizi horram eýlediňiz.
Ganat gersin ykbalyňyz,
Yrylmasyn döwletiňiz
2
Men şol öňki pyragyňyz
Gaşyňyzda gullygym bar.
Eger aýyp kylmasaňyz
Kiçijik bir belligim bar.
Gürleşmegem ýeňil bolýar
Siziň ýaly düşbi bilen.
Ýaňky ýatlan belligimi,
Aydar boldym goşgy bilen.
3
Goşgymyz bar, ismi erir “name sen”
Ýatlamazdan geçe bilmen, neýleýin.
Indi aýdymyny diňlegen çagym,
Magnysyny seçebilmen neýläýin?
Diýgenime, gowy düşinmän, çaky,
Urup siz gerşime bigelşik ýüki,
Men bir gyzy dälde gözläpdim haky,
...uýalyplar gaça bilmen, neýläýin?
Gözleý-gözleý sataşmadym geregme,
Bakyň ahyr lowlap duran ýüregme,
Men Pyragy bolyp hakyň deregine?
Bir ýaş gyzy guça bilmen, neýläýin?
“Asla seni görmemişem dildarym”
Diýip, uwlaýanym däl, meňli ýarym.
Men-diýdim:-“Adyl han, asla sen barmyň?”
Guş erse, men uça bilmen, neýläýin?
Okamyş siz, beletsiňiz gylygma,
Hoşnudam il-güniň çyragylygyma
Ýöne goýaweriň pyragylygyma
Öz-özümden geçebilmen neýläýin
(berdinazar hudaýnazarow)
-
hakykygyz
12 years ago
- 1merdan dogan on eshidip gormandim bu goshgyny gowy goshgy eken sag bol ýetirenine
-
hakykygyz
12 years ago
- berdinazar hudaynazarow bu goshgusynda pyragynyn "name sen" goshgusy "gyzlara" dalde 'allatagala' bagyshlap aydyanyny açyk aýdypdyr ahyry biz bolsak gyzlaradyr diýip gyzlara aýdym edip hem aýdyp ýorus gor bizin bilmeýan zatlamyz gaty kan eken...
goshgyny ýetirenine sag bol 1merdan
hakykygyz 12 years ago- (oglan agzalar sizdende otunch soraýan gyn gormawerin)