AnTuTu bençmarkyň işläp düzüjileri geçen aýyň iň öndürijilikli Android planşetleriniň täze sanawyny çap etdiler. Synaglaryň netijelerine görä, sanawda kiçi üýtgeşmeler boldy, emma liderlik henizem Snapdragon 8 Gen 3 Leading Edition esasynda işleýän Red Magic Gaming Tablet Pro-nyň elinde saklanýar. Bu enjam 2 177 341 bal toplady. Ikinji orny Snapdragon 8 Gen 3 prosessory bilen OnePlus Pad Pro eýeledi (2 051 263 bal). Üçünji orunda bolsa şol bir çip bilen işleýän Lenovo Legion Y700 2025 ýerleşdi (2 012 735 bal). 4-den 10-njy orna çenli sanaw aşakdaky ýaly: Samsung Galaxy Tab S9 Wi-Fi – 1 591 006 bal Xiaomi Pad 6S Pro 12.4 – 1 566 985 bal Xiaomi Pad 7 Pro – 1 525 652 bal Honor GT Pro – 1 422 965 bal OnePlus Pad (Dimensity 8350-Ultimate) – 1 392 289 bal Xiaomi Pad 7 – 1 391 741 bal Lenovo Legion Y700 2023 – 1 333 534 bal

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir