Geçen möwsümde Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan Madridiň «Realy» 138,8 mln ýewro girdeji gazandy. Bu barada Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) tarapyndan Belgradda (Serbiýa) geçirilen guramanyň kongressinde çap edilen maliýe hasabatynda mälim edildi. 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda geçirilen final duşuşygynda Madridiň «Realy» Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Baýrak puly hökmünde «Real» 2022/23 möwsüminiň çempiony bolan «Mançester Siti» bilen deňeşdirilende 4 mln ýewro köpräk gazandy. Bu girdejiniň hasabyna «patyşalyk kluby» taryhynda ilkinji gezek ýyllyk dolanyşygyny 1 mlrd ýewrodan geçirdi. Girdeji boýunça ikinji orunda «Pari Sen-Žermen» (124,4 mln ýewro), üçünji orunda bolsa Dortmundyň «Borussiýasy» (120,7 mln ýewro) ýerleşdi. Ilkinji onluga şeýle-de «Bawariýa» (120,4 mln ýewro), «Mançester Siti» (110,4 mln ýewro), «Barselona» (98,4 mln ýewro), «Arsenal» (94 mln ýewro), «Atletiko» (93 mln ýewro), «Napoli» (70,1 mln ýewro) we «Inter» (66,3 mln ýewro) girýär. Iň az gazanç eden toparlaryň arasynda «Antwerpen» (21,9 mln ýewro), «Srwena Zwezda» (26,5 mln ýewro) we «Union Berlin» (28,2 mln ýewro) bar. Ýewropa ligasynda iň köp girdeji gazanan toparlar finala çykan «Baýer» (41,2 mln ýewro) we ýaryşyň çempiony bolan «Atalanta» (33,9 mln ýewro) boldy. UEFA-nyň şol möwsüm boýunça umumy girdejisi 6,8 mlrd ýewro bolup, şonuň 3,72 mlrd ýewrosy klublaýyn ýaryşlardan, 2,5 mlrd ýewrosy bolsa Germaniýada geçirilen Ýewro-2024-den gelip gowuşdy.