Bir bolgusyz sebäp bozdy arany, Señ ýoluñdan aýra dü$di meñ ýolum. Indi bir-biregi görmedik bolýas, Señ äriñ gabanýar, meñem aýalym. Ýogsam, esasam ýok gabanmaklyga, Sora$sak bes: "Niçik ýagdaýyñ-halyñ?.." Ýöne biz $ondanam çekinip ýörüs, Señ äriñ gabanýar, meñem aýalym. Biz ölmesek, ölmez ýatlamalarmyz, Ölmez ýürekdäki arzuw-hyýalam. Muña ikimizem dü$ünýäs kemsiz... Señ äriñ gabanýar, meñem aýalym. Ýa$lyk ýyllarymy salyp ýadyma, Sen barada go$gy ýazýan käýarym. Arman, $onda adyñ agzap bilemok, Señ äriñ gabanýar, meñem aýalym. Italmaz Nuryýew

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir