Germaniýanyň Leýpsig şäherinden bolan Urban Privacy startapy wideo-gözegçilik kameralarynyň we emeli aňa esaslanýan ýüzden tanamaklyga uýgunlaşdyrylan ulgamlarynyň işini kynlaşdyrjak egin-eşikleri hem-de aksessuarlary döredýär. Taslamanyň esaslandyryjylarynyň sözlerine görä, gözegçilik tehnologiýalarynyň ulanylyşynyň giňelmegi bilen, şeýle çözgütlere bolan gyzyklanma barha artýar. Startapyň esaslandyryjylary Nikol Şeller we Daniel Proýs eýýäm birnäçe ýyldan bäri şahsy durmuşyň gizlinligini goramak üçin niýetlenen egin-eşikleri, şarflary, torbalary we beýleki önümleri döredýärler. Dizaýnyň esasy elementlerinden biri – QR-koda meňzeş bolan nagyşdyr, ol kameralary başga internet salgylaryna gönükdirýär. Mysal üçin, kimdir biri bu şarfy surata düşürjek bolanda, onuň ekranynda nemesçe «keine Fotos bitte», ýagny «Haýyş, surata düşürmäň» diýmegi aňladýan no-photos-pls.com salgysy peýda bolýar.Mundan başga-da, kompaniýa smartfonlar üçin gorag gabyklaryny öndürýär. Işläp düzüjiler bu gabyklaryň enjamy ulgamdan öçürip, GPS arkaly yzarlanmagyny bökdeýändigini tassyklaýarlar. Şeýle önümlere bolan gyzyklanmanyň artmagy Germaniýanyň häkimiýetleriniň intellektual wideo-gözegçilik ulgamlaryny ulanmagy giňeltmek meýilnamalary bilen gabat gelýär. Mart aýynda Germaniýanyň içerki işler ministri Aleksandr Dobrindt demir ýol menzillerini biometrik maglumatlary ýygnaýan «akylly» kameralar bilen enjamlaşdyrmak niýetiniň bardygyny mälim etdi. Bu meýilnamalar dürli taraplaýyn baha berilmelere getirdi. AlgorithmWatch guramasy köpçülikleýin gözegçilik we jemgyýetçilik ýerlerinde anonimligiň azalmagy baradaky töwekgelçilikler barada duýduryş berdi. Öz gezeginde, Germaniýanyň Polisiýa kärdeşler arkalaşygy emeli aňly wideo-gözegçilik ulgamlarynyň ulanylmagyny goldady we olaryň hukuk goraýjy edaralara ähtimal wehimleri has çalt ýüze çykarmaga hem-de wideo-materiallary seljermäge kömek etmäge ukyplydygyny belledi. Germaniýanyň birnäçe şäherlerinde «akylly» kameralar eýýäm ulanylýar, ýöne köp halatlarda olar ýüzleri biometrik tanyş ulgamsyz işleýärler. Mundan diňe Hessen federal ştaty kadadan çykma bolup galýar, çünki ol ýerde polisiýa ýüzden tanamak ulgamyny hakyky wagt tertibinde synagdan geçirýär.