Köpüň üşen ýerinde her hili gyzykly gürrüňler,rowaýatlar eşdýärsiň.Bu gezekki gürüňçilik ýylanlar barada boldy.Biri: “Ýylan nirede gömülen hazyna bolsa,şony saklaýarmyş” diýse,beýlekisi: “Ýetişen ýylan her hili zada öwrülip bilýärmişin” diýdi.Şonda Akmyrat baba ýylanlar barada eşdenlerinden gürrüň bermäge başlady. Gadym wagtlarda güýçli awuçy ýugut bolupdyr.Ol ýaşlygyndan Garagumda aw eder eken.Her alaňa,depä,gola,mahlasy,her çöpe çenli belet.Bu ýigit çagaka ene atasyndan ýetim galypdyr, oňa garyndaşlary hossarçylyk edipdir.Ulalansoň, awçy bolup ýetişipdir. Bahar aýlarynda,çölüň jümmüşinde aw awlap ýörkä, owadan gyza gabat gelipdir. Ýigit edalyk bilen gyza garap: -Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? –diýýär. -Men kerwenden galyp azaşdym. Nirä barjagymy bilemok- diýip,gyz näz-kereşme bilen ýigide seredipdir. Gyzyň gözüne gözi düşen ýigidiň yşky göterlipdir: -Men öýli işikli däl. Razy bolsaň, birleäýseň, nähili görýäň? -Meniň hem başym bogulmadyk. Kysmatdyr-da, senem gowy ýigit ekeniň. Giň sährada nirä baraýyn. Obaňa elt, nika gyýdyr. Ýöne şertim bar. Şoňa razy bolsaň, men razy. -Aýt şertiňi. -Aýtsam, sen köpçülik bilen gatnaşyk etme. Awyňy et-de, bileje ýaşaber. Ýigit içinden oýlanyp: “Öňem köpçülik bilen kän bir gatnaşyp ýöremok. Şu ýekeligimden bile ýaşanym gowy bolar. Nireden Allatagala bu gyzy maňa ýetirdikä” diýýär. Henize çenli zenanyň ýyly sözüne zar ýigit şerte razy boldy. Öz içinden bolsa bir-iki ýyl ýaşaşanymyzdan soň, köpçülige-de öwrenişer diýip oýlandy. Awçy gyzy obasyna getiripdir. Ýagdaýynyň ýetdiginden goňşylaryna toý berip, hälki gyza öýlenipdir. Şeýle owadan gyzy görenler haýran galypdyrlar. Gözüne gözi düşenler welin, özüni ýitirýän eken. Diýseň owadanmyş. Ýöne goňşylary bilen aragatnaşyk etmegi hiç halamaýan eken. Wagtyň geçmegi bilen bularyň iki çagasy bolupdyr. Ýigidiň bolsa şol köpçülige gatnaşman, awa gidip ýörşi eken. Gülerde bir gün ýigidiň garyndaşlaryndan biri aradan çykypdyr. Ýigit gelnine geňeşmän, ýas ýerine barypdyr. Ol bir dana ýaşulynyň ýanynda oturmaly boluýar. Ýaşuly: -Awçy, sen birhili horlanypsyň. Soňam senden birhili agyr ys gelýär. Ýylan atyp, gowrup iýip ýören bolma?! -Ýaşuly,wiç wagt beýle iş edemok. -Seniň gelniň gözi ýylanyň gözi ýaly owadanmyş. Özem çölüň jümmişinde duşuşanmyş diýärler. Şol dogrymy? -Dogry. -Edýän işleri illeriň gelni ýalymy? -Hawa, maşgala keşgini-hä oňaryp ýör. Bir ogul, bir gyzymyz bar. Ýaňky ýaşuly awça ogrynça gelniniň hereketlerini, özüni alyp barşyny synlamagy teklip edýar. Bu gürrüňe awçy örän geň bolupdyr. Nätjegini bilmändir. Alasaramyk ýagdaýda alyberipdir. Näme-de bolsa ýaşulynyň maslahatyny synlap görmegi maksat edenipdir. Bir gije uklan bolup ýatypdyr. Ýarygije gelin turupdyr, adamsyna seredipdir. Görse, äri “uklap” ýatyr. Gelin howlukmaçlyk bilen kündüge suw guýup, gyra çekilipdir. Kündügiň agzyndan ýylan bolup girip, çündüginden ýüp ýaly süýnüp çykan. Öňkisi ýaly gelin bolup, çagalarynyň ýanyna gelip ýatypdyr. Bu ahwalaty gözi bilen gören äriniň huşy başyndan uçup gidipdir. Şeýle-de bolsa ýüregi ýerine düşüp, syr bildirmän ýatypdyr. Daň atansoň çaý-nahar edenip, awa gitmek bahansy bilen öýden ugrapdyr. Dana ýaşulyňka baryp, gören zatlaryny gürrüň beripdir. Ýaşuly: -Sen agyr derde ýolugypsyň. Indi ol seni alman goýmaz. Näme-de bolsa synanşjak diýseň bir ýoly bar- diýipdir. -Maslahat beriň, synanyşjak. Men onuň ýylandygyny gözüm bilen gördüm. -Çarşenbe gijesi öýüň içinde-daşynda suw goýma. Senden ýetenini bilmesin- diýip, goja öwredipdir. Awçy şonda soň iki hepde awda bolýar. Öňküsi ýaly bolup öýüne gelýär.Aýaly örän oňat garşylapdyr. Öz syryny äriniň aňandygyny bilmeýär. Ýigit çaşenbe gijesi bilgeşleýin küýzelerdäki suwy dökýär Çagalaryny ukladan gelin gijäniň belli bir wagty suwa ýuwunýar, suw içýär eken. Görse, hiç ýerde suw ýokmuş. Suw agtaryp, wagty bilen tapmandyr. Awçy hem ýüregini bire baglap, ýerinden turupdyr. Gelin ärine: -Suw ýok, endamym gatady. Meniň getiren suwlaryma ne döw çaldy? -Küýzelerdäki suwy bilmezlikden dökdüm. Derrew suw getireýin- diýip, äri ugraberipdir. -Gitme, indi içinimde-de peýda ýok- diýip, gelin kem-kemden ýylana öwürlip başlapdyr. -Men saňa köpçülige barma diýipdim. Etmänsiň, aramyzdaky syr açyldy. Seniň bilen ýaşap biljek däl. Çagalara gowy seret. Şularyň hatyrasy üçin saňa azar bermäýin-diýen wagty ýylana öwrülip, gapydan çykyp gidipdir. Ine,ýylanlar barada şeýle rowaýaty eştdipdim. Ol janawarlara urlup,öldürlip ýörlen halatlaryna duş gelip gynanýarsyň. Hudaýyň ýaradan bu jandarlary adamlara zyýan bermän köp peýda getirýär. Şol sebäpden olary ýoklaman, gorap saklamak, tebigatyň deňagrymlylygyny üpjün etmek zerurdyr. Çeşme: Garagum jurnaly.
Owadan gelniň syry (Rowaýat)
-
makgush
12 years ago
- Gyzykly eken, sagboluň ýetireniňiz üçin.
-
1merdan
12 years ago
- behh....ýetimiñ agzy a$a ýetende...... Diýlenidä sagja bol alladin dost gyzykly eken
-
turkmenntug
12 years ago
- jem manysyna düşünmedim men,dogrusy.
-
akylym1989
12 years ago
- gaty gowy ýazgy. Ýatana ýylanam degmändir.
-
Ayatm
12 years ago
- Gaty gowy yetireninize sagbol
-
missmaysa
12 years ago
- yilanyn adama öwrülyani çynmy yalanmy bılemok yöne köp yıllap adam yüzünı görmedık yılan adama öwrülyamış dıyıp eşdıpdım.olar adama menzeş bolsalarda gözünden tanap bolyamyşyn.yagny gözünın garasy bır yerde durman aylanyamyş.bu zatlary eşdemde dogrydyr öydemokdym.yöne şeylerak bır adama gabat gelenım un yazyan.nace yıl bolanyny bılemok yöne eslıje yıl geçdı.bır gün önkı jygyllykda ejeme garaşyp durdym bır oglanyn mana seredıp durşunu andym.onun seredıp durşy menınem ünsımı çekdı.seredemde şol oglanynam gözlerı bır yerde duranokdy.ynanmadyk sozlerım yadyma düşüp ona seretmezlıge çalyşdym.bary bır yene ünsımı çekdı ynanmazlyk bn seretdım.yöne ol rowayatda aydylyşy yaly owadan daldı.öz gözlerım bn bu zatlary görenımden son.yılanyn adama öwrülmegını allah ıslese hemme zadam bolar dıyen netıja geldım.
-
idealman92
12 years ago
- missmaysa,duybunden yalnysh bolmaly ol pikirler.hey ýylan adama owrulermi?rowayatdyr-ertekilerde bolyar ol zatlar.sizin aydyan ol oglanynyzda bir kesel bardyr.
turkmenntug,hekayan manysy - ýylan hernache yigrenji we elhench jandar bolsa-da ony oldurmeli dal,chunki olar hem tebigata peydaly
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol Aladin. Sony nahili bolarka diydim welin yylana owrulip gachyp giden eken.
Gijen gyrk diyibem bir jadygoy bolupdyr. Gokdepe soweshinin on yanlary ya-da son yuzleri. Sholam esrap duran toruma owrulip Ak ishana topuljak bolupdyr diyip gurrun edyaler. Ak ishanam ozun torum bolsanam gozun-a Gijenin gozi diyip tanapdyr. Gijen gyrk diyilyan Ak ishanyn dowurdeshi bolan. Men bir gun ginishlirak edip tema achjak bolaryn, shol barada. Omrunin sonynda toba edip dogry yola gelyar diyip eshidipdik.
-
nohurlyagza
12 years ago
- bir sapar bir owadan gyz üstüme gelýär, menem gyzam bolsaň gözüňa ýlanyňky diýip, dilinen çekdim weln, hyşşş etdi.
-
Koneurgenchli
12 years ago
- sagja bol paylashanyna gaty gyzykly eken on eshitmandim yylanlar hakynda rowayat
-
turkmenntug
12 years ago
- sagja bol aladin dost!
-
asdas
12 years ago
- rowatara ynanyanmy bilime ynanyanmy.onda siz adamyn maymyndan dorandiginede ynanarsynyz..bir maddanyn basga bir madda owrulmegi mumkinmika himiya bilyanler aytsyn.biyologiya bilyanler aytsyn adam adaptasyon mutasyo evalusyon hemmesini owrenin son okap pikir aydyn mu zatlar hakynda
-
ALADIN
12 years ago
- Ýaltanman we iñ gymat wagtyñyzy gidirip okanyñyz üçin köp sag boluñ! Siziñ göwnüñizden turan bolsa meñ azabymyñ ýerine düshdigi.
Ilki bilen men bu rowaýaty ýazmagymyñ sebäbi çagakam ýylan bilen baglanshykly gürrüñleri köp eshitýänligim bilen bagly bolup durýa edil sholar ýalam agzalañ arasynda öñ ýylan bilen baglanshykly mowzuklaryñ açylmagy bolup durýa.
Meñ eshdishime görä garagum çölünde $aýlygelin diýip atlandyrylýan gelniñ bardygyny eshtim.Bu barada gözi bilen gören adam bilen söhbetdesh boldum.oñ aýtmagyna görä çölde jumanamazy güni agsham towshan awlap ýörkä öñünden çykypdyr,ol gorkujyndan ýaña öýüne nädip baranynam bilmändir shol günden soñ bir hepdeläp ýaraman ýatypdyr we shol günden soñ aw etmegini goýupdyr.Men bu gürrüñleri eshtemde gülkim hem tutman durmady we ynanasymam gelmedi ýöne ol oglan janygyp maña ynandyrjak bolupdy aý menem aýtdym: " ol shaýlygelin dälde möjek ýa bolmasa entäp ýören narkoman bolaýmasyn" diýdim.ýöne ol janygyp aýtdy durdy özem gorkup aýtýady.men bu shaýlygelin hakda bashga bir köpi gören we aw edip ýören özümden uly oglandan soradym,ol hem bu barada ýylanyñ adamlary aklyndan gidirip olary erbet hala salýandygyny aýtdy we shaýlygelin hakda bir bolup gecen zady gürrüñ berdi ýöne ol shaýlygelnin ýylan bilen baglydygyny aýtdy.Aý hawa bu zatlara ynanasyñam gelenok ýöne meñ ucin bu zatlar acylmadyk syr bolup galýar.
-
Abadan
12 years ago
- Bah ýylan hakda her-hili gùrrùnlerem bar eken.
-
missmaysa
12 years ago
- shayly gelin hakda menem eshdipdim yone ol jyn diyyadiler ozem dine erkeklere gorunyamish...
-
nohurlyagza
12 years ago
- arada on-atda iki sany oglan+gyzyň oturan skameykasynyň arkasyna otlygyn içinden bukulyp baryp dinledim. erwet ogşaşdylaraý.
maloyjan 12 years ago- oran gowy