3-nji aprelde Ispaniýada daşary ýurtlulara maýa goýumlary üçin ýaşamak ygtyýarnamasyny berýän “altyn wiza” maksatnamasyny ýatyrýan kanun güýje girdi. Bu kanun maýadarlar üçin rezident wizalaryny bermegi düýbünden ýatyrýar diýip, ýurduň hökümet saýtynda habar berildi. Ispaniýada “altyn wiza” maksatnamasy 2013-nji ýylda tassyklanyp, 2014-nji ýylda güýje giripdi. El Pais neşiriniň bellemegine görä, bu maksatnama daşary ýurtlulara gozgalmaýan emläk üçin azyndan 500 müň ýewro, Ispaniýanyň kompaniýalarynda ýa-da maýa goýum gaznalarynda azyndan bir million ýewro maýa goýsa, Ispaniýanyň döwlet obligasiýalarynda azyndan iki million ýewro maýa goýsa, ýaşamak üçin rugsatnama almaga mümkinçilik berýärdi. Ispaniýanyň Ýaşaýyş jaý gurluşyk we şäheri ösdüriş ministri Isabel Rodriges bu programmany ýatyrmak kararyny käbir sebitlerde, şol sanda emläk bahalarynyň ýokary bolmagy sebäpli kynçylyk çekýän raýatlara kömek etmek islegi bilen düşündirdi. Hökümetiň beren beýanatynda görülýän çäräniň Irlandiýa we Portugaliýa ýaly beýleki ýurtlaryň kabul eden kararlaryna meňzeýändigi we 2022-nji ýylda ÝB ýurtlaryny “maýadarlar üçin ähli bar bolan raýatlyk ulgamlaryny” ýatyrmaga çagyran Ýewropa Komissiýasynyň kararyna laýyk gelýändigi bellenildi. Kanun güýje girmezden ozal "altyn wiza" üçin ýüz tutan daşary ýurtlular öňki düzgünlere laýyklykda resminamalary alyp bilerler. Programma boýunça ýaşamak üçin rugsatnama alan daşary ýurtlular resminamalarynda görkezilen möhletiň dowamynda ony saklarlar. Ispaniýanyň häkimiýetleri “altyn wiza” programmasyny bir ýyl ozal, 2024-nji ýylyň aprelinde ýatyrmak baradaky meýilnamasyny yglan edipdiler. Gozgalmaýan emläk goýumlary “altyn wiza” programmasy boýunça Ispaniýada ýaşamak üçin rugsat almakda iň meşhur wariant hasaplanýardy. 2023-nji ýyla çenli Ispaniýanyň hökümeti 22 430 sany “altyn wiza” berdi diýip, El Pais ýazýar. Ýaşamak üçin ähli rugsatnamalaryň 75% -ni deň derejede Aziýa ýurtlary, esasanam Hytaýyň we ÝB-ne girmeýän Ýewropa ýurtlarynyň, esasanam Russiýanyň, Ukrainanyň we Beýik Britaniýanyň (Brekzitden soň) raýatlary aldy. “Altyn wizanyň” eýeleriniň hemmesi diýen ýaly (93%) ýedi welaýatda: Barselonada, Madridde, Malagada, Alikantede, Balear adalarynda, Žironada we Walensiýada ýerleşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir