Hyundai ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ykjam Venue awtoulagynyň 2025-nji ýylky modelini hödürledi. Täze modeliň bahasy Günorta Koreýada 19,26 million wondan (takmynan, 13,1 müň dollardan) başlaýar, bu bolsa ony öz synpyndaky iň elýeterli modelleriň birine öwürýär. Venue täze «Smart» başlangyç enjamlaşdyrylyşy bilen çykdy. Ol ýyladyş funksiýaly deri bilen örtülen rul, hereketlendirijini işlediji düwme, akylly açar we doly awtomatiki kondisioner bilen enjamlaşdyrylýar. Has gymmat «Premium» enjamlaşdyrylyşy indi adaty ýagdaýda birnäçe howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilýär. Oňa öň tarapdan urulmakdan goranyş ulgamy, kör nokat duýduryşy we uýgunlaşdyrylan kruiz-kontrol tehnologiýasy girýär. Iň ýokary enjamlaşdyrylyşly wersiýa bolsa «Flux» diýlip atlandyrylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir