3-nji aprelde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylary, şeýle hem robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry 12-13-nji martda geçirildi. Bäsleşikler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda geçirilip, olara jemi 811 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça jemi 11 sany ders boýunça 34 okuwçy I orna, 68 okuwçy II orna, 134 okuwçy III orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Ders bäsleşiklerine gatnaşan okuwçylary ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat eminler toparlary adalatly bahalandyrdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça jemi 11 sany ders boýunça 34 okuwçy I orna, 68 okuwçy II orna, 134 okuwçy III orna mynasyp boldular.