Ziw Nisan atly üç ýaşly gyzjagaz Ysraýylyň Tel-Azeka sebitinde 3800 ýyllyk skarabeý tumaryny tapdy. Çagylly ýoldan ýöräp barýarka, owadan gören daşyny ýerden galdyrypdyr. Ýüzünden çägäni kakyp aýrandan soň, tapyndynyň gadymy döwre degişligi belli bolupdyr diýip, Independent habar berýär. Gyzjagazyň ene-atasy bu tapyndy barada Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler edarasyna habar berdi. Bilermenler munuň bürünç asyrynyň ortasynda ýasalan Hanaan tumarydygyny kesgitledi. Hanaanlar Lewantyň iň gadymy halky hasaplanyp, Gadymy Müsür bilen aragatnaşyk saklapdyr. Skarabeý tumarlary möhür hökmünde ulanylyp, köplenç, nyşanly ýa-da ýazgyly bolupdyr. Olar, adatça, aramgählerde we harabalyklarda tapylýardy. Gadymy Müsürde skarabeýler asmanda Gün diskini togalaýan Gün hudaýynyň nyşany hasaplanypdyr. Tel-Azekada 15 ýyllap gazuw-agtaryş işleri alnyp baryldy. Arheologlar gadymy şäher diwarlaryny, Iudeý şalygynyň döwrüne degişli oba hojalyk desgalaryny we beýleki artefaktlary tapdy. Çaklamalara görä, bürünç asyrynda bu ýerde möhüm şäher ilatly nokady bolupdyr.