Geçen ýylyň ahyrynda tanyşdyrylan Windows 365 Link ykjam kompýuteri satuwa çykaryldy. ABŞ-da enjamyň bahasy 349,99 dollar diýlip kesgitlenildi. Microsoft ony ilkinji şahsy bulut kompýuteri hökmünde hödürleýär. Bu barada Windows-yň resmi blogunda habar berilýär. Windows 365 Link-iň düzüminde 3,8 GGs-e çenli ýygylykda işleýän dört ýadroly Intel N250 prosessory, 8 GB LPDDR5 operatiw ýat (RAM) we 64 GB UFS içerki ýat bar. Enjam Wi-Fi 6E we Bluetooth 5.3 tehnologiýalaryny goldaýar. Daşky portlaryň toplumy bir sany USB-A 3.2 Gen1, iki sany USB-A 3.2 Gen2, bir USB-C 3.2, LAN, HDMI 2.0 we DisplayPort 1.4 girişlerinden ybarat. Enjamyň ölçegleri 120 × 120 × 30 mm. Windows 365 Link-i diňe Microsoft-yň täjirçilik kanallary arkaly satyn alyp bolýar. Bu enjam adaty ulanyjylar üçin niýetlenmänsoň, dükanlarda satylmaýar. Öndürijiniň pikirine görä, onuň esasy alyjylary täjirçilik kompaniýalary we döwlet edaralary bolar. Windows 365 Link ýerli programmalar bilen işleşmegi goldamaýar, diňe Windows 365-e esaslanýan bulut kompýuterine birikdirilende işleýär. Bulut arkaly işleýän şeýle enjamlaryň birnäçe artykmaçlygy bar. Mysal üçin, olar adaty ofis kompýuterleri bilen deňeşdirilende has ýokary howpsuzlygy we öndürijiligi hödürleýär. Bu kompýuterlerde maglumatlar içerki ýatda saklanmaýar, üstesine-de bulut kompýuterini islendik wagt has güýçli prosessor, köp operatiw ýat ýa-da giň göwrümli saklaýyş ulgamy bilen sazlap bolýar. Windows 365 Link häzirlikçe şu ýurtlarda satylýar: ABŞ (349,99 dollar), Awstraliýa (639 Awstraliýa dollary), Kanada (519,99 Kanada dollary), Germaniýa (419 ýewro), Ýaponiýa (68 müň ýena), Täze Zelandiýa (739 Täze Zelandiýa dollary) we Beýik Britaniýa (349 funt sterling).