Ýewropa kazyýeti Google kompaniýasyna garşysyna monopoliýa garşy iş boýunça Ýewropa komissiýasynyň çözgüdini doly güýjünde galdyrdy. Kompaniýa Android operasion ulgamynyň agalyk ediji ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin 4,67 milliard dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandyryldy. Bu jerime 2018-nji ýylda Ýewropa komissiýasy tarapyndan kesgitlenipdi. Kadalaşdyryş edarasy Google-yň smartfon öndürijileri bilen baglaşan ylalaşyklary arkaly öz programmalaryna adalatsyz artykmaçlyk berendigi barada netijä geldi. Google bu çözgüdi Ýewropa Bileleşiginiň kazyýetinde jedelleşmäge synanyşdy, ýöne Ýewropa kazyýeti şikaýaty ret etdi. Bu edara ÝB-niň kazyýet ulgamyndaky iň soňky basgançak bolandygy sebäpli, mundan beýläk şikaýat etmek mümkin däldir. Kompaniýada kazyýet çözgüdiniň Google-yň Android-iň açyklygyny we utgaşyklygyny üpjün etmek üçin eden ägirt uly maýa goýumlaryny göz öňünde tutmaýandygy mälim edildi.