söÿgi nagmasy men bir sada ÿigit- obada doglan, söÿginiñ lezzetin bilemok juda. söÿdürip,  söÿmegi bilmeÿän oglan, boldy señ ugruñda intizar geda. sabyrly garaşyp erteki daña, ynan, görüşmäge degmedi elim. "söÿÿärin" hem diÿip bilemok sańa, sen  meni bagyşla, näzenin gülüm. ÿürek seni küÿsäp karar tapanok, emma ädimlerim yza çekilÿär. saña diÿjek bolup, näçe gaÿtalap, sözlerimi diÿibilmän sakynÿan. saña baksam, duÿgylarym, hyÿalym, arzuwlaryń kenarynda çapyşÿär, eÿ, gaşlary keman, sahypjemalym, göreçlermiz  ÿyldyrym deÿ çakyşÿär. indi " sabyrla-da sap altyn" diÿip, tiz tutaşÿan yşka garşy göreşÿän. gözelleñ içinden  bir seni söÿüp, seniñ berjek jogabyña garaşÿan. Awtory: atanyÿaz hangeldiÿew

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir