Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar birnäçe günüň dowamynda häzirki zaman brending usullaryna, milli brendleri ösdürmäge, marketing strategiýalaryny taýýarlamaga hem-de döredijilik taslamalaryny halkara derejede ösdürmäge bagyşlanan ussatlyk sapaklaryna we amaly okuwlara gatnaşdylar. Şeýle hem maksatnama daşary ýurtly bilermenler bilen tejribe alyşmaga we döredijilik pudaklarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Okuw maksatnamasy tamamlanandan soň, gatnaşyjylara hünär derejesini ýokarlandyrandyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy. Guramaçylar alnan bilimleriň we endik-başarnyklarynyň gatnaşyjylaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň medeni mirasyny halkara giňişliginde has giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir