Adam we alada. Güýz ýapragy kimin saralyp-solup, Ol örän köp ýatdy keselbent bolup. Sen ony ölýänçä bir soramadyň, Oň bolsa hemişe dilinde adyň. Hemmelerden artyk saňa garaşdy, Kim barsa ýanyna seni soraşdy. Bir gün däl, bir ýyl däl, uzak garaşdy... Emma sen bäş minut wagt tapmadyň, Soramaga eziz dostuň halyny. “Öljek...” diýseler-de, sen tiz gopmadyň Soramaga görgüliň ahwalyny, Her gezekde diýdiň: “Iş köp, wagtym ýok...” Ol görgüli üýtgäniňi bilenok. “Hiç kim bu dünýede işsiz gezenok” Diýip ýatdy pahyr, senden habar ýok; Hiç kim bu dünýäge iki gelenok” Diýip ötdi pahyr ýoluňa garap... Ölenden soň onuň öýüni sorap, Gelmek nämä gerek ýalandan aglap. Sen indi oturda bir aýla seriň, Ol hakda gazete ýazan sözleriň, Entek ol ölmänkä aýdan bolsadyň, Halyny bir sorap gaýdan bolsadyň, Belki, ol ölmezdi, ýaşardy, belki, Adamyň gadryny bilmeli ilki...
Gara Seýitliýew.
-
Yegen
12 years ago
- Adam we wepadarlyk.
Arça ýaly ar-namyssyz bolsadym,
Saçda agarmazdy, ýüzde solmazdy.
Her gülenje göze aşyk bolsadym,
Gözlerim ömürlik gözde galmazdy.
Men yşkymda bir wepasyz bolsadym,
Kalbym diňe seniň sazyň çalmazdy.
Her gülen gunçany gülüp ýolsadym,
Bir läle kalbymda baky galmazdy.
Meni başga hiç bir ataş ýakmady,
Hijranyň oduna ýanyp agardym.
Meni başga hiç bir saky ýakmady,
Hijranyň meýinden ganyp agardym.
"Agarypdyr aşyk Garanyň saçy",
Diýip gamlanmasyn lälämiň ýüzi.
Ýene-de garalar Garanyň saçy,
Bir gülüp garasa lälämiň özi.
-
pawel
12 years ago
- yegen sag bol yetireniñize, yene yetirip duryñ
-
Multyk
12 years ago
- Yegen daýy sagja bol ýenede ýetirip dur agam.
-
handsome1
12 years ago
- minnetdar dos
-
Koneurgenchli
12 years ago
- awtor sagja bol yetirenine haladym goshkyny yende paylashyp dur
-
Karat
12 years ago
- sagja bol bet goshgular eken
-
idealman92
12 years ago
arça ýaly ar-namyssyz bolsadym,
saçda agarmazdy, ýüzde solmazdy.
bir tarapdan hezildir,prinsipsyz yashamak.
yegen,minnetdar goshgularyn uchin
-
Merw92
12 years ago
- güller gözelligi senden öwrener‚
göz degmesin‚ gülüm‚ gül çagyň seniň.
agşamyň şapagy solak görüner‚
säheriň şapagy ýaňagyň seniň.
gözleriňe baka bilmen bakaňda‚
baksam ýürek aýdym aýdýar hakyňda‚
gül göwsüňe gülýakaňy dakaňda‚
baglar gözlerimi bentnagyň seniň.
dogaňda dogupsuň gaşy sürmeli‚
zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli‚
bagty görmek islän seni görmeli‚
düşümlidir‚gülüm‚ aýagyň seniň.
görsem ýüregimde bir tupan turar‚
görmesem ýüregim mydam ah urar‚
alkymyňdan atyr ysy bark urar‚
gülabyň gaýmagy dodagyň seniň.
ölmez‚ güljahanym‚ saňa ýer bolan‚
gülmez‚ güljahanym‚ saňa zar bolan‚
körpejekä saňa hyrydar bolan‚
şahyr ýüregimde soragyň seniň.
gara seyitliyew
-
Pamir
12 years ago
- Berekella dost yetireniñe. Düshünseñ manysy giñ eken. Yene yetirip dur
-
Filip
12 years ago
- Tuweleme! Sag bol. Gaty manyly yazylan gosgy.
-
Yzganttm
12 years ago
- Yegen aga sagbol agam köp köp sagbol tañry ýalkasyn. Gaty gowy go$gy eken ýetirip duruñ ýene.
-
Yegen
12 years ago
- Minnetdar hemmanize! Gara Seyitliyew yaly yiti talantly shahyrlar, turkmen halkynyn anynda mudimilik yashar!
-
Bahbit
12 years ago
- Хер ким бир баг ексе ядыгэр. Дунйэ китабында онун ады бар. Гара аган айданында . Егенжан сагжа бол бизе етиренине
-
sahett
12 years ago
- su sary yapraklary we guyzi ulanman ol gaytalanyp gaytalanyp yadap gitdi
-
Multyk
12 years ago
- Hakyky
-
Multyk
12 years ago
- Hakyky
-
Bravo
12 years ago
- merw92 sagja bolung gosgynza
-
Multyk
12 years ago
- Yegen
-
Merw92
12 years ago
- :) ....
-
Bravo
12 years ago
- yegen däl, merw92! =)
-
Yegen
12 years ago
- Maral, sen teswirini bira halapdyr, bizinki hasap dal oydyan :-)
-
Grizli
12 years ago
- Kop kop sagbol ýegen :-)
Yegen 12 years ago- Adam we ýürek.
Bu dünýä gelenleň bary ölmeli,
Gynansak-da, oňa garşy çäre ýok.
Ýöne adam ýürek ýaly bolmaly,
Ýürek hiç wagt ölüm bardyr öýdenok.
Ýürekden çykmasa söz-de bolanok,
Ýürekden çykmasa saz-da bolanok.
Ebedi ýaşamak ýürege bagly,
‘Ata, neneň?’ diýip sorasa ogly,
Ýüz ýaşlam aýdar: ‘Göwnüm ýaş meniň’.
‘Göwnüm’ diýýäni-de ýürek türkmeniň.
Bu dünýä gelenleň bary ölmeli,
Gynansak-da, oňa garşy çäre ýok.
Ýone adam ýürek ýaly bolmaly,
Ýürek hiç wagt ölüm bardyr öýdenok.