Ata Watan
Mejlisiň Başlygy şu ýylda kabul edilen kanunlar barada hasabat berdi
2026-njy ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan sekiz kanun we 14 karar kabul dildi. Milli parlamentiň şu ýylyň dokuz aýyndaky işiniň netijeleri barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Kabul edilen Kanu...
Türkmen okuwçylary şu ýyl 1000-den gowrak medal, türgenler – 554 baýrak gazandy
Türkmen okuwçylary we türgenleri 2026-njy ýylyň dokuz aýynyň dowamynda halkara ýaryşlarda ýüzlerçe baýraklary gazandy. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä:
oku...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde 9 aýyň jemleri jemlendi: esasy görkezijiler
2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orun...
Tramp çybynlara we sakyrtgalara garşy söweş yglan etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2028-nji ýyla çenli Waşingtonda zäherli çybynlaryň sanyny azyndan 90 göterim, sakyrtgalaryň sanyny bolsa 50 göterim azaltmagy tabşyrdy. Bu barada Ak Tam tarapyndan çap edilen resminamada aýdylýar.
Maksatnama paýtagtyň federal çäklerine degişli ýerlerinde amala aşyrylar. Onda howpsuz hem-de himiki seriş...
«Terminator» indi Aýaz baba boldy: Şwarseneggerli «Torbaly adam» filminiň ilkinji tizeri çykdy
«Terminator» we «Komando» ýaly filmleriň ýyldyzy Arnold Şwarsenegger bu gezek Aýaz babanyň keşbini ýerine ýetirdi. «Torbaly adam» (The Man with the Bag) atly gülküli Täze ýyl filminiň tizeri Prime Video platformasynyň YouTube kanalynda ýerleşdirildi.
Filmde bir jenaýatyň wakasy beýan edilýär. Sýužete görä, bir gün Aýaz baba özüniň ja...
Aşgabatda «mawy» ýangyjy «ýaşyl» etmegiň ýollary maslahatlaşylýar
1-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara standartlaryň we kadalaryň synyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyk Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrl...
Maýkl Jordanyň «soňky tansda» geýen köýnekçesi $12,26 milliona satyldy
Maýkl Jordanyň 1998-nji ýylyň NBA finalynda geýen köýnekçesi Joopiter auksionynda 12,26 million dollara satyldy. Netijede, ol häzire çenli auksionda satylan iň gymmat NBA köýnekçesi boldy we şol bir wagtyň özünde-de basketbolçynyň şahsy zatlarynyň arasynda täze rekord goýdy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berýär.
Köýnekç...
Napoleonyň 200 ýyllap çözüp bolmadyk şifrlenen hatyny emeli aň 6 sagatda çözdi
1809-njy ýylda Fransiýanyň imperatory Napoleon Bonapart Awstriýa bilen urşa taýýarlyk görýärdi. Emma onuň goşunlary dagynyk ýagdaýda dürli ýerlerde ýerleşýärdi. Aýratyn hem, general Ogýust de Marmon öz goşuny bilen Dalmasiýada galypdy. Napoleon oňa habar ýetirmegi öz öweý ogly, Italiýanyň wise-koroly Ežen de Bogarnä tabşyrýar. Bogarne bolsa general...
ABŞ-da adamlara maglumat merkezi bilen goňşuçylyk üçin 10 müň dollar teklip etdiler
ABŞ-nyň NorthPoint Development kompaniýasy Pensilwaniýa ştatynyň Hýezl-Taunşip şäherçesiniň ýaşaýjylaryny iri maglumat merkeziň gurluşygyna razy etmek üçin her birine 10 müň dollar tölemegi teklip etdi. Emma bu tölegler ýerli ýaşaýjylaryň taslama bolan garaýşyny häzirlikçe üýtgetmedi.
Bu merkezi Pokonо sebitinde, takmynan, 526 gektar...
Gyrgyzystanyň ilkinji hemrasy orbita çykaryldy
Gyrgyzystanyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy. Ony uçurmak dabarasyna respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gatnaşdy diýip, Nomad TV habar berýär.
Uçuş Kaliforniýadaky Wandenberg harby-howa bazasyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 göteriji raketasy arkaly amala aşyryldy. Emeli...
«Real-yň» 50 müň sahypalyk arzasyndan soň UEFA «Barselona» garşy işi täzeden derňäp başlady
UEFA Madridiň «Real» klubunyň şikaýatyndan soň, «Barselona» garşy «Negreýra işi» boýunça derňewi gaýtadan başlatdy. Madrid kluby bu işe degişli, takmynan, 50 müň sahypalyk resminamany Ýewropa futbol birleşigine (UEFA) gowşurdy diýip, As neşiri habar berýär.
2001–2018-nji ýyllar aralygynda «Barselona» Ispaniýanyň Patyşalyk futbol fede...
Daewoo E&C Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde täze kanal gurmagy meýilleşdirýär
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy TIF-2026 maýa goýum forumynda Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany hödürledi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Min Man Çžun forumda eden çykyşynda taslamanyň çäklerinde Ahal we Balkan welaýatlaryny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin täze, döwrebaplaşdyrylan kanaly gur...
Toyota Lexus-dan hem ýokary derejeli Century markasyny dünýä bazaryna çykarar
Toyota kompaniýasy kaşaň awtoulaglary bilen tanalýan Century markasynyň Ýaponiýanyň çäginden daşary bazarlarda hem satuwyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu markanyň awtoulaglary, esasan, Ýaponiýada, şeýle-de az mukdarda Hytaýda satylýar. Bu barada Japan Times neşiri habar berýär.
Bu kysymly krossoweriň Detroýtda görkezil...
«Arkadag» Türkmenistanyň çempionatynda yzly-yzyna dördünji gezek çempion boldy
«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynda möhletinden öň ýeňiji boldy. Adybir şähere degişli topar yzly-yzyna dördünji gezek çempionlygy gazandy diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berýär.
Çempionlygyň ykbalyny soňa goýlan iki duşuşyk kesgitledi. 28-nji sentýabrda 23-nji tapgyryň oýunlarynyň çäginde «Arkadag»...
Hytaý birbada 116 sany suwasty drony awtonom ýüzüşe goýberip, rekord goýdy
Hytaý köp sanly suwasty enjamlary bir wagtda awtonom işletmek boýunça dünýä rekordyny goýdy. 116 sany kiçeňräk dron suw howdanynda öňünden kesgitlenen ugur boýunça, adamyň gözegçiligi bolmazdan, özbaşdak ýüzüşi amala aşyrdy.
Synaga Demirgazyk-Günbatar politehniki uniwersiteti we Xi’an Tianhe Maritime Technologies tarapyndan işlenip d...
TIF-2026-nyň çäginde daşary ýurtly kompaniýalar bilen birnäçe resminama gol çekildi
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2026) çäginde ýurduň döwlet düzümleriniň, hususy kärhanalarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.
Gazanylan ylalaşyklar:
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi...
«Gara merjen»: Alfa Romeo şar gara 33 Stradale Perla Nera superkaryny görkezdi
Alfa Romeo kompaniýasynyň Bottegafuoriserie bölümi ady agzalmaýan kolleksiýaçynyň sargydy boýunça 33 Stradale superkarynyň ýörite görnüşini taýýarlady. Awtoulag dolulygyna şar gara reňkde bolup, italýan dilinden terjime edilende «gara merjen» diýmegi aňladýan Perla Nera adyna eýe boldy.
Bottegafuoriserie bölüminiň ýolbaşçysy Kriştian...
«Säginme — Snickers iý!..» diýleni boldy: Adidas meşhur şokolady futbol butsysyna öwürdi
Snickers we Adidas brendleri ilkinji gezek hyzmatdaşlyk edip, meşhur şokolad batonjygyndan ylham alnyp döredilen, çäkli mukdarda öndüriljek Adizero futbol butsylaryny hödürledi.
Täze model professional futbolçylar üçin niýetlenen ýeňil Adidas Adizero Electric II butsylarynyň esasynda döredildi. Aýakgabyň ýokarky bölegi şokolada meňze...
Ilon Maska ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde wezipe berildi: geljek döwrüň uruşlaryny öwrenmeli
SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask, Anduril kompaniýasyny esaslandyran Palmer Lakki we ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň öňki spikeri Nýut Gingriç Pentagonyň geljekde uruş alyp barmagyň tärlerini öwrenmäge gönükdirilen täze «Meridian» taslamasynyň ýolbaşçy düzümine girer. Bu barada ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset mälim etdi.
Samsung täze – iň inçe we iň uly ekranly planşetlerini görkezdi
Samsung kompaniýasy täze flagman planşetleri bolan Galaxy Tab S12 Ultra we Galaxy Tab S12+ modellerini hödürledi. Kompaniýa esasy ünsi uly displeýlere, ýokary öndürijilige we emeli aň funksiýalaryna gönükdirdi.
Uly model täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 1600 kd/m² çenli bolan 14,6 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany bil...
Türkmenistan elektroenergiýanyň eksportyny giňelder: Hazar üsti bilen Kawkaza we Türkiýä
Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2026) energetika ministri Annageldi Saparow elektroenergetikany döwrebaplaşdyrmak we ýurduň eksport ugurlaryny giňeltmek meýilnamalary barada çykyş etdi.
Onuň aýtmagyna görä, Hazar deňziniň kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrik stansiýasy Hazar deňziniň ü...
Rumyniýanyň söweş guramasy kurýerleriň arasynda tutluşyk geçirdi
Rumyniýanyň Real Xtreme Fighting (RXF) söweş guramasy Braşow şäherinde Wolt we Uber Eats iýmit eltip berme hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kurýerleriň arasynda adaty bolmadyk tutluşyk geçirdi. Söweşijiler arkalaryna uly kurýer termotorbalaryny dakyp, oktagona çykdylar.
Guramaçylar bu tutluşyk üçin ýörite düzgünleri-de oýlap tapdylar. Dü...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasy...
Gurbanguly Berdimuhamedow at çapyşygynda ýeňiş gazananyndan soň Türkmenistanyň Prezidenti we agtygy bilen surata düşdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we seýis Kerimguly Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşygy tamamlanandan soň ýadygärlik surata düşdüler. Ýaryşlar 29-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açyly...
Hytaýda Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygy bellendi
Gündogar-hytaý Şandun ülkesiniň Sýuýfu şäherinde beýik hytaý akyldary Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Sýuýfu tutuş dünýäde pähim-paýhas mirasy giňden öwrenilýän gadymy hytaý danasynyň dogduk şäheridir. Bu barada ýurduň «Sinhua» agentligi habar berdi.