Salam talyp comyň agzalary we myhmanlary! Siz bilen käbir yrymlar hakynda pikir alyşalyň diýip temany açdym. Käbir yrymlar bar welin olar şeýle bir gülkünç we olara ynan adamlaryň düşünje taýdan pesligini görkezýär. Araňyzda yrymlara ynanýanlaryňyz bar bolsa göwün edip öýkeläýmäň gadyrdanlar!!! Meselem şeýle yrymlaryň käbirleri: 1) adamyň önüni gara pişigiň kesip geçmegi. Käbir tanyşlarym şeýle ýagdaýda yza 7 ädim ädip tazeden ýoluna dowam edýärler, käbirleri pul sadaka aýdýarlar. Özümä şol gara pişikleriň sürüsi ylgap geçeninde hem güwnüm bir ýaly; 2) 13-lik san "betbagtlyk" getiriýärmiş. nähili gülkünç yrym. Adamyň ykbaly san bilen kesgitlenmäýär. Bu yrym esasan hem ýewropa halklarynda ýörgünli. Mysal üçin angliýada 13 lik san bilen baglanyşykly nomerleri taşlap geçýärlermiş. Gynansakda biziň halkymyzyň arasynda hem ýaýrap başlapdyr. 3)Öňüňden it ylgap geçse işiň "şowuna bolýarmyş" 4) doňuzyň dişini dakynsaň doga, jyn we şuňa meňzeş zatlar täsir etmeýärmiş. Haram zadyň dişini hem boýnuňdan dakynyp bolarmy? Şuňa meňzeş dereksiz yrymlar bilseňiz ýzyp teswirleseňiz gowy bolardy. Köpüsini özüm ýazyp otyrmaýyn diýdim.
Batyl yrymlar
-
idealman92
12 years ago
- matrisa dost,sen dunyanin beyleki halklarynyn yrymlary bilen turkmen milli yrymlaryny garyshdyryp yalnyshma!shu aydyan gara pishigin,q3-lik sanyn turkmen halky bilen hich hili baglashygy yokdur.
menem yrymlara ynanamok
-
idealman92
12 years ago
- *13-lik sanyn
-
aga593
12 years ago
- shu 13 nomera bara matrisa, dogurdanam hemmekime ish bolyarow. kabir yurtlaryn myhmanhana, otellerinde, yashayish jaylarynda 13 etaj yok, ya-da 13-nji kwartira, hatara duzulenlerinde adamlar 12njiden son 14 gelya, futbol biletlerde yok, poyezlerde... name uchin 13 nomeri adamlar ozlerine dushman gazandylarka dushunemok.
-
aga593
12 years ago
- idealman92 turkmenin milli yrymlary uytgeshik bolyamy name?! yrym yrym bolarda.
-
handsome1
12 years ago
- yrymlar diyilende agzalar, shu zat hakdaky pikirinizi bilesim gelyar: goz degmek diyilyanine ynanyanyzmy we ynansanyz, haysy tarapdan ynanyanyz, dini tarapdanmy ya-da ylmy tarapdan???
-
Multyk
12 years ago
- Gara pi$ik hakykatdanam halananok öñ ynanýadym indi ynanamok bir gezek öñdäki ma$yn gaiñ ma$ynydy gara pi$ik kesip ge$di weli oñ üçin säginmedem menem $ulara zat bolmoso bizä asla zat bolmoz diýip sürüberdim
-
Matrisa
12 years ago
- Dogrudan-da göz degmek yrymy türkmenleriň arsynda giňden ýaýran. Oňa din tarapyndan-da ylmy tarapdan-da düşündirişler berýärler. Göz monjuk dakynmak, asyp goýmak ýaly hereketler türkmençilikde bar. Ylmy tarapdan düşündireniňde gözi erbet adamlaryň gözünden erbet energiýa baryp adamlaryň energetiki meýdanyny berbat edýärmiş. doly ýadyma düşenok, ýöne öňräk okapdym şular ýaly zady. Din tarapyndan hem şeýle bir rowaýat bar. Pygamerimiziň duşmanlary gözi erbet bir jöhidi (ýewreý) eger pygambere gözüňi degirseň pul bereli diýip ugradýarlar. hakykatdan-da ol jöhit pygamberimize gözüni degirýär. pygamberimize ýarawsyzlyk degýär. Şol wagt perişdeler Alla (c.c.)tarapyndan pygamberimize bir dogany getirýärler. pygamberimiz ol dogany okanyndan soňra ýaňky jöhidiň iki gözi eräp akypdyr. Bu rowaýaty dinden gowy başy çykýan agzalar doly aýdyp berip bilerler. Belki meniň ýalňyşýan ýerim bar bolmagy mümkin.
13-lik san hakynda bolsa şeýleräk rowaýat bar. Türkler konstantinopoly (häzirki ystambyl) aýyň 13 - ne basyp alýarlar. Konstantinopol hem döwründe hristian dininiň merkezleriniň biri bolupdyr.
-
AHAL
12 years ago
- yuregimdakini aydayn. Dushunje taydan pes diymek bilen namani goz onune tutanyn gyzyklandyrya meni. Dushunje diyip nama dushunyanay sen? Dushenje tarapdan pes diymek, dossuny kyn gunde sokmak, duz iyen oyune biwepalyk etmek, ulyny sylamazlyk, shtangistlyk, ikiyuzlulik, sokujylyk, in barkisi sen edishin yaly ile gowni yetmezchilik diyip pikir etyadim. Bir zat yazmakan oninden pikir edip yaz.
-
jumanji
12 years ago
- ahal 3-4 gezek okadym teswirini, dù$únmedim.
Men 13 4isloda doguldym, ki4i wagtym ors gon$ym ejemden muny bilende, (waheý 12-ne ýa 14-ne dogulaýmaly eken) diýdi, $onda bilip galdym bu 4islon halanmaýandyklarny.
Mana mun bildiryän ýeri ýok, indiki ýyl 2013, $onda 13-i näm etjeklerkä da$ary ýurtda?
-
Yegen
12 years ago
- Gara pishigi orslan halamayanyny bilyan, turkmene kan dahylly yeri yokmuka diyan.
-
AHAL
12 years ago
- matrisa yazdymlay.
-
Yegen
12 years ago
- Gara pishigi orslan halamayanyny bilyan, turkmene kan dahylly yeri yokmuka diyan.
-
Yegen
12 years ago
- "Tuweleme, tuf tuf tuf, 40 kishin tuykuligi, gozden-dilden gorasyn" diyip, garryja eneler yuzune tuykurip goybardi. Olam bir yrym bolaymasa.
-
magnit
12 years ago
- 13 lik sany turkmenlena gowni bir yaly, bizda san dannalanok beyle, gara pishigem gecse gecsin, gecmese ozi bilsin diyip yoraberyas biza olam yrym dal, onsonam senem turkmen bolyan bolsan, ozune turkmen diyip yoren bolsan sen enen-atanam yrymyn icinde yashan, olaram goz onune tut! Adamlan ustunden guljek bolyana menzeyan
-
idealman92
12 years ago
yuregimdakini aydayn. Dushunje taydan pes diymek bilen namani goz onune tutanyn gyzyklandyrya meni. Dushunje diyip nama dushunyanay sen? Dushenje tarapdan pes diymek, dossuny kyn gunde sokmak, duz iyen oyune biwepalyk etmek, ulyny sylamazlyk, shtangistlyk, ikiyuzlulik, sokujylyk, in barkisi sen edishin yaly ile gowni yetmezchilik diyip pikir etyadim. Bir zat yazmakan oninden pikir edip yaz.
AHAL
nirde dushunjaniz pes diyip aydypdyr ahal?
-
Matrisa
12 years ago
- Teswirleriňiz üçin sag boluň gadyrdan agzalar. Bu temany men biriniň üstünden gülmek niýeti bilen açmandym. her kim ýokarda getiren mysallarym ýaly bir dereksiz yrymlar hakynda bilýänlerini ýazsalar gowy bolar diýen pikirde temany açdym. ahal agzanyň bolsa gahary geljek boldumy menä düşünmedim. düşünjesi pes adamlar diýip ýazanymda azrak ýalňyşyrak ýazdym öýdýän. Diýjek bolan manym sowady pes adamlar hakynda aýtjak boldum. magnit agzanyň teswirine görä men türkmen yrymlaryna hem degenim ýaly boldy. hakykatda beýle dälde öz aýdyşyň ýaly "13 lik sany turkmenlena gowni bir yaly, bizda san dannalanok beyle, gara pishigem gecse gecsin, gecmese ozi bilsin diyip" şular ýaly dereksiz yrymlara ynanyp ýörenler bardygy hakynda ýazdym. Ýene-de tekrarlaýan biriniň üstünden gülmek niýeti bilen ýazmadym. Eger gara pişik öňüni kesip geçende 7 däl 70 ädim yzyna ýöresin, aýyň 13-güni öýünden çykman ýorganyny bürenip ýatsyn ol öz işleri.
-
Gulmelek
12 years ago
- @matrisa yryma ynanyan adamyn dú$ùnjesi pes bolyamy?
Túrkmen halky yrymcyl halk,köp yrymlara ynanmazlyk mùmkinem däl prosta biz o zatlara kän ùns beremizok.yryma ynanyan adam gaty køp.
-
Gulmelek
12 years ago
- @Matrisa teswirini soñ okadym
-
YaSwami
12 years ago
- Muhhammaet pygamber aleýihessalam, aýdypdyr bir hadysda,näme ynansaňyz şoňa tabşyrlarsyňyz, Allahutagalnyň hidaýat ýok dp aýdanmyş, mende şoňa goşulýän, emma Yrym haýsam bolsa bir manysyny we sebäbini düşundirip bolmaýan hadysa we köp ýyllaryň şol bir yryma gözegçilik esasynda, tejribäniň astynda aýdylýar. Meselem biri maňa jaň etse, meniň yrymym boýunça 6-7 adam maňa jaň edýär, şuňa gaty köp uns berdim, ýa-da daşarda garlawaçlar ýerde uçýär, şemal ýa ýagyş bolýar w.ş.m ýöne meselem 13 lik türkmende nomer bolmadyk 13-de ýäşnyň bilen saňa täsir etmez emma, başga ýurtlarda belki täsir etsed edýändir kamu-kak pikirimçe !
-
AHAL
12 years ago
- nirde dushunjaniz pes diyip aydypdyr ahal?
idealman92 | 2012-04-25 01:52:01
temany okasan gorersin idealjan.
-
AHAL
12 years ago
- yok men gaharym geljek bolmady matrisa, menem yone sho sozi yalnysh ullananyny aytjak bollum. innikine belet bolarsynda, gowne degmeshek, gowne almashak bolmasyn.
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Dusunje pesligimi ya dunya garaysyn ginligi ony bilemok yone kabir yrymlary halamok. Mana manysyz gelya. Meselem owulyalarda agaja yalyk danmak,agajyn asagyndan gecmek,mazaryn dasyndan yedi gezek aylanmak,su zatlan birinem halamok yone isikde durma,sag ayak bn atlemek, ir turmak yene-de bir topar sulara kan garsy dal zyyansyz terbiyeleyjilik ahmiyetem bar. Akla dogry gelyan zatlar dinede dogry gelya dine dogry gelyan zatlaram dine peyda getirya%d%a
-
Abadan
12 years ago
- Yrym-yrym,ýom-ýom diyili$i yaly tùrkmen halkybir yrymcyl halk yokarda Gulmelek agzañ bellap gecisi yaly. Yrymlara ynanyn bilen pes dù$ùnjeli adam bolyan bolsam,menem,menin enem-atamam sonun yaly dù$ùnjamizin pesdignem bilmandirsem. Yrym diylise menina kellame yolymy kesyan gara pisik gelenok,o 13 cislo hakda su temada birinji sapar esidyan.
Yrym diyilse menin pes dùsunjeli kellame hacanda øyde ulakan siñek aýlananda bir myhmana geljek yalyla diyip yrym edilyar,ya i$ikde durmaly dal garyp bolyan,ya bolmasa sübsäni dik goýmaly dal,name bolyany yadyma dusenok seyle yrymlar gelyar.
Yryma ynanyn bn höökman so bolmaly diylen zat yok.
-
Matrisa
12 years ago
- Gadyrdan agzalar meniň pikirimçe bu temadaky teswirleriňiz iki topara bölündi. Birinji topar yrymlara ynanmaýan agzalar, ikinji topar hem yrymlara ynanaýan agzalar. Temanyň başynda men türkmen yrymlary manysynda açmandym. Diňe ýokarda getiren 4 sany dereksiz yrymlaryma meňzeş yrymlar hakynda ýazylsa gowy boljakdygyny ýazypdym. Meniň ýazanlaryma abadan, magnit agzalar başgarak düşündiler meniň pikirimçe. tekegyzytatyana agzanyň getiren yrymlary bilen doly ylalaşýaryn. Elbetde köpýyllyk synlamalaryň netijesinde tebigat bilen baglanyşykly dörän käbir halk yrymlary bar. Meselem günüň batýan ýeri gyzarsa ertesi howanyň gowy bolmaklygynyň alamaty, ýa-da YaSwami agzanyň belläp geçişi ýaly daşarda garlawaçlar ýerde uçýär, şemal ýa ýagyş bolýar w.ş.m ýaly yrymlar. Men käbir manysyz yrymlar hakynda aýtmakçy boldum. Meselem:
1)çaý käse guýulanda üstünde köpügi emele gelse ony alyp maňlaýyna çalynmasy. Şeýdilende puluň köpelýärmiş; Işlemän ýatan adam şeýdende puly köpelermikä?
2) bir adam haýsy hem bolsa bir iş bilen ýola düşünde onuň öňüni aýal adam kesip geçse işi şowuna bolmaýarmyş. Aýal adam näme adam dälmi. Eger haýsy işiň başyna baranyňda eger ol işiň amala aşmaklygy nesibäňde bar bolsa, öňüňden kim geçende-de amala aşar.
Meniň aýtjak bolan yrymlarym şuňa meňzeş yrymlar hakdady. Özüm hakynda aýtsam yrymlaryň hiç birine ynanyp baramok. Ýazgydyňda näme bar bolsa şol hem bolup geçer. Onu hiç bir yrym üýtgedip bilmez. Meniň düşünjäm şeýleräk ýoldaş agzalar. Eger ýalňyşýan ýerim bar bolsa öz pikirleriňizi ýazsaňyz size minnetder bolardym. Elbetde ýalňyşmaklyk adama mahsus zatdyr.
barýarka
-
Shajy
12 years ago
- goz degya diyende bir zat yadyma dushdi. Bir MASHYRYK atly gelyaka onunden yene bir MASHYRYK cykypdyr ol MASHYRYK ,,baa muna aty at jan eken'' diyenden yanky at dessine agzy kopurjiklap olupdir, onnon yanky atyn eyesi MASHYRYK diyipdir ,, baaa muna gozi goz jan eken'' diyenden yanky pyyada MASHYRYGYN gozi dessine yere gachypdyr.
-
AHAL
12 years ago
- bolya yazgyt diyip nama dushunyaninem bir ayt.
-
Matrisa
12 years ago
- Ahal dost her bir sözüme yrs arap dursyňlaý. Ýa men seniň göwnüňe degiji bir zat ýazdymmy?
-
Matrisa
12 years ago
- Ahal dost seniň sorgyňa has gowy jogaby şu ýerden taparsyň:
http://www.mugallym.narod.ru/zaman/qadar.html
-
idealman92
12 years ago
- aslynda yrymlary iki topara bolup bolar:
1)ýyllarboýy tebigaty,hadysalary synlap,sholara gora tejribe netijesinde doredilen yrymlar.
2)kabir dini adamlaryn yone aydyp goyberen zady,emma oran ynandyryjy we 3-4 sany subutnamasy bolan yrymlar.
matrisa dost,senin yazan yrymlaryn ikinji hilli yrymlara degishli,pes dushunjeli adamlar bulara ynanyar diyyanin bilen menem razy.
-
Matrisa
12 years ago
- idealman92 dost teswiriň üçin sag bol! Şu temada meniň bilen pikirdeş adamyň barlygyna begendim!
-
Ayjagash
12 years ago
- yrymlar onden bary aydylyp gelyan zat. ynanar yalysy bar ynanmaz yalysy bar. yone her kim her hili. 13-lik sana menem shu yewropa gelip shulardan eshtdim. on bilemokdy. ozumem edil shona ynanamok. yone yanky matrisan aydyshy yaly gun yashanda shapak has gaty gyzarsa ertesi howa gowy bolyar, edil shona ynanyan, sebabi sheylede bolyar. bir sapar enem aydypdy, aydyshy yalagam sheyle eken.
Prettygirl 12 years ago- matrisa mena ynanamok yryma, yone aramyzda ynanyanlarymyzam bardyr, yrym ata-babalarymyzdan bari gelyan zat, yone mena ynanamok.