Belarus alymlary bir çalşykda 25 gektara ýeralma ekýän enjam döretdiler

Belarussiýada GDA-da ilkinji bolup, bir iş çalşygynda 25 gektara çenli meýdanda ýeralma ekmäge ukyply altyhatar ekiş enjamyny işläp düzdüler. Ol Respublikanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek boýunça ylmy-amaly merkeziniň synag kärhanasynda döredildi diýip, «Belarus 1» teleýaýlymy habar berdi.
«Islendik topraga u...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, 2 months ago


Gündogar Goturdepe käninde nebitiň senagat akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda önümli guýularyň jemi 12-siniň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. Bu döwürde burawlaýjylar 67 müň 516 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Munuň özi meýilnamanyň 112,5 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Gözleg-gazuw...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 2 months ago


Indoneziýa ýene 39 howa menzilini gurmagy meýilleşdirýär

Indoneziýa awiasiýa pudagynyň gerimini giňeltmek hem-de sebitleriň arasynda ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin ýurtda ýene 39 sany howa menzilini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Vietnam News Agency» (VNA) habarlar agentligi habar berdi.
Bu ýurduň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, tä...

Dowamy »

93 0
Täzelikler, 2 months ago


Aşgabatda halkara guramasyndaky sürüji wezipesine dalaşgärler işe çagyrylýar

Aşgabatdaky ÝHHG merkezi wekilhananyň ýolbaşçysyna, merkeziň işgärlerine we guramanyň ýokary derejeli myhmanlaryna ulag hyzmatyny üpjün etjek sürüji wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar.
Çap edilen bildirişe görä, bu wezipe maliýe dolandyryş bölüminiň ýolbaşçysyna tabyn bolar hem-de satyn alyşlar we emlägi dolandyrmak boýunça hünärmen bilen...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, 2 months ago


Wenesuelada 12 ýaşly gyzjagaz harabalygyň astynda peýnir iýip diri galypdyr

Wenesuelada bolan güýçli ýertitremeden soňra 12 ýaşly gyzjagaz Fabiana Blanko öz öýleriniň harabasynyň astynda 32 sagadyny geçirdi hem-de üwmeç we peýnir iýip diri galdy, ony halas edijiler tapdylar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Haçanda diwarlar ýykylyp başlanda, Fabiana otagdan ylgap çykmagy başardy, emma beton diwarlaryň arasynda gysylyp gald...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, 2 months ago


Malaýziýanyň Syýahatçylyk agentligi Türkmenistanda seminar geçirer

14-nji iýulda Aşgabatda Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Tourism Malaysia» Döwlet agentligi türkmen syýahatçylyk kompaniýalary üçin ýöriteleşdirilen seminar geçirer. Bu barada HHM habar berýär.
Çäre «Arçabil» myhmanhanasynda bolar we agentligiň Malaýziýany Türkmenistanda syýahatçylyk ugry hökmünde tany...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, 2 months ago


«Porsche» dört müň iş ornuny azaldýar

Germaniýanyň «Porsche» awtoulag kompaniýasy çykdajylary azaltmak maksady bilen, 4 müň iş ornuny kemeltmegi meýilleşdirýär diýip, çeşmelere salgylanýan «Handelsblatt» gazeti habar berdi.
Neşir ilki bilen kompaniýanyň edara ediş we dolandyryş düzüminiň işgär sanynyň azaldyljakdygyny habar berýär. Şol sanda kompaniýanyň Waýsah şäherinde ýerleşý...

Dowamy »

139 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Türkmenistan we Gyrgyzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

6-njy iýulda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi N.Gölliýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri A.Rysbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürme...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, 2 months ago


Guterriş emeli aňyň işinde çäklendirmeleri kesgitlemäge çagyrdy

Emeli aňyň (EA) gündelik durmuşa ornaşdyrylmagy maksatsyz synaga çalym edýär, şonuň üçin onuň işinde çäklendirmeleri ýola goýmak gerek. Bu barada BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş Ženewada geçen EA-nyň howpsuzlygy boýunça maslahatda eden çykyşynda aýtdy diýip, «ria.ru» habar berdi.
«Biziň jemgyýetimiziň üstünden maksatnamasyz we ylalaşy...

Dowamy »

92 0
Täzelikler, 2 months ago


Italiýada dünýäde iň uly kagyz uçar ýasadylar

Italiýanyň Pizan uniwersitetiniň talyplary taryhda iň ullakan kagyz uçar ýasap, dünýä rekordyny goýdular. «ICARUS» diýlip at berlen enjam 59 metr aralyga uçdy. Bu Bolonýada geçirilen WMF (We Make Future) sergisiniň çäklerinde görkezildi diýip, okuw mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan «360» portaly habar berdi.
Taslamany inženerçilik bö...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, 2 months ago


Google Ýewropada monopoliýa garşy işde doly ýeňlip, 4,67 milliard dollar jerime tölemeli bolar

Ýewropa kazyýeti Google kompaniýasyna garşysyna monopoliýa garşy iş boýunça Ýewropa komissiýasynyň çözgüdini doly güýjünde galdyrdy. Kompaniýa Android operasion ulgamynyň agalyk ediji ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin 4,67 milliard dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandyryldy.
Bu jerime 2018-nji ýylda Ýewropa komissiýasy tar...

Dowamy »

138 0
Tehnologiýa, 2 months ago


Ýeriň töweregindäki orbitada 13 müň tonnadan gowrak kosmos zibili hasaba alyndy

Ýeriň töweregindäki orbitada häzirki wagtda 13 486 tonna kosmos zibili bar. Ýeriň daşynda ölçegi 10 santimetrden uly bolan 36 müňe golaý obýekt, şeýle hem has kiçi göwrümli örän köp sanly bölekler aýlanýar diýip, «Phys.org» ylmy portaly ýazýar.
Kosmos zibiline ulanylmaýan emeli obýektler, şol sanda raketalaryň ulanylan basgançaklary, ulanyly...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 2 months ago


ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy uly şüweleň we 850 müň feýerwerk atyşlygy bilen bellenildi

4-nji iyulda ABŞ-da Garaşsyzlyk jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllyk ýubileýi giň gerimde bellenilip geçildi. Ýurduň ähli künjeklerini gurşap alan dabaraly çäreler harby ýörişleri, awiaşoulary, harby gämileriň görkezilişini we uly feýerwerk şüweleňini öz içine aldy. Baýramçylyk aşa yssy howa we birden başlanan güýçli harasat şertlerinde geçdi....

Dowamy »

106 0
Täzelikler, 2 months ago


Nemes startapy emeli aň kameralaryndan goranmak üçin egin-eşik döretdi

Germaniýanyň Leýpsig şäherinden bolan Urban Privacy startapy wideo-gözegçilik kameralarynyň we emeli aňa esaslanýan ýüzden tanamaklyga uýgunlaşdyrylan ulgamlarynyň işini kynlaşdyrjak egin-eşikleri hem-de aksessuarlary döredýär.
Taslamanyň esaslandyryjylarynyň sözlerine görä, gözegçilik tehnologiýalarynyň ulanylyşynyň giňelmegi bilen, şeýle ç...

Dowamy »

98 0
Täzelikler, 2 months ago


Melaniýa baradaky şowsuz çykan dokumental film Trampa $10,7 mln getirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Birinji hanym Melaniýa Trampa bagyşlanan «Melaniýa» atly dokumental film üçin 10,7 million dollar möçberinde ygtyýarnama töleglerini aldy. Bu barada onuň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen ýyllyk maliýe jarnamasynda bellenilýär.
Režissýor Brett Retneriň düşüren bu filmi Melaniýa Trampyň maşgalasynyň Ak tama dolanmag...

Dowamy »

98 0
Täzelikler, 2 months ago


Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we eýran milli aşhanasy baradaky kitabyň türkmen diline terjime edilen görnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet...

Dowamy »

97 0
Täzelikler, 2 months ago


«Bilelikde ýaşyl geljege!»: Aşgabatda eko-festiwaly geçirildi

​4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly ekologiýa festiwaly geçirildi. Bu çäre ekologiýa medeniýetini ylym we tejribe bilen baýlaşdyran özboluşly bir meýdança öwrüldi. Çäräni «Bilelik Hub» döredijilik merkeziniň binýadynda «Ýaşyl tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy gurnady.
«Bilelikde ýaşyl geljege!»:...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanyň wekilleri Parižde brending boýunça geçirilen bilim maksatnamasyna gatnaşdylar

Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar birnäçe günüň dowamynda häzirki zaman brending usullaryna, milli brendleri ösdürmäge, marketing strategiýalaryny taýýarlamaga hem-de döredijilik taslamalaryny halkara derejede ösdürmäge bagyşlanan ussatlyk sapaklaryna we amaly okuwlara gatnaşdylar. Şeýle hem maksatnama daşary ýurtly bilermenler bilen tejribe aly...

Dowamy »

99 0
Täzelikler, 2 months ago


Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurtda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgü...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, 2 months ago


Döwletgeldi Myradow Pattaýada geçirilen Aziýa çempionatynda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medala mynasyp boldy

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Döwletgeldi Myradow Tailandyň Pattaiýa şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy.
Ol 92 kilograma çenli agram derejesindäki final tutluşygynda gazagystanly pälwan Beýbarys Ýergalini 10:2 hasabynda ýeňip, çempion adyna eýe boldy.
Türkmenistanyň ý...

Dowamy »

154 0
Sport, 2 months ago


Tom Kruz saçyna ideg etmek üçin hünärmenler toparyny hakyna tutdy

Amerikaly aktýor Tom Kruz öz saçynyň ýagdaýyna ideg etmek hem-de onuň aňrybaş gelşikli görnüşde saklanmagy üçin hünärmenler toparyny toplady. Onuň saçyny yzygiderli barlaýarlar, eger saçynyň gyllarynyň döwlen halatlary anyklansa, bejermek üçin çäreleri görýärler.
Aktýoryň daş-keşbine birbada birnäçe hünärmen jogap berýär. Olaryň hatarynda sa...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanyň Balkan welaýatynda keçe taýýarlaýan ussat zenanlar kesgitlenildi

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeginde keçe taýýarlaýan ussat zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan» atly milli derejedäki bäsleşik geçirilýär.
Balkan welaýatynda bäsleşigiň welaýat tapgyry üstünlikli geçirilip, onda bu ugur boýunça iň ussat zenanlar kesgitlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenis...

Dowamy »

104 0
Täzelikler, 2 months ago


Türkmenistanda howa +43 gradusa çenli yssy bolar

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýt...

Dowamy »

118 0
Täzelikler, 2 months ago


Iň az ygally ýurtlaryň onlugy yglan edildi

Müsür dünýäniň iň gurak ýurtlarynyň sanawynyň başyny çekýär, ol ýerde ortaça ýyllyk ygalyň möçberi bary-ýogy 18 millimetre ýetýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň «Copernicus» howa gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «belnovosti.by» internet neşiri habar berdi.
Müsüriň çäginiň esasy bölegi çöller bilen örtülip, esasy suw üpjünçiligi Nil de...

Dowamy »

118 0
Täzelikler, 2 months ago


Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türk...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, 2 months ago