«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda önümli guýularyň jemi 12-siniň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. Bu döwürde burawlaýjylar 67 müň 516 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar. Munuň özi meýilnamanyň 112,5 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Gözleg-gazuw işleri geçirilen ýerasty çuňlugyň 52 müň 90 metri ulanyş maksatly çuňlukdyr. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Burawlaýjylar şu ýylyň başyndan bäri Demirgazyk Goturdepe känindäki 176-njy, 311-nji we 414-nji guýularyň gazuw işlerini öz wagtynda we netijeli tamamlamagy başardylar. Täze guýular tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol gurular häzirki wagtda kadaly önüm berýärler. Ýakynda müdirligiň buraw başlygy A.Isaýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Gündogar Goturdepe känindäki 1 müň 824-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Burawlaýjylar taslama çuňlugy 3 müň 900 metr bolan bu guýynyň aşaky gyzyl reňkli gatlagyndan «gara altynyň» senagat akymyny aldylar. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Bu guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 38,7 tonna «gara altynyň» senagat akymyny berýär. Önümli guýynyň gazuw işlerinde Russiýa Federasiýasynda öndürilen «Uralmaş-3D» kysymly buraw desgasy ulanyldy. Iň bir kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylar has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, ýakyn günlerde Gündogar Goturdepe känindäki 1 müň 825-nji guýynyň gazuw işlerine girişmegi maksat edinýärler.