3-nji aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Söhbetdeşler üç ölçegde ÝHHG-niň giň gün tertibini we Merkezi Aziýanyň Helsinki dekalogyny ilerletmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, ulag we söwda aragatnaşygy, adam hukuklary, hukugyň hökmürowanlygy, demokratik institutlar bilen bagly meseleler girizildi. Türkmenistanyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi baradaky başlangyç giňişleýin beýan edildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň dowamynda diplomatiýa, dialog, medeni özara gatnaşyklar, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk arkaly halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen köp sanly çäreler geçiriljekdigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir