Belarussiýada GDA-da ilkinji bolup, bir iş çalşygynda 25 gektara çenli meýdanda ýeralma ekmäge ukyply altyhatar ekiş enjamyny işläp düzdüler. Ol Respublikanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek boýunça ylmy-amaly merkeziniň synag kärhanasynda döredildi diýip, «Belarus 1» teleýaýlymy habar berdi. «Islendik topraga uýgunlaşdyrylan enjam arkaly bir çalşykda 25 gektara çenli ýeralma ekmek mümkin. Öň dört hatarly ekijiler bir iş çalşykda öndürijiligi 10-12 gektara ýetirmäge mümkinçilik berýärdi. Häzirki daýhanlaryň öňe sürýän esasy talaby – ýokary tizlik» diýip, ady agzalan kärhananyň direktory Aleksandr Bliznýuk gürrüň berýär. Alymlar täze enjamyň hasyly gaýtadan işlemegiň ähli tapgyryny öz içine alýandygyny aýdýarlar. Ýagny ýeralma hasyly soňra ýörite enjam arkaly arassalanýar, jemleýji tapgyr bolsa, kompýuterleşdirilen terezi bekedidir, ol ýerde her ýeralma sanly gözegçilikden geçirilýär.