Bir oglan bilen iki yyl halasdym, omrumde ilkinji soygim megerem ony men yaly soyen hicem bolmaz. Onun ucin eden zatlarymy sanasan sogaby kan. Iki ay mundan on meni isimden turciya ugradyalar diydi. Mana hokman garash men gelerin diydi. Menem agenda girginin hokman habar tutmana dp hayyst etdim. Bor diyip hoslasyp gitdi. Indem onun gidenine bir yyl boldy men ona henizem garasyan,hic hili habar hatyr yok. Dostlerynyn eline jan edyanem velin alanoklar. Garaz yitip gitdi govnume her hili pikir geldi janybir sagmyka diyip. Son janynyn saglygy un bir ay oraza bekledim sypdyrman. Her namaz okamda yurekden aglap diledim. Gideni bari 10kg horlandym. Duyn bolsa bar dunyam yuruldy,Allajan hic ynsan seyle duygyny basdan gecirmesin menin icimde biri iyip baryan yaly seylebir icimin organlary bar yere gysylya fiziki agyry tarapyndan,a duygularym barada aydybam bilemok. Duyn dostyny gordum yolda ,yanyma gelip jigim menden esdenini aytma velin ol eyyam bir vagt oylendi,sen yuzune aydyp bilmanem gidyan diyip yalan sizledi dp aytdy. Men nadip soz bilen dusundirjegimi bilemok baaar durmusym kule dondi,gaty yandym prosto yuregim dovuldi basga hic zadam dal. Kime aytjagymy bilman su yere yazaydtm. Bu zatlaryn Alla ikimizden basga sayady yok. Hudayym bilyandir menin su vagtky yagdayymy. Su yazan zatlartm 100% cyn. Men nadip yasajagymy bilemok. Sinam nadip mana dozdi su zatlary? Nadip? Ganym dusmanynada dozmersin.
Teman adyny name yazjagymam bilemok=(
-
Aygull
13 years ago
- :-( gynanyan
-
Aygull
13 years ago
- :-( gynanyan
-
betyigit
13 years ago
- her bir zatda hayyr bardyr,belki hayyrlysy bolsun diyaymesek biza,engshallah ondanam gowusyna dugsharsyngyz.
-
sahett
13 years ago
- soz bermek agty jogapkarcilik dogurdanam ene-atan onundede yuzu gara bolyan basgalarnam sabr dile icini doksen yenleyan.
durmus dowam edyar yuregini ynjytma sen yaly wepaly gyza beymane nadipdozdi ay bu zatlarnam bir sebabi bardyr sabr et
-
garypjan
13 years ago
- Salam! Ýurekden gynandym. Ine nesip bolsa ondanam gowy oglan taparsyñ gùlýaly durmushyñ bolar Bagtly bolarsyñ. Kop içiñe salma ýùrek agyrly bolarsyñ. Ýadyñdan çykarjak bol. Gelejegiñ öñùñde diñe öñe!!!
-
littil
13 years ago
- men gaty gynandym beýdip kösenme, sen onuň içini ýakyp bagytly bolmalysyň. sen beýdip oňa zyýan ýetirmersiň ,özüňe zyýan ýetirersiň. ol saňa gynanýan oglan bolsa beýitmezdi. sen azajyk özüňi ele al hemme zat gowy bolar, ine görersiň sen ondanam gowy oglan tapyp bagytly bolarsyň.
men şular ýaly zatlary eşitsem hiç kime göwün bermedigime begenýän.
-
ynsan
13 years ago
- «eý meniň gyzym, men elli
ýaşlarynyň çäklerine golaýlan
adam. ýaşlygym geçmişde galdy.
onuň bilen bilelikde ähli arzuw-
hyýallarym hem uçup gitdi. men
öz ömrümde dürli ýurtlara köp
syýahat etdim, köp adamlar
bilen duşuşdym we bu dünýä öz
şahsy tejribämde akyl ýetirdim.
şonuň üçin hem, meniň ýaşym
we durmuş tejribämden süzülip
çykan, başga hiç kimden
eşitmedik, dogruçyl we açyk
sözlerime gulak as.
biz özleriniň ahlaklaryny
düzetmekleri we azgynlygy ýok
etmekleri, şeýle hem özlerindäki
pes duýgylary basyp
ýatyrmaklary üçin adamlara
şeýle köp ýazyp-ýüzlenmekden
ýaňa, galamlarymyz kütelip,
dillerimiz ýadady. munuň
netijesinde, biz hiç zat gazanyp
bilmedik we ýamanlygy ýok
edip bilmedik. gaýtam tersine
erbet hereketler köpelip,
azgynlyk has gorkunç häsiýete
eýe boldy. teniňi açmak we
adamlara güjeňlemek ýaly
gorkunç gylyk-häsiýetler güýjäp,
jemgyýetiň giň gatlaklaryny öz
içine aldy we bir ýurtdan beýleki
ýurda ýaýrady. meniň pikirimçe,
häzirki döwürde bu howpyň
abanmaýan hiç bir yslam
döwleti galan däldir. hatda tenini
bütinleýin ýapýan, däp bolup
giden uzyn örtgileriň geýilýän,
ahlagyň berk goralýan we
ýapmaly ýerleriň pugta
ýapylýan ýurdy bolan şamda-da,
aýallar döşleriniň üstüni açyp,
adamlaryň arasyna çykyp
başladylar.
şeýlelikde, biz üstünlik gazanyp
bilmedik, men ony
gazanjagymyza-da ynanamok.
bilýäňmi, näme üçin? sebäbi şu
günlere çenli, biz reformasiýa
(jemgyýeti üýtgetmek) ýolyna
düşmedik, çünki ol ýoly biz
bilemizok. reformasiýanyň
gapysy seniň öňüňde, açary
bolsa gyzym, seniň eliňdedir.
eger sen şuňa ynansaň we
şunuň ugrunda zähmet çekseň,
onda ýagdaý gowulyga tarap
üýtgär.
azgynçylyga tarap gidýän ýola
ilkinji ädimi hut erkek adamyň
özi ädýändigi örän dogrydyr,
çünki gyz hiç gaçan beýle işi
ilkinji bolup etmez. ýöne, seniň
hoşamaýlygyň bolmasa, erkek
hiç haçan öz diýenini etdirip
bilmez. sen açylýarsyň, erkek
adam bolsa girýär. haçan-da ol
seni talanda, sen: "kömek ediň!
eý adamlar, meni taladylar...!"
diýip gygyrarsyň. eger sen ähli
erkekleriň, tebigaty boýunça
möjekdigine, seniň bolsa
guzujykdygyňa akyl ýetirsediň,
onda guzujygyň ýyrtyjydan
halas bolmak üçin gaçyşy ýaly
aýak aldygyna gaçardyň. eger
sen hemme erkekleriň
ogrudygyny bilsediň, onda
husydyň ogrulardan ätiýaçly
boluşy ýaly örän seresap
bolardyň.
eger möjege guzudan diňe onuň
eti gerek bolsa, erkek adam
senden has gymmatly zady
almak isleýär. eger guzy üçin iň
erbet zat ölüm bolsa, bu seniň
üçin ölümden has beter bolar.
erkek adam seni sendäki iň
gymmatly zat bolan, seni
akýürekli, dogruçyl edýän, seniň
guwanyp, gorap-aýaýan
zadyňdan – päkligiňden mahrum
etmek isleýär. erkek adamyň
mekirligi we ähdiýalanlygy bilen
päkliginden mahrum edilen
gyzyň durmuşy, möjegiň tike-
tike eden guzujygynyň
ölüminden 100 esse beter bolar.
alladan ant içýärin, bu
hakykatdan hem şeýledir!!!
islendik ýaş ýigit gyzy gören
dessine, hyýalynda onuň
eşiklerini çykarýar, soň ol gyzy
ýalaňaç halynda göz öňüne
getirýär.
seniň öňüňde ýene alladan ant
içýärin we saňa, diňe sendäki
ahlak we edebi görýändiklerini,
seniň bilen diňe ýoldaş
hökmünde gatnaşýandyklaryny
we seni diňe dosty ýaly gowy
görýändiklerini aýdýan erkek
adamlara hiç haçan
ynanmazlygyňy senden haýyş
edýärin. alladan ant içýärin,
barysy ýalan!!!
eger sen ýaş ýigitleriň ýeke
galanlarynda öz aralarynda
edýän gürrüňlerini eşitsediň,
onda elhenç we eýmenç zatlary
bilerdiň. ýigidiň islendik
ýylgyryşy, islendik öwgüsi we
islendik kömegi, mekir
maksadyna ýetmeklige
taýýarlykdan başga hiç zat hem
däldir, ýa-da iň azyndan, ol ýigit
uzaga gidýän maksatlaryna
taýýarlykdyr öýdüp pikir
edýändir.
gyzym, munuň soňy nähili bolar?
özüň pikirlenip gör. siz bir göz
açyp-ýumasy salymlyk
ikitaraplaýyn keýpde
geçirersiňiz, soň ol ähli zady
unudar, sen bolsaň, eden etmişiň
jezasyny ömür boýy çekmeli
bolarsyň.
ýigit keýpini köklär gider we
ýene ryswa etmek üçin başga
bir garamaňlaý, akmak pidasyny
gözläp başlar. seniň göwräňde
emele gelen düwünçegiň bar
agramy bolsa, saňa düşer we
seniň ýüregiňi howsala gaplap
alar, seniň maňlaýyňa
masgaraçylyk tagmasy basylar.
adalatsyz jemgyýet: «bolanda
näme, ýaş oglan ýalňyşlyk
edipdir, ýöne soňundan ökündi
ahyryn» diýip, ýigidiň günäsini
bagyşlar. sen bolsa, bütin
ömrüňe batgalykda we
masgaraçylykda gezersiň,
jemgyýet seni hiç haçan
bagyşlamaz.
wah, eger sen şeýle adama
duşanyňda mäkäm saklansadyň
we öz aýgytlylygyňy, üzül-kesil
garşylygyňy görkezip, oňa
seretmesediň. eger ol öz
binamyslygy bilen seniň
garşylygyňa garamazdan, el ýa-
da söz bilen saňa kast etmäge
het etse, onda aýagyňdaky
köwşi çykar-da, bar güýjiň bilen
onuň samsyk kellesine ur. eger
sen şeýtsediň, islendik ötegçi
saňa arka çykyp, kömek ederdi.
ondan soň ol beýle ýeňilkellelige
milt edip bilmez we utanç,
puşmandan ýaňa (eger ol
akýürekli bolsa) kanuny
gatnaşyk etmek we guda
bolmak üçin seniň ýanyňa ötünç
sorap geler.
islendik gyzyň (ol nähili meşhur,
baý we abraýly bolsa bolsun) iň
mukaddes arzuwy hem bagtly
durmuş gurmakdyr we ol
göreldeli aýal, hormatlanýan ene,
abraýly ojakbaşy bolmagy
ýüregi bilen isleýändir. şu
tarapdan ähli aýallar (şol sanda
ýalpyldysy bilen köp aýal-
gyzlaryň gözüni gamaşdyryp
ýalňyşdyrýan şaaýallary,
şagyzlary we golliwudyň
meşhur aktrisalary) öz
aralarynda meňzeşdirler. hut
meniň özüm müsürde we şamda
iki sany meşhur aýal ýazyjylary
tanaýaryn. söz sungatynyň
ussatlary hökmünde olar ägirt
köp maddy serişdeler gazanyp,
edebiýat äleminde şöhrata eýe
boldylar. emma ärsiz galyp,
olaryň ikisi-de akyllaryny
ýitirdiler we psihiki taýdan
näsaga öwrüldiler.
gyz üçin, ol mejlisiň agzasy
bolup, uly häkimiýete eýe bolsa-
da, hemişe iň mukaddes umydy
– durmuşa çykmak bolar.
ýeňilkelle ahlaksyz gyzy bolsa,
hiç kim aýal edinmez.
hatda «saňa öýlenerin» diýip,
wada berip, päk gyzlaryň
başyny aýlap ýören aldawçy,
haýyn hem, eger gyz onuň
ýalbar-ýakaryna razy bolup,
azgynçylyk edäýse, ol gyzy
taşlap gaçyp gider. sebäbi,
ahlaksyz ýigit hem öýlenmek
islese, özüne başga, dogruçyl,
päk gyzy saýlar. çünki oňa-da
hojalygyň eýesi we gyzlarynyň
ejesi boljak gelin hökmünde,
ýerde ýatan aýal gerek däl.
hatda keýp bazarynda
namysyny onuň aýagynyň
aşagyna taşlajak we onuň elinde
oýunjak, şeýtanyň dini boýunça
onuň bilen birleşmäge razy
boljak ýoldan çykmyş ýa-da
samsyjak gyzy tapyp bilmeýän
ahlaksyz erkek adam-da,
öýlenjek bolanda yslam
kanunlaryny doly berjaý edýän,
arassa gyzy almak islär.
hut siziň özüňiz, gyzlar, köp
gyzlaryň durmuşa çykyp
bilmeýändigine günäkärsiňiz.
çünki siziň araňyzda ýoldan
çykan ahlaksyzlar bolmasady,
onda gelin bolup bilmän öýde
oturanlaram bolmazdy,
azgynlygam beýle giň
ýaýramazdy... näme üçin siz şu
ugurda zähmet çekeňizok? näme
üçin asylly we ahlakly aýal-
gyzlar şu bela garşy
göreşmeýärler? sizden başga bu
meseläni kim çözsün? çünki bize
garanyňda, bu işjeňlige siz has
laýyk gelýärsiňiz, sebäbi
gyzlaryň diline we olary
ynandyrmagyň usullaryna siz
has gowy düşünýärsiňiz.
üstesine-de, şeýle azgynlygyň
pidasy köplenç dogruçyl, asylly,
ahlakly we imanly gyzlar, ýagny
hut özüňiz bolýarsyňyz. bütin
şamyň territoriýasynda her
öýde diýen ýaly, özlerine är
tapyp bilmeýän ýetişen gyzlar
bar. sebäbi ýaş ýigitler kanuny,
nikaly gelin almagyň deregine
oýnaşlar bilen gatnaşyk etmegi
saýlap alýarlar. şeýle ýagdaý,
megerem, şamdan başga
döwletlere-de häsiýetlidir.
azaşan uýalarymyzy dogry (hak)
ýola salmak üçin, içinde mekdep
mugallymlary we talyplar hem
bolan, ylymly-bilimli aýal-
gyzlardan ýörite toparlar
dörediň. olara allanyň gazabyny
ýatladyň, eger olar ondan
gorkmasalar, ýokuşyp biläýjek
keselleri, gündelik keselleri
ýatladyň. eger keselden hem
gorkmasalar, onda olar bilen
adaty, durmuşy gürrüňler ediň,
olara: «siz, daşyňyzda ýalym-
ýulum edip ýören ýaş ýigitleri
özüne çekýän ýaşajyk we
owadan gyzlar. ýöne siziň
owadanlygyňyz we ýaşlygyňyz
uzaga çekermikä? şu dünýäde
gyzlaryň ýaşlygyndan we
gözelliginden çalt geçip gidýän
zat barmyka? ýüzleri ýygyrt-
ýygyrt, bukur garry kempir
bolanyňyzda siziň halyňyz niçik
bolar? sol wagt siz kime gerek
bolarsyňyz? kim siz hakda alada
eder? garry aýallar hakda alada
edip, olara iýmit we öýi kimiň
berýändigini bilýäňizmi? olar
garry wagty – ogullary we
gyzlary, ogul agtyklary we gyz
agtyklary. solaryň arasynda aýal
ýaşuly we maşgala meselelerini
çözýän abraýly adam bolar. ol
maşgala tagtynda buýsanç bilen
oturan wagty, beýleki gyz... aý
siziň özüňiz oňa näme boljagyny
bilýänsiňiz!» diýiň.
bir gezek brýusseldekäm,
şäheriň bir çatrygynda men şu
wakanyň şaýady boldum.
adamlara geçmäge rugsat
berýän ýaşyl çyra ýandy,
adamlar köçeden geçip
başladylar. pyýadalaryň biri,
aýaklarynda durup bilmeýän,
garrylygyndan ýaňa bedenine
diýenini etdirip bilmeýän, lagşan
garry kempirdi. köçeden geçjek
bolanda, gapdalyndan wazlap,
zordan kakman geçýän
maşynlaryň okgunly akymynyň
arasynda galypdy. muny görüp,
men gapdalymdaky ýaş
ýigitlerden garry aýala kömek
etmeklerini haýyş etdim. şonda
aramyzan brýusselde 40-dan
gowurak ýyl ýaşan, dostum
proffessor nadim zabýan şeýle
diýdi: «bir wagtlar şu garry
kempiriň, köp erkegiň başyny
aýlan, şäheriň iň owadan gözeli
bolandygyny bilýäňmi? olaryň
ählisi onuň hoşamaý
garaýyşyny gazanmak ýa-da
elini eline çalaja degirip görmek
üçin baýlyklaryny we ýüreklerini
onuň aýagyna zyňýardylar.
haçan-da ýaşlyk geçip,
owadanlyk göçende, oňa elini
uzadyp kömek edýän hem ýok.»
eýsem, bir göz açyp-ýumasy
salymlyk keýp bilen şu jebri-
jepalary deňäp bolarmy? şeýle
agyr horlukly netije şeýle
başlangyç edeniňe degýärmi?
munuň ýaly gürrüňleri dowam
etmesek-de bolar, sebäbi siz
mensiz hem olary gowy
bilýärsiňiz. terstäleýli, azaşan
uýalaryňyzy dogry ýola
ugrukdyrmak üçin hiç hili
mümkinçilige biperwaý
garamaň, gaýtam tersine, ähli
serişdeleri (onuň ýaly serişdeler
sizde az däl) ulanyň. eger siz
muny edip bilmeseňiz, onda iň
azyndan, ähli güýjiňizi heläkçilik
ýolyna düşmeli däl bolan päk
gyzlary we ýaşajyk samsyjaklary
erbet göreldeden goraň we
azgynlyk keselinden halas ediň.
men sizi, şu günki musulman
gyzyny, birbada biziň şöhratly
geçmişimiziň hakyky musulman
gyzyna öwürmäge çagyramok.
asla! men erbet endigi birbada
üýtgedip bolmaýandygyna
düşünýärin.
gije garaňky we gözedürtmedir,
gündiz bolsa, ýagty we parlak.
emma alla bizi tümlükden
ýagtylyga birbada geçirmeýär,
kem-kemden gijeden gündize
geçirýär. sagadyň minut
görkezýän diline meňzeýän bu
geçişi biz duýmaýarys. sagadyň
minut görkezýän diline seretsek,
ol hereketsizdir. emma birnäçe
wagtdan ýene seretsek, onuň
ýeriniň üýtgändigini görýäris.
edil şonuň ýaly, adam hem
çagalykdan ýaşlyga, ýaşlykdan
garrylyga geçýär. edil şonuň
ýaly, halk hem bir ýagdaýdan
beýleki ýagdaýa ýuwaş-
ýuwaşdan geçýär.
edil ýamanlyga tarap ädim-ädim
gidişimiz ýaly, indi ädim-ädim
ýagşylyga dolanmalydyrys.
zolak-zolakdan siz ýalyklaryňyzy
açdyňyz, sapak-sapakdan
köýnekleriňizi ýukaltdyňyz,
aňrysy görnüp başlady.
ummasyz köp wagtyň içinde siz
bu geçişi etdiňiz, dindar erkekler
bolsa, muny duýmadylaram.
ahlagyň şeýle pese düşmegine
pornografiki (bihaýaçylykly)
žurnallar ýardam etdi,
näletkerdeler bolsa, muňa
şatlandylar. netijdede, biz yslam
dinine-de, hristiançylyga-da
sygyşmaýan ýagdaýa geldik.
taryhy rowaýatlara görä, hatda
otparazlaram muňa rugsat
bermeýän ekenler, hatda
haýwanlaram muňa garşy.
hatda horazlaram, öz
towuklaryny gabanyp, onuň
üstünde uruşýarlar ahyryn. edil
şol bir wagtyň özünde bolsa,
aleksandriýanyň we beýrutyň
kenarýakalarynda musulman
erkekler öz musulman
aýallaryny, olaryň el, ýüz, boýun
däl, ähli ýerlerini görýän erkek
adamlardan gabananoklar.
gijeki klublarda we
«öňdebaryjy» oturyşyklarda
ýokary gatlagyň ''musulman''
erkekleri ýat erkeklere öz
musulman aýallary bilen tans
etmäge, olary gujaklamaga we
olary şeýle derejede özlerine
gysmaga rugsat berýärler welin,
erkegiň döşi aýalyň döşüne
süýkenýär, garny garnyna
galtaşýar, erkegiň dodaklary
aýalyň ýaňaklaryna degýär, elleri
bolsa, aýalyň tenini gurşap alýar.
hiç kim muny görenok.
musulman uniwersitetleri
musulman ýigitleri ýarym
ýalaňaç musulman gyzlary bilen
bile oturdýarlar, muňa bolsa, ne
musulman erkekler, ne-de
musulman aýallar garşy
çykýarlar we ş.m.!!!
şu we şuňa meňzeş aýyp
hadysalary birbada ýok edip
bolmaýar. erbetlige nähili gelen
bolsak, edil şonuň ýaly edip,
hatda bu ýol biziň üçin gaty
uzak görünse-de, yzymyza
dolanmalydyrys.
biz ilkinji nobatda, iki jynsyň
gatnaşmagyna garşy
göreşmelidiris. medeniýetlilik
şygary astynda deňlige we
jynslaryň garyşmagyna
çagyrýanlar iki esse
ýalançydyrlar: birinjidem, olar bu
zatlary diňe özleriniň ten
keýpine höwesi sebäpli, nejis
meýillerini kanagatlandyrmak
üçin isleýärler. emma munuň
tarapdarlary öz ýaman pällerini
aç-açan mälim etmäge milt edip
bilmeýärler we öz ymtylyşlaryny
her hili lakgyldy we boş sözler
bilen bukmak isleýärler. muňa
progress, siwilizasiýa, sungat,
uniwersitet durmuşy, sport ruhy
ýaly şygarlar girýär. bu boş,
ýöne gaty çykýan sözler
depregiň gümürdisi ýaly
düýbinden manysyzdyr.
ikinjiden, olar ýalançy, sebäbi
'ähli hakyky zatda ýewropanyň
tagmasy bolmalydyr' diýip
ýewropalylara öýkünip, olaryň
göreldesine eýerýän şol
''dogruçyllardan'' şol
ýewropalylaryň özleri hem has
dogruçyldyr. sebäbi, olar üçin
hakykat, ýalanyň garşylygy däl-
de, şol ýerlerden: parižden,
londondan, berlinden, nýu-
ýorkdan gelýän zatlardyr, hatda
ol zatlar tans, azgynlyk,
bozuklyk, stadionlarda eşiklerini
çykarmaklyk, deňiz kenarlarynda
ýalaňaçlanmaklyk ýaly zatlar
bolsa-da.
biziň okan zatlarymyza görä we
şol ýerlerde bolup gören
şaýatlaryň hut özleriniň gürrüň
bermegine görä, hatda ýewropa
we amerikada-da jynslaryň
beýdip garyşmagyny halamaýan
we munuň ýaly zatlar bilen
razylaşyp bilmeýän
maşgalalaram az däl eken. hatda
parižde, ynanyň, hut parižiň
özünde öz ýetişen gyzlaryna ýaş
ýigitler bilen güýmenmäge we
olar bilen kinoteatrlara
gatnamaga rugsat bermeýän
ene-atalar bar eken. onuň
üstesine-de, bu ene-atalar öz
gyzlaryna diňe özleriniň bilýän
we azgynçylykdan, bozuklykdan,
ahlaksyzlykdan saplanan filmleri
görmäge ygtyýar berýän
ekenler.
jynslaryň garyşmagynyň
tarapdarlary şeýle diýýärler:
«jynslaryň garyşygy jynsy islegi
ýok edýär, ahlagy terbiýeleýär
we jynsy aladalylykdan halas
edýär.»
muňa jogap bermegi, dini bir
gyra taşlan, ne yslam şeýhiniň,
ne-de hristian ruhanysynyň
sözlerine gulak asýan russiýa
ýaly döwletleriň mekdeplerinde
oglan-gyzy bilelikde garyşdyryp
okatmagy girizenlere goýýarys.
ýene-de mysal hökmünde
amerikany alyň. onuň öňünde
duran bir topar meseleleriň
içinde ýokary klasdaky gyzlaryň
we talyp gyzlaryň arasyndaky
göwreliligiň sanynyň artmagy
durýar. edil şonuň ýaly meseläni
biziň ýurtlarymyzyň
uniwersitetlerinde ýüze
çykmagy kime gerek!
men ýaş ýigitlerden we
jahyllardan ýokarda aýdylan
zatlary berjaý etmegi towakga
edemok. çünki olaryň maňa
gulak asjagyny umyt hem
edemok. men olaryň meniň
pikirimi akmaklyk hasaplap, ýüz
ugruna ret etjekdiklerini bilýärin.
sebäbi men olara (hamala, olaryň
entek ýetip bilmedik) lezzetlerini
we keýplerini gadagan edýärin.
men size ýüzlenýärin, eý meniň
gyzlarym!
eý meniň imanly we dindar
gyzlarym!
eý meniň dogruçyl we päk
gyzlarym!
ähli ýagdaýda-da, pida boljak
ýene-de sizsiňiz. şonuň üçin
şeýtana özüňizi gurban etmäň!
azatlyk, siwilizasiýa,
öňdebaryjylyk, sungat we
uniwersitet durmuşy ýaly
şygarlary galkan edinip, oglan-
gyz garyşan jemgyýetçilik
durmuşyny owadanlap
suratlandyrýanlara hiç haçan
gulak gabardaýmaň! şunuň ýaly
nälet siňen ündewçileriň
köpüsiniň ne aýaly, ne-de
çagalary bar. sizde olary
gyzyklandyrýan zat diňe bir
pursatlyk keýpden başga hiç zat
däldir. maňa gezek gelende
bolsa, men birnäçe gyzyň atasy.
men size, edil öz gyzlaryma
isleýişim ýaly ýagşylyk isleýärin.
bu näletkerde, deýýus
adamlaryň ýaňraýan zatlarynyň
hiç birisi gyza ne onuň ýitiren
namysyny gaýdyp berer, ne-de
garalanan abraýyny päklär. eger
gyz azgynlyga ýol berse, onda
ýaňky dilewarlaryň hiçisi oňa
elini uzadyp, ony batgalykdan
çykarmaz. olaryň hemmesi
owadanlygy üçin (entek
owadanlygy barka) gyzyň
daşynda hozanak bolarlar.
haçan-da gözellik solanda,
hyrydarlaryň hemmesi edil
itleriň eti iýip bolansoňlar, läşi
taşlap gidişleri ýaly ýok bolup
giderler.
eý meniň gyzym! meniň saňa
berjek nesihatym şeýle. hakykat
hut şunda jemlenýändir, şonuň
üçin hem başga zatlara gulak
asma. dogry ýolyň gapysynyň
açarynyň bizde, ýagny
erkeklerde däl-de, hut seniň öz
eliňdedigini ýatdan çykarma.
eger sen isleseň, onda sen özüňi
düzedip, päk gyz bolarsyň. seniň
päkligiň bolsa, bütin ymmatyň
düzelmegine we päkligine alyp
barar.
allanyň merhemeti siziň
üstüňizde bolsun!!!
uýam! bu makala saňa
ýüzlenýär. biz alladan siziň halas
bolmagyňyzy dileýäris. eger
biziň ýazgymyz size hakykaty
we ýalany saýgarmaga kömek
etse, örän şat bolarys. beýik alla
biziň hemmämizi dowzahyň
odyndan gorasyn! ämin.
-
Myahri6a
13 years ago
- Yaman gynandym. Yuregine agram salma. Unutjak bol. Suratlary bar bolsa gorme, ol hakda pikir etme. Garyndashlarynka, joralarynka git, okuwda okayan bolsan okuwyna guymen. Enshalla, ondan gowusyna, seni sylayan birine dusharsyn. Ol oglan hem eden zadyna okunjegine ynanyan. Yone ilki ol oglan b.n gurleship bilsen gurlesh, ol hakdaky bar pikirlerini ayt. Mendenä maslahat $u.
-
ynsan
13 years ago
- eh gyzlar, gyzlar mydama cyndan yureginizi berip aldanyanyzda. Eger namaz okayan bolsan, bu zatlary hic yuregine salmagyn. Bu bir synagdyr. Alla Tagala her bir oz gulyny synajakdyr. Belki seninem synagyndyr bu. Mert dur. Hic pushman etme, ybadatyny azalatma kanelt, nalama, gargama, dogany gushlendir. Allah sahydyr. Ol hokman adalatlysyny nesip eder. Hayyrly bolmak dogasy blen.
-
idealman92
13 years ago
- söýgi diýip gygyrýän köp,ýöne gören az,söýen adamyñ gözi kör bolýar.esasy maslahatym-durmu$y dowam et,eliñi a$ak göýberme!
-
def
13 years ago
- Ynsan gaty gowy yazypsyng sagbol!
-
def
13 years ago
- Ging bol uyajygym
-
Myahri6a
13 years ago
- Ynsan, nirden aldyñaý ony?
-
Myahri6a
13 years ago
- Ynsan, nirden aldyñaý ony?
-
Friendship
13 years ago
- Esasy zat - indi gechmishi ýatlap, arman chekip oturanyñdan netije ýok. Boljak ish bolupdyr. Señ öñüñde geljegiñ ýatyr! Shol hakda köpräk pikir et! Men bu bolan wakany unut diyib-ä biljek däl, sebäbi, bu mümkin däl! Ýöne geljegiñ hakda has köpräk alada etseñ, özüñ üchinem, geljekki durmushyñ üchinem has gowy bolar. Men saña öñdäki ýollarda egsilmez bagt, halal, päkize durmush arzuw etyän, uýam!
-
nurx
13 years ago
- Gaty gynandym yagdayyna dusunyan menem bolup gorupdum janym yaly gowy goryan adamym seydip gidipdi, bir yyldan son geldi yone menden hic habar tutmady. Menem meni sylamayan adamy unutdym ynan wagt hemme zadyn dermany, insallah gecer. Cala yadyna dusse aglarsyn, gynanarsyn yone wagtyn gecmegi bilen unudarsyn. Yone eger eger su erbet dowrunde hic hili erbet karar berme, hic janyna kasty zady pikirlenme. Allah sabyr bersin:(
-
ynsan
13 years ago
ynsan, nirden aldyñaý ony?
teswirler.comdan alyp goyupdum.
-
googleon
13 years ago
- gaty gynandym allah sabyr bersin
-
Medik
13 years ago
- Sag bol "YNSAN" aga adyñyzy bilemok. Siziñ ýazanyñyz mende uly täsir galdyrdy. Sag bol. Mähriban gyzlar sizem okap netije cykararsyñyz diýen umytda.
-
def
13 years ago
- Emma shonun ucin oraza tutdym diyenine birhilije boldum
-
Garadamakly
13 years ago
- Ynsan agzanyň goýan tekstini bir wagt wähhäbiçiligi ündeýän bir saýtda okapdym. Ýagny, teswirler.com'da bir wähhäbi oglan ýazypdy we şol makalanyň çeşmesini goýupdy we şonda girip görüpdim.
Adamlar seresap boluň!
-
Hanchik
13 years ago
- ay agyz gaty gorme weli srazu aydayyn,agyryna chydasang mung yasha,huday diyip otyrmalyda,kellang nirede,soyushup name etjek,utanjak dami indi bashga birine barmany,sorry kellang gush kelle...
garadamakly biderek zat gurlemesenow,sho zatlaryng namedigini bilman,shular yalak bolyalarda gyzlar..
-
EsCaDa
13 years ago
- gynandym... Nam etjek? Oglanlagam erbetleri kan... Gurrun bershine gora dine agentda ya bolmasa chatda gepleshene menzeyan on bilen. Ne ujeli 1 yyllap bilman gezdin onun seni aldap tashlanyny.. Jalko.. Gayrat et
-
M1
13 years ago
- Aslynda bar guna gyzlarda
-
littil
13 years ago
- gyzlary ýere dykyp goýduňla, näme üçin günä gyzlarda?
gyzlar görýäňizmi gürleşmäniňden gowusy ýok, biz gyzlary allamalyňa diýenoklar, gaýtam gyzlary günäleýäler. bir tarapdan ýalňyşam däl, näme söýüşeniň bilen midal dakýalarmy diýsene.
-
def
13 years ago
- allamangow sholary bashga ishiniz yokmay. Pulun kopmi iy s*chda otyr tv seret p*rn seret welin beytmandarow. Durmushda name diyip name aytjak
-
mangurt
13 years ago
- Son janynyn saglygy un bir ay oraza bekledim sypdyrman
nahili samsyklyk
-
littil
13 years ago
- hany boldylaý gyzyň üstünden gülmek gerek dällaýow. belki hakykatdanam söýgä sataşsaň hemme zat etdirýändir.
-
Leomessi
13 years ago
- Yureksizgaldym@
shuny agentda dobavit et Brmarvelous@mail.ru sana aytmali zatlam ba
-
ynsan
13 years ago
Ynsan agzanyň goýan tekstini bir wagt wähhäbiçiligi ündeýän bir saýtda okapdym. Ýagny, teswirler.com'da bir wähhäbi oglan ýazypdy we şol makalanyň çeşmesini goýupdy we şonda girip görüpdim.
cala eshdip capma yykar diyyalermi turkmen aga!!
-
yureksizgaldym
13 years ago
- ahlinize minnetdar sylap yazanynyz ucin. uzakly gun dasyndan myhman bolup okadym,minnetdar barynyza.kavagt sana dash tanamayan adamlaryn,golaylaryndan has yakyn gorunyaler
-
ynsan
13 years ago
.kavagt sana dash
shuna gaty dogry aydylan.
tanamayan
adamlaryn,golaylaryndan has
yakyn gorunyaler
-
Selman
13 years ago
- Allam sabyr bersin uýam. Mert bol, bu bolýan zatlaryñ hemmesi synagdyr. Enshallah size sheýle bir ýigit dushar welin, siz dünýäde iñ bagtly gyzlaryñ hatarynda bolarsyñyz. Onsoñ enshallah köpelersiñiz, mashgala bn garyshyp gidersiñiz, bu durmush uýam, giñräk bolarlar, hemme zat chynmyka diýme.
Bagtly bol uýam.
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Güyçli bolmak, güyç dilemek; sabyrly bolmak, sabyr dilemek; allahdan hayyrlysyny dilemek, allanyñ bereniniñ iñ hayyrlysydygyna ynanmak; başgalaryna seretmek, öz yagdayña şükür etmek; söymek, söyeniñi allah razylygy üçin söymek; inşallah hayyrlysydyr.
Jeihun07 13 years ago- pahyr gyzjagaz gechdigi bolsun, Allah(c.c) beterine yar etmesin...:-)