Bir zady soramakçy sizden, ýöne dogry düshüniñ! Göwnüñ halap, bir gyzy arzuw edip ýörsüñ, shol gyza öýlenmek mydam hyýalyñda bar diýeli (bu hemmelerde bolýan ýagdaý) emma näbelli ýollar arkaly sen ol gyza ikiçäk gabat geleñok. Gabat gelseñem birden gönümel "men seni söýýän, halaýan" diýip bolanok. Indi meñ aýtjak bolýanym bir gyzy halap ýörkäñ ol gyza söz aýtsañ nähili görerka. Mysal getireýin: bir klasdash gyzymyzy söýdüm, okaýarkak ol gyzy sheýlebir söýýädim welin men ony size düshündirip oturmañ manysy ýok. Menä kän utanjañam däldim, özge gyz klasdashlam bilen "seni aljak, aý seni gelin edip bashyma ýapaýynmaý" diýip degishsemem, shol söýen gyzyma lakam atyp bilmezdim. Olam meni gowy görerdi, özi maña gep tapyp lak atardy. Bilmedim, ýürekden söýenimdenmi, geleñsizlikdenmi, soña goýanymdanmy, ol gyzdan çekinenimdenmi, men ol gyza söz aýdyp bilmän okuwy gutaryp gulluga gitdim. Gelsem guda bolupdyr, soñam toý edip durmusha çykyp gitdi. Elbetde olam pikir edendir "mümkin bashga gyzda hyýaly bardyr" diýip, her hili pikir bar, mümkin gulluga gidemsoñ ol bir oglan bilen tanshyp söýshendir. Elbetde men ol gyzy hijem günäkär edip bilmen, sebäbi ikimiziñ aramyzda söýgi hakda hiç hili diýlen-goýlan söz ýokdy. Diñe garaýysh bardy. Men indi-indiler pikir edip özümi günäkär edýän: "ýeri aýtsañ bolmadymy, bir minut wagtyñam alanok sho söz, erkek ýaly ýüzüne "men seni gowy görýän, garasharmyñ" diýseñ, dünýe ýumrulanoga" diýip, özüme käýiñýärdim. Men ol gyza indi garaýshym bashgaça, sebäbi ol indi bir mashgalañ gelni, men bolsa özge bir sallah kishi. Ol hakda ýatlamalam däl. Aýtjak bolýanyma düshünensiñizle, nije ashyklar shol birje sözi aýdybilmän öz ýaryna gowushmady. Bu ýagdaýlary hemmelerem göre-göre gelýär. Hemmede bashyndan geçiren. Sizden soramakçy zadym, söýýän gyzyña "men seni gowy görýän, halaýan" diýseñ nähili borka, eger käte gabatlashýan bolsañ. Mydam görshüp ýören bolsañ aýry mesele, öwrenship söýüshseñem bolar, ýöne käte gabat gelýän bolsañ shol sözi diýseñ gyz nähili kabul ederka?
"Söýýän" diýmek
-
handsome1
12 years ago
- men size dusunyan, sebabi meninem basymdan gecdi.
Derdime dusuner ysk yukun ceken,
cekmedik yitirer oz eziz wagtyn
-
def
12 years ago
- soyyan diyydin diyeli. Olam sana razylyk berdi. Son? Soyen gyzym aldym diyjek,bary shumy?
Adamlar geljegin yashaya,shony gaygy etya,ishleya,okaya... Senin yagdayyna dusundim we shuny diyesim gelya; aytjak zadyny aytmazlyk,beylekilere rugsat bermeklikdir diyen soz bar
-
vento
12 years ago
- Wah šo sóz...(ýaram ýaš bolup,aglap otyran smaýlik)
-
maloyjan
12 years ago
- yatyp galandan atyp gal diyipdirler. gurp tarp edip gosha bilen atyp galaymalyda
-
Koneurgenchli
12 years ago
- durmushda hakyky bolyan zat, yone name etmeli eger razy boljagyna gozun yetse aytmalymyka diyyan
-
Karat
12 years ago
- Çyndan gynandym dost. Indi ol gyzy unutmakdan ba$ga alaç ýokmyka diýýän.
Eger ba$ga biri barada bolsa, sorag-ideg et hala$ýany barmy, yokmy? Yok bolsa salamdan ba$la'da dowam ediber. Ya-da nomerini alda jañ edip özüñi tanat we erbet netiñ yoklugyny, yeketäk islegiñ oña bolan söygüñdigini gowja edip dü$ündirmelimikä diýýän menä.
-
ALADIN
12 years ago
- "ýatyp galandan atyp gal" diýärler.
Barmaley siz indi ol gyza diýýiñ diýip aýtdygym däldir , sebäbi ol indi bashga kishiñki.
-
nlo
12 years ago
- çyn aşyk men seni söyyan diyip aydybilmez
hem söygisini yüreginde saklabimez
-
Barmaley
12 years ago
- Ýöne shunuñ ýaly ýerde gyzdan utanmaly, çekinmeli dälmika diýän. Söýdüñmi "söýýän" diý, nämede bolsa jogabyny bererä. Ýöne gyz halkam añsat-añsat bu söze erkini bermez. Elbetde, gyzyñ sendede göwni bardyr, gyz seni jandan söýsede, olarda "haýa" diýip bir zat bar. Utanar, çekiner, onsoñam gyz öz söýýän oglanyny edil elindäki "nançy goýun" ýaly nirä idesi gelse ider barar. Söýmek bir bashga, söýüshmek bir bashga.
-
makgush
12 years ago
- Söýgiñ ýalan bolmasa, dymyp gezip bolmazlaý,
-
Barmaley
12 years ago
- "Söýgiñ ýalan bolmasa dymyp gezip bolmazlaý" diýäñmi Makgush, Nlo hem ýazypdyr shu manyda.
Diñle:
Söýmek bir bashga, söýüshmek bashga,
Düshünmän akyl satmañ "soýgi" diýen yshka.
Söýgüsiz adam ýashaýarmykan,
Asla söýgä, dushmadyk barmyka käshkä.
-
makgush
12 years ago
- name diysene barmaleeey! Sana akyl satyan yok, beyle soyen bolsan, aydaymaly ekenin diyjek bolyan. Sen yokarda olam meni gowy
görerdi, özi maña gep tapyp lak
atardy diyipsin, eger sende gowni barlygyny bilen bolsan, dymyp gezman aytmaly eken ''soyyan'' diyip.
-
magnit
12 years ago
- gyz gitdi, indi uwlanyn peydasy bolmazlay , söyyan diymek kyn yone men sana ashyk boldum diysen has ynandyryjy bolyar
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Ahahay magnit onarayypsyn sena. Dogry aytyan asyl shu soygi diyen soze bolamokda. Haladym, gownun gitdi, ashyk boldum... Ilki lak atmak un shular onaylymyka diyyan.
-
akylym1989
12 years ago
- nähili kabul etjeginä bilemmok, emma wagtynda bu sözi diýmezlik bilen, ol söýgümizi elden gidirýän aşyklar az däl durmuşda
-
Yegen
12 years ago
- Aydyp galmalymyka diyan
-
Abadan
12 years ago
- Bah,her kimiñ her hili durmu$y baraý..
handsome1 12 years ago- ay, ola gyzyn ozune baglymyka diyyan ( dunya garaysyna, terbiyesine, basga birini halayan, halamayanlygyna....) yone soygunize yetip bilmaninize gynandym, gowy bolmandyr :-(