5-nji aprelde Daşkent şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasy geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň iş sapary bilen Özbegistana bardy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson bilen duşuşdy. D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň ýolbaşçy düzümini Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy we şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şeýle hem Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara bileleşigiň 150-nji assambleýasynyň gün tertibinde duran meseleler boýunça alnyp barylýan işler, milli tejribeler hakynda maglumatlary diňlemegiň hem-de öňe sürlen teklipler bilen tanyşmagyň parlament wekilleri üçin ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Parlamentara Bileleşigiň geljekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir