Emeli aňyň (EA) gündelik durmuşa ornaşdyrylmagy maksatsyz synaga çalym edýär, şonuň üçin onuň işinde çäklendirmeleri ýola goýmak gerek. Bu barada BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş Ženewada geçen EA-nyň howpsuzlygy boýunça maslahatda eden çykyşynda aýtdy diýip, «ria.ru» habar berdi. «Biziň jemgyýetimiziň üstünden maksatnamasyz we ylalaşyksyz synag geçirilýär, bu kabul ederliksizdir. Emeli aň eýýäm dünýämizi üýtgedýär. Mesele biziň bu özgerişligi dolandyryp ýa-da onuň bizi dolandyryp biljekdiginde» diýip, Guterriş nygtady. Mundan öň emeli aň boýunça halkara garaşsyz ylmy topar Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçiliginde birinji nutugy çap etdi. Guramanyň Nýu-Ýorkdaky düýp edarasynda geçen metbugat maslahatynda resminama bilen tanyşdyran baş sekretar Hökümetleri bu ulgamda halkara düzgünleri işläp düzmegi gaýra goýmazlyga çagyrdy. «Nutukdan gelip çykýan esasy netije emeli aň umumy düzgünlersiz näçe çalt ösdügiçe, Hökümetleriňdir jemgyýetiň oňa geljekde täsir etmek mümkinçiliginiň bolmajakdygynda jemlenýär» diýip, Guterriş nygtady.