Indoneziýa awiasiýa pudagynyň gerimini giňeltmek hem-de sebitleriň arasynda ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin ýurtda ýene 39 sany howa menzilini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Vietnam News Agency» (VNA) habarlar agentligi habar berdi. Bu ýurduň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, täze maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi öň bar bolan howa menzilleriniň sanyny 257-den 296-a ýetirmäge mümkinçilik berer. Ulgamyň giňeldilmegi şäheretek we uzak etraplar üçin ulag elýeterliligini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Täze howa menzillerini çylşyrymly tebigy şertlerde – batgalyklarda, daglyk ýerlerde hjem-de uly bolmadyk üzňe adalarda gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň gurluşygynda howpsuzlyga, durnuklylyga, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmaga üns berler. Bul bolsa öz gezeginde ýurduň awiasiýa infrastrukturasynyň uzak möhletleýin ösüşini üpjün eder diýlip, habarda bellenýär.