Ford «Raptor» subbrendiniň ady bilen ýolsuz ýerler üçin täze ulagyny çykarmagy meýilleşdirýär
Ford kompaniýasy «Raptor» subbrendiniň adyndan ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täze «aýratyn» super off-road awtoulagy döretmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň baş müdiri Jim Farli täze modeli bar bolan pikaplaryň ýa-da beýleki off-road awtoulaglaryň ýöriteleşdirilen görnüşi hökmünde däl-de, düýbünden başgaça edip döretmegi meýilleşdirýändiklerini aýtd...
Gazagystanda türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 100-e golaý kompaniýa işleýär
Gazagystanda türkmen tarapyndan maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 100-e golaý kompaniýa iş alyp barýar. Bu barada Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşiklerden soň metbugat wekilleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Muny Kazinform agent...
Çehiýada samyrlar bent gurup, döwlet üçin 1,2 mln dollardan gowrak pul tygşytlady
Çehiýada Brdy goraghana zolagyndaky samyrlar häkimiýetler tarapyndan heniz 2018-nji ýylda gurmagy meýilleşdirilen birnäçe bendi döretdi diýip, ČT24 teleýaýlymy habar berýär.
Bentler Padrt howdanlarynda iki gijede guruldy. Bu ýerli howdanlaryň ekoulgamyny gowulandyrdy, aýratynam, suw-batgalyk ýerleriniň tebigy landşaftyny dikeltmäge kömek etd...
«Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligi ýokarlandyrylar
4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gull...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri Astanada syýasy geňeşmeleri geçirdiler
Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow kärdeşi Murat Nurtleu bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar hyzmatdaşl...
Moskwada GDA döwletleriniň ilçileriniň Russiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
3-nji fewralda Moskwada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Russiýada akkreditirlenen GDA agza döwletleriň ilçileri bilen däp bolan duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi E.Aýdogdyýew, şeýle hem Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda 2024-nji ýylda Russiýanyň...
Rolls-Royce Spectre elektrokupesi altyn bilen bezeldi
Özboluşly týuningleri bilen tanalýan Mansory nemes ussahanasy hakyky altyn bilen bezelen Rolls-Royce Spectre elektrokupesini hödürledi. «Equista Linea d'Oro» diýlip atlandyrylan bu model täze Atelier maksatnamasynyň çäginde taýýarlanyldy.
Mansory ussahanasy «Linea d'Oro» (Altyn çyzyk) adyny 2010-njy ýyldan bäri ulanyp gelýär. Ol bu ady ilkin...
Seýrek Mercedes-Benz W196 Streamliner ýaryş awtoulagy auksionda €51 milliona satyldy
«RM Sotheby’s» auksion jaýynda seýrek Mercedes-Benz W196 Streamliner ýaryş awtoulagy 51 million ýewrodan gowrak baha satyldy. Bu ulag 1950-nji ýyllaryň ortalarynda sürüjileriň dünýä çempionatynda ýaryşa gatnaşyp, soň muzeýlerde saklanypdy.
Awtoulagyň dizaýny Rudi Ulenhauta degişli bolup, ol 1954-nji ýylda FIA-nyň düzgünlerine laýyklykda döre...
Xiaomi SU7 Ultra sedanlarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady
Pekindäki zawodyň çäginde üç sany elektrikli hereketlendirijisi bolan we iň ýokary güýji 1138 kWt-a (1526 at güýjüne) ýetýän örän güýçli we çalt Xiaomi SU7 Ultra sedanlary göründi diýip, CarNewsChina habar berýär.
Kompaniýa iň ýokary derejeli modelini köpçülikleýin önümçilige goýberdi. Onuň satuwynyň we müşderilere eltilmeginiň mart aýynda b...
Ýewropa Bileleşigi «kabul ederliksiz töwekgelçilik» hasaplanýan emeli aňlary doly gadagan edip başlady
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda «Emeli aň hakyndaky kanunyň» (Artificial Intelligence Act) ilkinji talaplary güýje girdi. Bu giň möçberli kadalaşdyryjy hukuk namasy emeli aňyň (EA) ulanylyşyny düzgünleşdirýär. Ýewropa Parlamenti tarapyndan 2024-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen bu kanun jemgyýet üçin «kabul ederliksiz töwekgelçilik» döredýän EA...
Günüň üstünde bir günde ýedi partlama bolup geçdi
3-nji fewralda Gün işjeňligi rekord derejeli boldy. Bir gije-gündiziň dowamynda Günde ýedi sany M partlamalary, şol sanda M8.8 derejeli güýçli partlama bolup geçdi diýip, TASS habar berýär.
Amaly geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, şeýle güýçli partlama Aşgabat wagty bilen 8:58-de 3981 tegmiller toparynda hasaba alyndy.
Mundan...
Ýaponiýada gar festiwaly başlady
Şu gün Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda ýerleşýän Sapporo şäherinde her ýyl geçirilýän «Ýuki-matsuri» atly gar festiwaly açylýar diýip, Asahi neşiri habar berýär. Bu çäre 1950-nji ýyldan bäri guralyp, her ýyl dünýäniň dürli künjeginden millionlarça tomaşaçyny özüne çekýär.
Bu ýyl festiwal meýdançalarynda 130-a golaý gar we buz heýkelleri görkez...
Britaniýada bulut hasaplamalary we EA üçin Ýewropada iň uly maglumat merkezi gurlar
Beýik Britaniýada bulut hasaplamalary we emeli aň üçin Ýewropada iň uly maglumat merkezini gurmak taslamasy makullandy. DC01 kompaniýasy bu maglumat merkezini Angliýanyň günorta-gündogaryndaky Hartfordşir graflygynda gurar.
Täze maglumatlary işleýiş merkezi DC01UK-nyň meýdany iki million ineödürdül futa (takmynan, 185 806 inedördül metr) bar...
Türkmen ilçisi Minskde Polesk döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
3-nji fewralda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda ilçi Nazarguly Şagulyýew Polesk döwlet uniwersitetiniň rektory Waleriý Dunaý bilen duşuşdy. Bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we türkmen talyplarynyň okuw şertleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy diýip, ORIENT habar berýär.
Rektor Brest oblastynyň Pinsk şäherinde ýerleşýän uniwer...
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi "Dutaryň owazlary" festiwalynyň guramaçylary bilen duşuşdy
Moskwada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň «Dutaryň owazlary» Moskwa halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda türkmen ýerine ýetirijileriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçilikleri hem-de medeni hyzmatdaşlygyň ileri tutulý...
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen at dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň P...
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1 müň ýewrodan pul baýragy gowşuryldy
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1 000 ýewrodan, jemi 17 000 (on ýedi müň) ýewro pul baýragy gowşuryldy.
Pul serişdeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy berer. Bu baradaky çözgüdi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...
Apple 2024-nji ýylda 1 mlrd abuna ýetdi we hyzmatlardan 100 mlrd dollar gazandy
Apple 2024-nji ýylda App Store, iCloud, Apple Music we TV+ ýaly tölegli hyzmatlaryna ýazylan abunalaryň sanynyň 1 milliarda ýetendigini habar berdi. Kompaniýanyň hyzmatlardan gazanan girdejisi 100 milliard dollara ýetip, Hytaýda iPhone satuwlarynyň peselmeginiň öwezini dolmaga ýardam berdi.
2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple hyzmatlard...
Hytaý Ýeriň jümmüşinde 15 km çenli burawlap, energiýa çeşmelerini gözlemek taslamasyna başlaýar
Hytaý çuň guýulary gazmak üçin niýetlenen ösen tehnologiýalary we enjamlary döretmek boýunça milli maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslamanyň esasy maksady – 15 müň metr çuňlukda işlemäge ukyply ilkinji akylly aşa çuň burawlaýyş desgasyny döretmekdir. Häzirki wagtda Hytaýyň iň çuň guýusy 11 müň metre ýetýär diýip, South China Morning Post neşiri hab...
Samsung smartfonlaryň 10 modeli we planşetler üçin 7 ýyl täzelenmäni kepillendirýär
Samsung smartfonlaryň on modeliniň we iki planşetiň ýedi ýylyň dowamynda täzelenme aljakdygyny tassyklady.
Sammobile çeşmesi şeýle uzak möhletli goldawa eýe bolýan gurluşlaryň sanawynyň häzirlikçe çäklidigini, ýöne täze modelleriň çykmagy bilen giňeljekdigini belleýär.
Gürrüňlere görä, hatda orta derejeli Samsung smartfonlary-da gelje...