NASA 2024 YR4 asterodiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygy boýunça hasaplamalaryny täzeledi. Töwekgelçilik iki esseden gowrak ýokarlandy we häzir 3,8%-e barabar diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär. Öň ähtimallyk 1,7% diýlip hasaplanypdy. Çaklama “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan we ýerüsti obserwatoriýalardan alnan täze maglumatlaryň esasynda täzelendi. Ähtimallygyň ýokarlanandygyna garamazdan, töwekgelçilik pes bolup galýar: hasaplamalara görä, asteroid 96,2% ähtimallyk bilen Aýyň deňinden uçup geçer. NASA asteroidiň ululygyna-da gaýtadan seretdi. Indi onuň diametri 53-67 metre deň – bu, takmynan, 10 gatly jaý ýalydyr. Ýerden 2024 YR4 asteroidine gözegçilik etmek onuň daşlaşýandygy sebäpli eýýäm aprel aýynyň ahyrynda mümkin bolmaz. Mundan beýläkki ylmy gözlegleri “Jeýms Uebb” teleskopy alyp barar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir